262 Metjitde mahalyň kybla tarapa tüýkürmegiň gadagandygy hakda
عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ رَأَى نُخَامَةً فِي الْقِبْلَةِ ، فَشَقَّ ذلِكَ عَلَيهِ حتى رُئِي فِي وَجْهِهِ ، فَقَامَ فَحَكَّهُ بِيدِهِ فَقَالَ: ( إنَّ أَحَدَكُمْ إذَا قَامَ فِي صَلاَتِهِ ، فَإنَّهُ يُنَاجِي رَبَّهُ ، وَإنَّ رَبَّهُ بَينَهُ وَبَينَ الْقِبْلَةِ ، فَلاَ يَبْزُقَنَّ أَحَدُكُمْ قِبَلَ قِبْلَتِهِ ، وَلكِنْ عَنْ يَسَارِهِ أَوْ تَحْتَ قَدَمِهِ) ثُمَّ أَخَذَ طَرَفَ رِدَائِهِ فَبَصَقَ فِيهِ ، ثُمَّ رَدَّ بَعْضَهُ على بَعْضٍ فَقَالَ: (أَوْ يَفْعَلُ هَكَذَا).
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün metjidiň kybla tarapdaky diwarynda tüýküligiň bardygyny gördi1. Şol wagt onuň halynyň harap bolandygy üýtgäp giden ýüzünden hem bildirip durdy2. Ol ýerinden turup, öz mübärek eli bilen diwary tüýkülikden arassalady. Soňra: «Her biriňiziň namaz okan wagtyňyz Rebbiňize mynajat edýändigiňiz şübhesizdir. Her kimiň Rebbi özi bilen kyblasynyň aralygyndadyr. Hiç kim namaz okap duran wagty kyblasyna tüýkürmesin3. Mejbur bolanda, ýa çep tarapyna, ýa çep aýagynyň aşagyna tüýkürsin»4 diýdi. Soňra hem mübärek ýapynjasynyň ýakasyny açyp, içine tüýküren ýaly edip: «Ýa-da, ine, şeýle etsin» diýdi5.
1Ymam Buharynyň Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, bu ýagdaý namaz okalyp durka ýüze çykypdyr. Şol rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) jemagata ymamlyk edip, namaz okadyp duran wagty metjidiň kybla tarapynda, ýagny,mihrapda tüýküligiň bardygyny gördi. Ol namaz okap duran ýerinden ony gazap aýyrdy. Namaz okap bolanyndan soňra hem: «Her biriňiz namaz okaýan wagtyňyz Allahü tagala Hezretleri onuň öň tarapyndadyr. Hiç kim namaz okaýan wagty öňüne tüýkürmesin» diýdi. Dogrusyny Allahü tagala biler.
2Nesaýynyň öz kitabyna girizen rowaýatynda: «Şol wagt gahardan ýaňa mübärek ýüzi dym-gyzyl boldy» diýlipdir.
3Tüýkülik, Ybraýym Nahaýy ýaly alymlardan başgalaryna görä, tutuşlygyna arassa bolaýanda-da,metjide, aýratyn hem,kybla tarapa tüýkürmek metjide we kybla goýulmaly hormat bilen bir ýere sygyşmaýandygy üçin gadagandyr. «Süneni-Ebu Dawut» kitabynda beýan edilişine görä, biri (beýlekileriň rowaýatlaryna görä, ensardan bir adam) bir kowuma ymamlyk edýär eken. Şol adam namaz okap duran wagty kybla tarapa tüýküräýenmiş. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) onuň bu eden işini görüp, namazyny tamamlanyndan soňra: «Bu adam size ymam bolmasyn» diýipdir. Şol adam soň bir gezek mihraba geçmek islände, oňa beýle etmäge ýol bermändirler we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle buýrandygyny oňa habar beripdirler. Ol adam hem bu barada Allahyň Resulyndan (s.a.w.) soranda, ol: «Hawa, sen Allahü tagala we Onuň Pygamberine yza berdiň» diýipdir.
Başga bir rowaýatda bu adamyň aýaly Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz ärini ymamlykdan aýyrmagynyň sebäbini bilen badyna eline haluk (arap zagpyranyndan boglan bir desse) alyp, mihraba sürtüpdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol metjide ikinji gezek baranda: «Muny kim etdi?» diýip sorapdyr. Oňa: «Ymamyň aýaly» diýip jogap beripdirler. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Ymamyň günäsini aýalynyň hatyrasy üçin bagyşladym we ymamlygyny gaýdyp berdim» diýipdir.
4Sebäbi sag tarapda edýän gowy işleriňi ýazýan perişde bar. Mysal üçin, Ibn Mesgut (r.a.) namazda däl wagtyň hem sag tarapa tüýkürmegi mekruwh hasaplapdyr. Omar ibn Abdyleziz (r.a.) şeýle etmegi ogluna düýbünden gadagan edipdir. Mugaz ibn Jebel hem (r.a.): «Yslam ýoluna girelim bäri sag tarapyma tüýküren däldirin» diýýär. Ymam Mälik bolsa namazdan başga wagtda beýle etmegi gadagan hasaplamandyr.
5Bu iş ýüzünde görkezmek arkaly tälim bermegiň söz arkaly berlen tälimden has gowudygyna delildir (178-nji hadysa-da seret).