261 Hezreti Omaryň (r.a.) Allahü tagaladan dilän üç zadynyň inişi hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 261 Hezreti Omaryň (r.a.) Allahü tagaladan dilän üç zadynyň inişi hakda

عَنْ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: وَافَقْتُ رَبِّي فِي ثَلاثٍ فَقُلْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ لَوْ اتَّخَذْنَا مِنْ مَقَامِ إِبْرَاهِيمَ مُصَلًّى ، فَنَزَلَتْ: وَاتَّخِذُوا مِنْ مَقَامِ إِبْرَاهِيمَ مُصَلًّى  وَآيَةُ الْحِجَابِ ، قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ لَوْ أَمَرْتَ نِسَاءَكَ أَنْ يَحْتَجِبْنَ ، فَإِنَّهُ يُكَلِّمُهُنَّ الْبَرُّ وَالْفَاجِرُ ، فَنَزَلَتْ آيَةُ الْحِجَابِ ، وَاجْتَمَعَ نِسَاءُ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي الْغَيْرَةِ عَلَيْهِ ، فَقُلْتُ لَهُنَّ: عَسَى رَبُّهُ إِنْ طَلَّقَكُنَّ أَنْ يُبَدَلَهُ أَزْوَاجًا خَيْرًا مِنْكُنَّ ، فَنَزَلَتْ هَذِهِ الآيَةُ.

 

         Omar ibn Hattap(r.a.) şeýle diýipdir: «Men üç zatda Rebbim bilen bir hörpden gopdum1. Bir gezek men: «Ýa Allahyň Resuly, Makamy-Ybraýymy namazgäh hökmünde kabul edäýsek» diýdim2. Şondan soňra:وَاتَّخِذُوا مِنْ مَقَامِ إِبْرَاهِيمَ مُصَلًّى= „Wettehyzuw min Makaami Ibrahyýme musallan” (golaý manysy: «Makamy-Ybraýymy namazgäh ediniň».«Bakara» süresiniň 125-nji aýatyndan) aýaty-kerimesi indi. Hyjap aýaty hem şoňa meňzeş ýagdaýda indi. Men: «Ýa Allahyň Resuly, öz nikaly aýallaryňa hyjaba girmäge buýruk beräýseň. Çünki,olar bilen gowy adam hem, bozuk adam hem gürleşip biler» diýdim. Şol wagt hyjap aýaty iniberdi. Şonuň ýaly-da, bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallary,gysgançlyk edýär bahanasy bilen,oňa garşy çykdylar. Men olara: عَسَى رَبُّهُ إِنْ طَلَّقَكُنَّ أَنْ يُبْدِلَهُ أَزْوَاجًا خَيْرًا مِنْكُنَّ مُسْلِمَاتٍ مُؤْمِنَاتٍ قَانِتَاتٍ تَائِبَاتٍ عَابِدَاتٍ سَائِحَاتٍ ثَيِّبَاتٍ وَأَبْكَارًا= „Asä Rabbühuwww in tallakakünne en ýübdilehuwww ezwäjen haýran minkünne müslimätin müminätin kaanitaatin tääää-ibätin aabidätin sääää-ihatin seýýibätin we ebkäran”(golaý manysy: «Eger Pygamber talagyňyzy berse, Allahü tagala oňa size derek sizden has ýagşy, ýeke-täk hudaýy ykrar edýän, oňa yhlas edýän, namaz okaýan, toba, ybadat edýän, oraza tutýan dul galan maşgalalardan we durmuşa çykmadyk gyzlardan berip biler».«Tahrim» süresiniň 5-nji aýaty) diýdim3. Şol wagt şu aýat indi»4.

