260 Sehiw sejdesi hakda. Pygamberler hem ýalňyşyp bilermi? Sehiw sejdesiniň ýerine ýetirilişi

Başy » NAMAZ KITABY » 260 Sehiw sejdesi hakda. Pygamberler hem ýalňyşyp bilermi? Sehiw sejdesiniň ýerine ýetirilişi

 

 عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ مَسْعود رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: صلَّى النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ - قَالَ إبْرَاهِيمُ الرَّاوِي عَـنْ عَلْقَمَـةَ الرَّاوِي عَـنِ ابْـنِ مَسْعُـودٍ: لاَ أَدْرِي زَادَ أَوْ نَقَـصَ - فَلَمَّا سَـلَّمَ قِـيـلَ لَـهُ : يَا رَسُولَ اللَّهِ ، أَحَدَثَ فِي الصَّلاَةِ شَيءٌ ؟ قَالَ: ( وَمَا ذَاكَ). قالُوا: صَلَّيْتَ كَذَا وَكَذَا ، فَثَنَي رِجْلَيهِ وَاسْتَقْبَلَ الْقِبْلَةَ وَسَجَدَ سَجْدَتَينِ ثُمَّ سَلَّمَ ، فَلَمَّا أَقْبَلَ عَلَينَا بِوَجْهِهِ قَالَ: (إنَّهُ لَوْ حَدَثَ فِي الصَّلاَةِ شَيءٌ لَنَبَّأْتُكُمْ بِهِ ، وَلِكَنْ إنَّمَا أَنَا بَشَرٌ مِثْلُكُمْ أَنْسَي كما تَنْسَوْنَ ، فَإذَا نَسِيتُ فَذَكِّرُونِي ، وَإذَا شَكَّ أَحَدُكُمْ فِي صَلاَتِهِ فَلْيَتَحَرَّ الصَّوَابَ فَلْيُتِمَّ عَلَيهِ ، ثُمَّ يُسَلِّمْ ثُمَّ يَسْجُدْ سَجْدَتَيْنِ).

 

         Abdullah ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) ymam bolup, bize namaz okatdy1».

Ibn Mesgudyň sözlerini habar beren Ybraýym Nahaýy,onuň aýdanlaryny habar berip, şu ýere ýetende: «Emma namazy artyk okadanyny ýa-da kem okadanyny bilmeýärin» diýeninden soň, ýene Ibn Mesgudyň sözlerini dowam edipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) eginlerine salam bereninden soň, biri oňa: «Ýa Allahyň Resuly, namaz hakda täze bir wahy ýa-da şoňa meňzeş bir zat indimi?» diýip ýüzlendi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ýok, ony näme üçin soradyň?» diýeninde, ol adam: «Ýa Allahyň Resuly, namazy şeýle, şeýle kyldyrdyň» diýdi2. Şondan soňra Pygamberimiz (s.a.w.) derrew namaz okalanda dyzyňa çökülip oturylyşy ýaly edip oturmak üçin dyzyna çökdi we kybla tarap ýönelip, iki gezek sejde edeninden soňra salam berdi. Ol mübärek ýüzüni bize tarap öwreninden soňra: «Namaz hakda täze bir zat gelen bolsady, onda ony size habar bererdim3. Ýöne men hem siz ýaly bir ynsan. Siziň unudyşyňyz ýaly men hem unudyp bilerin4. Unudan wagtym ony maňa ýatladyň. Araňyzda biri namaz okanda şübhelense, nähili edende sogaba laýyk bolar öýtse5, şonuň ýaly edip namazyny tamamlasyn. Soňra salam berip, şondan soňra hem iki gezek sejde etsin»6diýdi».

 

1Tabaranydaky bir rowaýata görä, bu namaz ikindi namazydy. Bu rowaýata görä, bu gezek dördünji rekagatdan soň bäşinji rekagata galkyp, kadaýy-ahyrany (ahyrky oturyşy) şondan soňa goýupdyrlar. Başga bir rowaýatda bolsa: «Öýle namazydy. Ol hem bäş rekagat kylyndy» diýilýär. Ibn Mesgudyň (r.a.) Buharynyň kitabynda getirilýän başga bir rowaýatynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazyny bäş rekagat edip okadandygy düşündirilýär.

