264 Metjide tüýkürmek günädir we bu günäni ýuwmagyň ýoly
عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (الْبُزَاقُ فِي الْمَسْجِدِ خَطِيئَةٌ وَكَفَّارَتُهَا دَفْنُهَا).
Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Metjide tüýkürmek bir günädir. Onuň hatasyny bolsa üstüni toprak bilen gömmek arkaly ýuwup bolar» diýdi»1.
1«Müsnedi-Ahmet» kitabynda Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a.) adyndan: «Araňyzdan kimde-kim metjide tüýkürse, tüýküligi bir möminiň tenine ýa-da eşigine degip, ony hapalamazy ýaly, gömüp, ýok etsin» diýen hadysyň gürrüň berlişi ýaly, Ebu Dawut hem Ebu Hüreýräniň adyndan: «Bu metjide girip hem tüýkürjek bolan adam ýeri gazyp, şonuň içinde gömsün. Muny beýtmese, lybasynyň içine tüýkürip, soňra özi bilen daşary çykarsyn» diýen hadysy öňküleriň üstüne goşup beýan edipdir.