 

1Hezreti Omaryň sözleriniň aýatlaryň inmeginden öň aýdylandygyna garamazdan: «Rebbim meniň bilen bir hörpden gopdy» diýmän: «Men Rebbim bilen bir hörpden gopdum» diýmegi,onuň uly edeplilik etdigidir we fykyhdan hem-de ylymdan baş çykarandygynyň nyşanydyr. Ol şeýle diýmek bilen: «Meniň pikirim Rebbimiň,peýda bolmagy belli bir wagta çenli yza çekilipgelnen,ezeli hökümi bilen bir hörpden gopdy» diýmek isleýär.

2Şol ýeri namazgäh diýip yglan etmek,Käbäni togap edileninden soňra şol ýerde iki rekagat namaz okamagy ýola goýmagy aňladýar. Bir pikire görä, bunamaz wajypdyr. Beýlekiler bolsa onuň mustahapdygyny aýdýarlar. Bir dogry pikire görä, Makamy-Ybraýym häzirki döwürde şu at bilen atlandyrylýan mübärek ýer bolup, Ybraýym Halylylla hezretleriniň mukaddes aýak yzynyň şekilini özünde saklap galan daş şol ýerde ýerleşýär. Kurany-Kerimde bize habar berlişine görä, ol hut şu daşyň üstünde durup, adamlary haj etmäge çagyrypdyr. Ýokarda gürrüňi edilen namaz hem beýleki namazlaryň okalyşy ýaly edilip okalýan namazdyr.

3Hyjap aýaty inmezinden ozal,hezreti Pygamberimiz (s.a.w.) zenan maşgalalaryň örtünmezlikleri babatda araplaryň öňden gelýän däplerine zat diýmeýärdi. Şonuň ýaly-da, olaryň bedenlerini örtmekleriniň gowudygy oňa mälimdi. Ýöne özünden bir kanun çykaraýman, wahynyň inmegine garaşmagyny dowam edýärdi. Kurtubynyň beýan etmegine görä, hezreti Omar bu sogaply pikiri aýdan mahaly hem Pygamberleriň Penasy (s.a.w.) ony goldamaga howlukmandyr. Bir pikire görä, hyjap aýaty hijriniň bäşinji, başga bir pikire görä, üçünji, ýene bir pikire görä bolsa, dördünji ýylynda inipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) musulmanlaryň enesi Zeýnep binti Jahş hezretlerine (r.a.) öýlenende toý tutup, onuň Bagtyýar Öýünde iýlip-içilipdir. Myhmanlaryň birnäçesi öýüne gitmän, söhbedi uzaldyp otyrmyş. Musulmanlaryň enesi diwara tarap bakyp oturyşyna olaryň edýän gürrüňleri sebäpli birahat bolýarmyş. Olar gaýtmak hakynda pikir etmänsoňlar, Pygamberimiz (s.a.w.) olary aklyna aýlamak üçin daş çykypdyr. Ol gaýdyp gelende, olar heniz hem gürrüňleşip oturan ekenler. Bu aýatyň inmegine sebäp bolan hem şolmuş.

Hyjap aýaty musulman zenanlaryň hemmesine degişli bolsa-da, musulmanlaryň enelerine,olardan tapawutlylykda,ýüzlerinibilen ellerini hem örtmek parz edilipdir. Hyjap aýaty ineninden soňra Pygamberimiziň (s.a.w.) nikaly aýallaryna ýüzlerini we ellerini görkezmeg-ä beýlede dursun, öýlerinden çykanlarynda kimdiklerini tanatmaga-da rugsat berilmändir. Mysal üçin, Hafsanyň (r.a.) kakasynyň ýogalan gününde,ol kimdigi bilinmez ýaly derejede örtülip, ýas ýerine alnyp barlypdy.