2Bu hadysy-şeribe görä, sehiw sejdesinden ozal ymam bilen oňa uýanlaryň arasynda söz aýdylyşypdyr. Bu sözler namazyň özi hakynda we namazy düzetmek üçin ymamdyr oňa uýýanlaryň haýsysynyň nähili ýagdaýda ýalňyşyp ýa-da bilmän nähili sözler bilen hem-denäçe mukdarda sözleşip biljekdikleri hakynda fykyhçy alymlaryň arasynda köp sanly jedelleriň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Bu wakanyň namazda gürleşmek gadagan edilmezinden öňki zamanda bolup geçendigini subut etmek isleýänler bar bolsa-da, olaryň bu çaklamalary örän gümürtikdir. Sebäbi,Ibn Mesgudyň (r.a.) aýdan başga bir rowaýatynda bu wakanyň öýle namazy wagtynda ýüze çykandygy aýdylýar. Öýle namazy bolsa Magraçdan soňra parz edilipdi. Namazda gürleşmegiň gadagan edilen wagty bolsa Magraçdan has öňki döwre degişlidir. Hebeşistana hijret eden Abdullah ibn Mesgut (r.a.) aralygynda Mekgä dolanyp gelende, namaz okap duran Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanyna baryp, adatdakylary ýaly salam beripdir. Salamy alynmany üçin,Ibn Mesgut hezretleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nämedir bir zat sebäpli özünden öýkeländigini güman edip, gama batypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) diňe namaz okap bolanyndan soň, onuň salamyny alyp, namaz wagtynda gürleşmegiň gadagan edilendigini oňa habar beripdir.

4يَا أَيُّهَا الرَّسُولُ بَلِّغْ مَا أُنْزِلَ إِلَيْكَ مِنْ رَبِّكَ وَإِنْ لَمْ تَفْعَلْ فَمَا بَلَّغْتَ رِسَالَتَهُ= „Ýää-eýýüherresuwlü bellyg määä ünzile ileýke min Rabbike. We in lem tefgal femä bellagte rysälätehuw”(golaý manysy: «Eý resuly-kerim, saňa Rebbiňden näme inse, habar ber!Eger şeýle etmeseň, Onuň ilçiligini ýerine ýetirmedik adam bolarsyň».«Maide» süresiniň 67-nji aýatyndan) aýaty-kerimesiniň hökmi şu sebäp arkaly-da habar berlen bolup çykýar. Hiç bir pygamber inderilen zady gizlemez we ony habar bermäge ýaltanmaz.

5Hezreti pygamberlere (olaryň hemmesine salawat we salam bolsun!) unutmak hem-de ýalňyşmak mahsusmydyr? Olaryň Allahü tagala tarapyndan ýollanan ybadat we amal hökümlerini habar berenlerinde ýalňyşmaklarynyň mümkin däldigi bilen yslam alymlarynyň hemmesi ylalaşýarlar. Sebäbi,höküm habar berlende,bir gezejik ýalňyşmak ýa-da bir zady unutmak beýleki habarlaryň üstüne atanak çekmek üçin ýeterlikdir. Bolan we boljak işler barada gelen wahyny ýa-da özlerinden bir zady habar berenlerinde hem ne sag wagtlary, ne keselli wagtlary, ne parahat, ne-de gaharly wagtlary bilmezlikden ýa-da ýalňyşyp, olaryň öz borçlaryndan daşlaşmaklary mümkin däldir. Habar bermek bilen baglanyşygy bolmadyk amal barada bolsa alymlaryň aýdýanlaryň arasynda gapma-garşylyklar bar. Alymlaryň esasy köplügi derrew wahy arkaly ýa-da başga bir ýol bilen olara mälim edilmekşerti bilen şeýle ýagdaýyň ýüze çykyp biljekdigi bilen ylalaşýarlar. Mysal üçin, hezreti Pygamberimiz (s.a.w.) bilen baglanyşyklylykda birnäçe gezek ýüze çykan unutmak we ýalňyşmak hadysasy onuň: «Meniň unutmagym (ýa-da unutdyrmagym) diňe şerigaty we kadany düşündirmek üçin ýüze çykýar» diýen sözleriniň beýik manysyndan çen tutsaň, onuň öz ymmatyna degişli adamlaryň din hökümlerini unudan ýa-da amalda ýalňyşlyk goýberen wagtlary,olaryň näme etmelidiklerini iş ýüzünde görkezmek manysyna eýe bolýar. Bu hadysyň iň soňunda namazda ýalňyşylan halatynda näme etmelidigi amal arkaly görkezilendir.

