257 Käbäniň her bir tarapynyň kybladygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 257 Käbäniň her bir tarapynyň kybladygy hakda

 

 عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: لَمَّا دَخَلَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ الْبَيْتَ ، دَعَا في نَوَاحِيهِ كُلِّهَا وَلَمْ يُصَلِّ حتى خَرَجَ مِنْهُ ، فَلَمَّا خَرَجَ رَكَعَ رَكْعَتَيْنِ فِي قُِبُْلِِ الْكَعْبَةِ وَقَالَ: (هذِهِ الْقِبْلَةُ).

 

       Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbä girende1 hemme tarapyna bakyp, doga okap, şol ýerden çykýança namaz okamady2. Daşary çykanyndan soňra Käbäniň öňünde durup3, iki rekagat namaz okady we: «Ine, kybla şudur» diýdi».

 

1Diýmek, Käbäniň içine girmek bolýar eken. Şonuň bilen birlikde-de,haj eden adamyň Käbäniň içine girip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetine eýermek bilen,şol ýerde iki rekagat namaz okamagy, Käbäniň içine aýakgap we mesili girmezligi we Hijriň hem Käbäniň dowamy bolup durýany üçin,şol ýere-de hormat hökmünde aýakýalaňaç girmegi sogapdyr.

2Ibn Apbasyň (r.a.) bu rowaýaty Käbäniň içinde namaz okalmandygyny habar berýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýolbaşçylygynda Bilal (r.a.) bilen birlikde Käbäniň içine giren Usama ibn Zeýdiň (r.a.) adyndan habar berilýän bir rowaýatda hem şol ýerde namaz okamagyň gadagandygy aýdylýar. Ýöne Buharynyň Ibn Omaryň (r.a.) adyndan rowaýat edýän ýene bir rowaýatyna görä, ol ,Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbeden çykanyndan soň, Bilalyň Käbäniň gapysynyň agzynda aýak üstünde durandygyny görüpdir. Ibn Omar (r.a.) ondan: «Käbäniň içinde namaz okadymy?» diýip sorapdyr hem-de: «Hawa, gapydan gireniň çep tarapynda bolup çykýan iki diregiň arasynda durup, iki rekagat namaz okanyndan soň, daşary çykyp, Käbäniň öňünde (ýagny,Makamy-Ybraýymda) iki rekagat namaz okady» diýen jogaby alypdyr. Käbä girmek bilen baglanyşykly wakanyň iki gezek ýüze çykan bolmagy hem ähtimaldyr.

Darakutnynyň Ibn Apbasyň adyndan habar beren bir rowaýatynda şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbäniň içine girip, iki diregiň arasynda iki rekagat namaz okady. Soňra daş çykyp, Käbäniň gapysy bilen gara daşyň arasynda iki rekagat namaz okap: «Kybla, ine, şudur» diýdi. Soňrabir gezek hem Käbä girip, aýak üstünde doga edeninden soň, namaz okaman daşary çykdy». Bu rowaýatyň ahyrky bölegi bilen şu kitapda ýerleşdirilen hadysyň arasynda belli bir derejede meňzeşlik bar. Eger şular ýaly waka birden kän gezek ýüze çykan bolsa, onda bu rowaýatlardan goldanmakda kynçylyk ýüze çykmaz. Ýöne bu rowaýatlarda gürrüň diňe bir waka hakynda gidýän bolsa, onda Bilalyň tassyklan rowaýaty bilen amal edilse, gowy bolar.

Usama ýaly,käbir adamlaryň şu pikirde bolmaklarynyň öz sebäbi bar. Olar Käbäniň içine girip, gapyny öpüpdirler we doga okamak bilen meşgul bolupdyrlar. Bilal bolsaAllahyň Resulynyň (s.a.w.) ýakynyndady. Soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okandygyny onuň golaýynda duran Bilal görüpdir. Ondan daşda duran Usama muny görmändir. Gapy ýapyk duransoň içeri alagaraňky bolupdyr. Allahyň Resuly-da namazy sessiz okapdyr. Usama bolsa bütin durky bilen doga etmäge berlipdir. Şonuň üçin hem ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okamandygyny aýdyp biler. Dogrusyny Allah biler. Gepiň keltesi, Käbäniň içinde namaz okamaga rugsat berilmegi bilen baglanyşykly mesele jedelli meseledir. Ýöne ibn Omaryň (r.a.) Bilalyň (r.a.) adyndan getiren sözleri Käbäniň içinde parz namazyny hem, nepil namazyny hem okamagyň dogry däldigini aýdýan Ibn Jerir Tabarynyň pikiriniň ýalňyşdygynyň subutnamasydyr.

Ymam Mälige görä, şol ýerde namaz okamaga rugsat berilse-de, parz bolan namazy we wajyp hasaplanylýan iki rekagat togap namazy okalyp bilinmez. Eger beýle namazy okaýan kişi bar hem bolsa, şol namazy wagty geçmänkä täzeden okar.

Ebu Hanife bilen Şapyga görä bolsa, şol ýerde parz namazyny-da, nepil namazyny-da okap bolar (294-nji hadysa-da seret).

3Käbäniň öňünde diýlip, mälim edilen ýeriň Makamy-Ybraýymyň gabat garşysydygyny aýdanlaryň bar bolşy ýaly, Käbäniň gapysy bilen gara daşyň aralygyndaky ýerdir diýýän-de bar. Ýöne Käbäniň adama bakyp duran islendik tarapy kybladyr.