4Her gün ertir namazyny okadanyndan soň, musulmanlaryň eneleriniň hüjrelerine ýekeme-ýeke girip, olardan habar tutmak Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik adatyna öwrülipdi. Hezreti Omaryň gyzy Hafsa (r.a.) biri bir tulum bal sowgat beripdir. Ol her gün irden Allahyň Resuly (s.a.w.) salam berip, gapysyndan girende, ony biraz egläp, bal şerbetini içirer eken. Äşe (r.a.) bolsa,gabanjaňlyk duýgusy sebäpli,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azajyk hem bolsa şol ýerde eglenmegini islemändir. Ol Hadyra atly hebeşi çorusyna: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Hafsanyň ýanyna giren wagty sen hem şol ýere baryp, näme edýänini görüp, soňra maňa habar ber» diýip tabşyryk beripdir. Hadyra gören wakasyny, ýagny,bally wakany aýdyp beripdir. Musulmanlaryň enesi Äşe şol sebäpli gaharlanyp, musulmanlaryň beýleki enelerine: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanyňyza gelende: «Ýa Allahyň Resuly, magarifiň ysy gelýär» diýiň» diýip habar ýollapdyr. Magarif urfut diýip atlandyrylýan arabystan dubunyň bal ýaly süýji, ýöne ýakymsyz ysy bolan şepbigidir. Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa islendik wagt Perişde bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi üçin, üstünden ýaramaz bir ysyň gelmezligi barada köp alada ederdi. Hezreti Pygamberimiz Söwde binti Zemganyň hüjresine girdi. Şondan soňky ýüze çykan ýagdaýy Söwdäniň özi şeýle gürrüň berýär: «Şol sözleri hiç aýdasym gelenokdy, emma soňra Äşeden gorkyma dilime aldym. Men: «Ýa Allahyň Resuly, senden burnuma urýan ys nämäniň ysy? Magarif-ä iýen dälsiň?» diýdim. Ol:«Ýok, ýöne Hafsa maňa bal-a içirdi» diýdi». Soňra ol musulmanlaryň eneleriniň ýanyna birin-birin girip-çykyp, hemmesinden hem ýaňky sözi eşidipdir. Ol iň soňunda Äşäniň ýanyna girende, hezreti enemiz has ynandyrmak üçin burnuny dykypdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Saňa näme bolýar?» diýeninden soňra Äşe: «Ýa Allahyň Resuly, senden magarifiň ysy gelýär. Ýa ony iýäýdiňmi?» diýýär. Ol hem: «Ýok Hafsa maňa balyň şerbetini içirdi» diýip jogap berýär. Şondan soňra Äşe: «Diýmek, şol baly toplan arylar urfut şepbiginden bal alandyrlar» diýýär. Şondan soňra Allahyň Resuly-da: «Ýa Allahym, indi ony bir gezek hem agzyma almaryn»diýip, kasam edip, bal şerbetini içmegi özüne gadagan edipdir. Şondan soňra hem:يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ لِمَ تُحَرِّمُ مَا أَحَلَّ اللَّهُ لَكَ تَبْتَغِي مَرْضَاةَ أَزْوَاجِكَ وَاللَّهُ غَفُورٌ رَحِيمٌ= „Ýäää-eýýühennebiýýü lime tuharrymü määä ahallellahü leke. Tebtegyý marzaate ezwäjike. Wellahü Gafuwrün Rahiýmün”(golaý manysy: «Eý, pygamber, nikaly aýallaryňy razy etmek üçin Allahyň saňa halal eden zadyny näme üçin özüňe gadagan edýärsiň?»(«Tahrim» süresiniň 1-nji aýaty) diýip başlanýan aýaty-kerime inipdir. Allahü tagala halal edeninden soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüne gadagan eden zady baldyr. Hezreti Omar (r.a.) bu wakadan habardar bolanyndan soňra musulmanlaryň eneleriniň ýanlaryna baryp (bu hyjap aýatynyň inmeginden ozal bolup geçen bolsa gerek), olara öwüt-nesihat berip, Pygamber alaýhyssalama garşy dil düwüşmekden, gadyrbilmezlikden olary ägä edipdir. Ol aýdan sözleriniň arasynda-da: «Nä bilýäňiz? Eger siziň talagyňyzy bermek islese, belki Rebbi oňa size derek has haýyrly aýal berer» diýipdi. Bu hakda inen aýaty-kerimede-de şeýle sözler bardyr. Şu waka mynasybetli gürrüň berlen 78-nji hadysa seret.