6Müslimdäki bir rowaýatda: «Näme etmelidigi hakda kellesine gelen pikirleriň sogaba has ýakynyny saýlap alsyn» diýlipdir. Mundan ymam Şapygy: «Ýakyn bolan iň azyny saýlap alsyn» diýip, Ebu Hanife bolsa: «Öz göwnüne haýsysy jaý bolsa, şony saýlap alsyn» diýip, many çykarýarlar. Bir adam dördünji rekagaty okaýarmykam ýa-da üçünji rekagaty okaýarmykam diýip, öz ýanyndan şübhelense, Ebu Hanife görä, onuň haýsysy göwnüne jaý bolsa, şoňa laýyklykda namazyny tamamlar. Şapyga görä bolsa, bu ýagdaýda özüni üçünji rekagaty okaýan adam hasaplar. Iki mezhebe görä-de,sehiw sejdesi bilen namazyň bu kemçiligi düzeler. Müslimdäki Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilýän: «Biriňiz namaz okaýarka şübhelenip, üçmi ýa-da dört rekagat okanyny bilmese, şübhäni bir ýana taşlap, iň azyna görä namazyny tamamlasyn» diýen hadys Şapygynyň aýdanlarynyň dogrudygyny tassyklaýan ýaly bolup görünýär.

7Namazda goýberilen ýalňyşlyk sebäpli diňe iki gezek sejde etmegiň ýeterlikdigi bilen fykyhçy alymlaryň hemmesi ylalaşýarlar. Ewzaýy bilen Ibn Ebu Leýladan gaýdýan düşünjä görä bolsa, her sehiw üçin iki gezek sejde edilmelidir. Bu babatda bir kemçiliklihadysyň gürrüň berilýändigini Newewi belläp geçýär.

Şonuň ýaly-da, bu wakada sehiw sejdesiniň salamdan soňra ilkinji gezek ýüze çykandygyna görä, sehiw sejdesini salamyň öňüne geçiren Şapygynyň garşysyna bu hadysy delil tutunýarlar. Ebu Hanife görä bolsa, sehiw sejdesi salamdan soňra ýerine ýetirilýär. Ahmet ibn Hanbaldan bu barada üç rowaýat bar. Olaryň birinjisinde sejdeleriň hemmesiniň salamdan öň ýerine ýetirilýändigi aýdylýar. Diňe iki ýagdaý tapawutlandyrylýar: namazyny okamalysyndan az okap, salam beren bolsa we ymam öz göwnüne jaýlap, namazyny tamamlan bolsa, salamdan soňra sejde eder. Ahmet ibn Hanbal bilen baglanyşdyrylýan ikinji bir gürrüňe görä, sehiw sejdeleri salamdan öň ýerine ýetirilýär. Üçünji bir gürrüňe görä bolsa, namaz okamalysyndan az okalany üçin salamdan öň, artyk okalany üçin hem salamdan soň sejde ediler. Ymam Mälik şunuň tarapdarydyr. Ebu Hanifäniň döwürdeşleriniň bolsa hemmesi sehiw sejdesini salamdan soňra ýerine ýetiripdirler (299-njy hadysa-da seret).