259 Sapar wagtynda nepil namazyny münülýän malyň üstünde okamaga rugsat berilýändigi hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 259 Sapar wagtynda nepil namazyny münülýän malyň üstünde okamaga rugsat berilýändigi hakda

عَنْ جَابِرِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصلي على رَاحِلَتِهِ حَيْثُ تَوَجَّهَتْ بِهِ ، فَإذَا أَرَادَ فَرِيضَةً نَزَلَ فَاسْتَقْبَلَ الْقِبْلَةَ.

 

         Jabyr (ibn Abdullah Ensary)(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sapar wagtynda nepil namazyny düýäniň üstünde oturan ýerinde (düýäniň haýsy tarapa barýanlygyna seretmezden) okardy. Parz namazyny okamakçy bolandabolsa, düýeden düşüp, ýüzüni kybla tarap öwrerdi»1.

 

1Ýoldan galmazlyk üçin,münülýän haýwanyň üstünde nepil namazlaryny okamagyň bolýandygy şu hadysy-şerifden görünýär. Ulagyň üstünde yhram tekbirini alan wagtyň kybla döneniňden soň, namaz okaňda ýüzüňi başga tarapa öwürmek namazy bozmaz. Mysal üçin, Jabyryň (r.a.) adyndan: «Pygamber (s.a.w.) meni bir iş üçin ýollapdy. Yzyma dolanyp gelip, seretsem, ol ýükçi düýesiniň üstünde oturan ýerinde sejde etmek niýeti bilen mübärek başyny rukuwa gidendäkiden biraz aşak inderibräk gündogar tarapa seredip, namaz okaýan ekeni» diýip rowaýat edilişi ýaly, Müslim, Ebu Dawut we Nesaýy dagylar Ibn Omaryň (r.a.): «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) eşegiň üstünde oturan ýerinde Haýbara tarap ýüzüni öwrüp, namaz okanyny gördüm» diýen sözlerini rowaýat edýärler. Parz namazy okalanda bolsa,kybladan ýüz öwürmezligiň wajypdygyna-da şu hadys delildir. Bu babatda fykyhçy alymlar bir netijä gelipdirler. Diňe howp abanan wagtynda kybladan başga tarapa bakmaga rugsat berlipdir. Ulagly barýan adamyň, hatda pyýada sapara çykan adamyň nädip namaz okap biljekdigi barada alymlaryň arasynda köp sanly maýda jedeller bar.