Hezreti Omaryň (r.a.) Allahü tagala bilen bir hörpden gopan gezegi diňe şular bilen çäklenmeýär. Bu hadysda olaryň diňe üçüsini ýatlamagy olary özi üçin has ähmiýetli hasaplamagy bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkin. Tirmiziniň ygtybarlydygyny ýörite bellemek bilen beýan eden rowaýatyna görä, ibn Omar (r.a.): «Islendik mesele babatda adamlar bir hili, hezreti Omar hem başga hili pikirde bolanda, şol mesele barada Kuranyň Omaryň aýdanyna uýgun bolman inen ýekeje gezegi hem ýokdur» diýipdir. Bu hem şeýle ýagdaýyň köp gezek ýüze çykandygyna şaýatlyk edýär. Hapyz ibn Hajar: «Şular ýaly ýagdaýyň on bäşisini bilýärdik» diýipdir. Süýuty «Tarihül-Hulefa» atly kitabynda olaryň sanyny ýigrimi bire ýetirýär. Bu hadysda beýan edilen üç sany wakadan başga şunuň ýaly wakalaryň käbirini ýatlap geçeliň.

4) «Sahyhy-Müslimde» hyjap bilen Makamy-Ybraýymdan başga-da, Bedir ýesirleri babatda-da şonuň ýaly bir ýagdaýyň gaýtalanandygy beýan edilýär. Bedir söweşinden soňra ýetmişe golaý ýesir ele salnypdy. Olaryň arasynda Pygamberimiziň (s.a.w.) kakasynyň dogany Apbas ibn Abdylmuttalyp bilen Pygamberimiziň (s.a.w.) doganoglany Akyl ibn Ebutalybhem (r.a.) bardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) bular babatda näme etmelidigi barada sahabalar bilen maslahat etdi. Şonda hezreti Ebu Bekr: «Ýa Allahyň Resuly, bular seniň kowumyňyňadamlarydyr. Belki,Ýaradan günleriň bir güni bulara iman baýlygyny berer. Bularyň janlaryna degme-de, sahabalaryň kapyrlara garşy alyp barýan göreşlerinde olara ýardam bolar ýaly, olardan fidýe alyber» diýen pikiri öňe sürdi. Hezreti Omar bolsa: «Bular seni ret etdiler, watanyňdan aýra saldylar. Boýunlaryny bur. Çünki,bular kapyrdyrlar. Ýaradan seni olaryň berjek fidýesine mätäç etmez. Akyly öz dogany Ala, Apbasy dogany Hamza, garyndaşym bolan pylanyny-da maňa ber — boýunlaryny burup taşlalyň» diýdi. Sagt ibn Mugaz hem onuň pikirine goşuldy. Şonda Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna ýüzlenip: «Isleseňiz,bulary öldüriň, isleseňiz,öňde her haýsyna derek bir şehit bermek şerti bilen olardan fidýe alyň»diýdi. Sahabalar şehit bolmagy özlerine nygmat saýyp: «Olardan fidýe almaly» diýen netijä geldiler. Ine, onsoň indiki ýyl Uhut söweşinde şehit bolanlaryň sany ýetmişe ýetip, Allahü tagala Pygamberimiziň (s.a.w.) şertini berjaý edipdi. Bu mesele şeýle çözüleninden soňra:لَوْلَا كِتَابٌ مِنَ اللَّهِ سَبَقَ لَمَسَّكُمْ فِيمَا أَخَذْتُمْ عَذَابٌ عَظِيمٌ= „Lä kitäbün minellahi sabaka le-messeküm fiýhäää ahaztüm azäbün azyýmün” (golaý manysy: «Eger-de,Allahü tagala tarapyndan ozalda höküm ýazylmadyk bolsady, siziň şol ýesirlerden alan fidýäňiz üçin uly bir azaba duçar bolardyňyz».«Enfäl» süresiniň 68-nji aýaty) aýaty-kerimesi inipdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Bekr bilen birlikde gözýaş döküp: «Eger bu azap başymyzdan inen bolsady, onda Omar bilen Sagtdan beýlekilerimiz aman sypmazdyk» diýipdir.

