265 Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýeňsesi bilen görendigi hakda. Jemagat bilen namaz okalanda dykgat edilmeli zatlar

Başy » NAMAZ KITABY » 265 Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýeňsesi bilen görendigi hakda. Jemagat bilen namaz okalanda dykgat edilmeli zatlar

 عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (هَلْ تَرَوْنَ قِبْلَتِي هَا هُنَا ، فَوَاللَّهِ مَا يَخْفَى عَلَيَّ خُشُوعُكُمْ وَلاَ رُكُوعُكُمْ ، إنِّي لأَرَاكُمْ مِنْ وَرَاءِ ظَهْرِي).

 

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir günAllahyň Resuly (s.a.w.): «Men namaz wagtynda diňe şu öňümdäki kyblany görýändirin öýdýärmisiňiz? Maňa siziň rukuwyňyzyň hem, başyňyzy egişiňiziň hem1 görünmän galmaýandygyna Allahdan kasam edýärin. Sizi ýeňsämbilen hem görýärin»diýdi»2.

 

1Müslimiň kitabyndaky şuňa meňzeş rowaýatda: «Sejde edeniňizi hem» diýilýär. Bu ýerde: «Sejde edeňizde başyňyzy egişiňizi hem» diýildigi bolýar.

2Buharynyň şu hadysyň yzysüre beýan edýän rowaýatyndan aňlanyşyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) namazdan soňramünbere çykyp, şu sözleri aýdypdyr we jemagatyň rukuwa,sejdä gidende hem-de namaz okamagyň düzgünlerini ýerine ýetirende goýberýän säwliklerini ýatladypdyr. Müslimiň kitabyndaky rowaýatda: «Namazdan soňra bize tarap öwrülip (münbere çykyp hem bu sözleri aýdyp biljekdigine şübhelenmäge esas ýok): «Adamlar, men siziň ymamyňyzdyryn. Rukuw eden mahalyňyz, sejdä giden mahalyňyz, namazdan çykan wagtyňyz menden öňe düşmäň. Men sizi diňe öňümde däl, arkamda wagtyňyzhem görýärin. Meniň gören zadymy siz hem görseňiz, az gülüp, köp aglajakdygyňyza Muhammediň jany gudrat elinde bolan Allahü tagaladan ant içýärin»diýipdir. Ondan: «Ýa Allahyň Resuly, näme gördüň?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Jennet bilen jähennemi gördüm» diýipdir.

            Bir gezek hem Allahyň Resuly (s.a.w.) namaza duranda: «Saplaryňyzy dogrulaň, saplaryňyzda gyslyşyň. Men sizi ýeňsäm bilen hem görýärin» diýipdir (409-njy we 410-njy hadyslara-da seret).