5) Ýene-de ygtybarly bir hadysda beýan edilişine görä, mynapyklaryň ýolbaşçysy Abdullah ibn Übeý ibn Selül ýogalanda,Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň mynasyp sahabalaryň biribolan ogly Abdullahyň döwlen köňlüni seýiklemek üçin,ýogalanyň namazyny okamaga niýet edip, şol namaza sahabalary-da çagyrypdyr. Şonda Omar (r.a.): «Ýa Allahyň Resuly, pylan gün şeýle-şeýle diýen adamyň–Allahü tagalanyň duşmanynyň namazyny okajakmy?» diýipdir. Şondan köp wagt geçmänkä-de:وَلَا تُصَلِّ عَلَى أَحَدٍ مِنْهُمْ مَاتَ أَبَدًا وَلَا تَقُمْ عَلَى قَبْرِهِ= „We lä tüsalli aläää ahadin minhüm mäte ebeden we lä takum alä kabrihi”(golaý manysy: «Hiç wagt ol ikiýüzlüleriň hiç biriniň namazyny okama, gabyrlarynyň başynda-da durma». «Tewbe» süresiniň 84-nji aýatyndan) aýaty-kerimesi inipdir.

6) Omar (r.a.) aragyň bu ymmata haram edilmegini örän arzuw edip, arzuwyny-da hiç kimden gizlemändir we şol arzuwyndan dänmändir. Arak içmek bilen baglanyşyklylykda «Bakara», «Nisa» we «Maide» süresindäki aýatlar yzly-yzyna inipdi. Allahü tagala ýol berse, olar hakda ýene gürrüň ederis.

7) Bir gezek aýaty-kerimeler inip başlapdyr. Şonda: «Müminun» süresiniň 12-nji aýatyndan başlap, şol süräniň 14-nji aýatynyň:ثُمَّ أَنْشَأْنَاهُ خَلْقًا آَخَرَ= „Sümme enşenähü halkan ähara” (golaý manysy:«...Soňra ony başga bir ýaradylyş bilen ynsan halyna getirdik»)diýen ýerine çenli inipdir. Hezreti Omar muny eşideninden soň, Allahü tagalanyň kämil gudratyna haýran galyp: «Ýaradyjylaryň iň ýagşysy bolan Allahörän beýikdir»diýipdir. Aýatyň soňy onuň aýdan şu sözlerine gabat gelipdir.

8) Päkligi Allahü tagalanyň şaýatlyk etmegi bilen tassyk bolan hezreti Äşe enemiz (r.a.) töhmete duçar bolup, myş-myşlar heniz Allahü tagala tarapyndan ýalana çykarylmadyk zamanynda, Allahyň Resuly (s.a.w.) şolar ýaly ýaramaz sözler sebäpli sahabalary bilen maslahat edip, pikir alşan mahaly,hezreti Omar: «Ýa Allahyň Resuly, Äşäni saňa durmuşa çykaran kimdir?» diýip sorady. Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Allahü tagala» diýen jogaby alanyndan soň, hezreti Omar: «Ony saňa beren Allahü tagala Hezretleriniň seni aldadyp biljekdigini heý kelläňe getirip bilersiňmi?» diýip, sözüni: «Allahym! Sen hemme nogsandan azatsyň. Bu uly bir kezzaplykdyr»diýen sözler bilen jemledi. Hezreti Äşäni aklap inen aýatda («Nur» süresiniň 16-njy aýaty) şu sözler hem bardy.

9) Iki adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna biri-biri bilen ýüzleşmäge gelipdirler. Günäkär diýlip yglan edilen tarap, çykarylan höküme kaýyl bolman: «Ýa Allahyň Resuly, bizi Omar ibn Hattaba tabşyr» diýipdir. Allahyň Resuly-da: «Bolýar» diýipdir.

Olar hezreti Omaryň gapysynyň agzyna baryp, ony çagyrypdyrlar. Dawada utan adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dawany onuň haýryna çözendigini we dawagäriniň: «Bizi Omaryň ýanyna iber» diýmegi bilen,bu ýere gelendiklerini habar beripdir. Omar dawada ýeňlenden: «Bu şeýlemi?» diýip sorapdyr. Soňra hem: «Hawa» diýen jogaby alyp: «Men gaýdyp gelýänçäm, duran ýeriňizden butnamaň» diýip, içeri girip, gylyjyny boýnundan asyp gelip, öz ýanyna ibermegini Allahyň Resulyndan (s.a.w.) haýyş eden adama ýüzlenip: «Allahyň Resulynyň hökümine razy bolmaýan adamyň aljak hökümi şudur» diýäge-de, gylyjyny inderip, ony öldüripdir. Beýleki dawagär derrew Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gaçyp gelip: «Ýa Allahyň Resuly, Omar dawagärimi öldürdi» diýipdir. Şonda jenap Pygamberimiz: «Omar bir mömini öldürer diýip oýlamaýardym» diýipdir. Ýöne şobada Allahü tagala Hezretleri:فَلَا وَرَبِّكَ لَا يُؤْمِنُونَ حَتَّى يُحَكِّمُوكَ فِيمَا شَجَرَ بَيْنَهُمْ ثُمَّ لَا يَجِدُوا فِي أَنْفُسِهِمْ حَرَجًا مِمَّا قَضَيْتَ وَيُسَلِّمُوا تَسْلِيمًا= „Felä we Rabbike lä ýüminuwne hattä ýühekkimuwke fiýmä şejere beýnehüm. Sümme lä ýejidüw fiýý enfisihüm harajen mimmä kazaýte we ýüsellimuw tesliýmen”(golaý manysy: «Ýok, beýle däl. Rebbiňden kasam bolsun, olar aralarynda ýüze çykan jedellerde saňa höküm çykardyp, soňra hem seniň çykaran hökümiň bilen ýürekden ylalaşyp, närazylykdan daş bolýançalar, saňa tutuşlygyna boýun bolýançalar, iman getirmezler».«Nisa» süresiniň 65-nji aýaty) aýaty-kerimesini inderip, dawada utulanyň ganyny geçip, eden işiniň günäsini Omaryň boýnundan aýrypdyr.

10) Ýehudylardan bir adam Omara (r.a.) duşanda: «Siziň Pygamberiňize wahy getiren Jebraýylmy ýa-da başga birimi? Eger şol bolsa, onda ol biziň duşmanymyzdyr» diýipdir. Hezreti Omar hem: «Kim Allahü tagala, onuň perişdelerine, pygamberlerine, Jebraýyla we Mykaýyla duşman bolsa, bilip goýsun, Allahü tagala-da şonuň ýaly kapyrlara duşmandyr» diýipdir. «Bakara» süresiniň 98-nji aýaty-kerimesi-de, edil hezreti Omaryň ýokarky sözleri bilen inipdir.

11) Hezreti Omaryň bir hörpden gopmalarynyň biri-de şudur: bir gün bir ýehudy dindary: «Ýer patyşasynyň asman patyşasynyň elinden haly harapdyr» diýipdir. Hezreti Omar hem derrew: «Belki jany bilen hasaplaşmaly bolar» diýip, onuň sözüniň üstüni ýetiripdir. Ýehudy alymy: «Janymy öz gudratly elinde saklaýan Allahü tagaladan ant içýärin, Töwratda-da edil seniň ýaňky aýdan sözleriň bar. Sen Töwratdaky sözleri gaýtaladyň» diýipdir welin, hezreti Omar derrew Allahü tagalanyň edenine şükür edip, başyny sejdä goýupdyr.