256 Allahyň Resulynyň (s.a.w) umra hajyny ýerine ýetirişi

Başy » NAMAZ KITABY » 256 Allahyň Resulynyň (s.a.w) umra hajyny ýerine ýetirişi

 

    عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّهُ سُئِلَ عَنْ رَجُلٍ طَافَ بِالْبَيْتِ لِلْعُمْرَةِ ، وَلَمْ يَطُفْ بَيْنَ الصَّفَا وَالْمَرْوَةِ ، أَيَأْتِي امْرَأْتَهُ ؟ فَقَال: قَدِمَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَطَافَ بِالْبَيْتِ سَبْعاً ، وَصلى خَلْفَ المَقَامِ رَكْعَتَيْن ِ، وَطَافَ بَيْنَ الصَّفَا وَالْمَرْوَةِ ، وَقَدْ كانَ لَكُمْ في رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ.

 

         Ibn Omardan (r.a.): «Eger bir adam umra niýeti bilen Käbäni togap edip hem Sapa bilen Merwäniň aralygynda ylgamadyk ýagdaýynda yhramdan çykyp, aýalyna ýakynlaşyp bilermi?» diýip sorapdyrlar1. Ol hem: «Allahyň Resuly (s.a.w.) umra üçin Mekgä baranda, Käbäni ýedi gezek togap etdi we Makamy-Ybraýymyň (Käbede saklanýan bir daş) arka tarapynda durup, iki rekagat namaz okap, Sapa bilen Merwäniň aralygynda ylgady. Allahyň Resuly (s.a.w.) siziň üçin ajaýyp bir nusgadyr» diýip jogap beripdir2.

 

1Bu soragy beren rawy Amr ibn Dinar bilen onuň arkadaşlarydyr.

2Buharynyň kitabynda bu hadysyň ahyrky bölegi hökmünde rawynyň: «Jabyr ibn Abdullah hem bu soragy berdik. Ol: «Sapa bilen Merwäniň arasynda ylgamazdan, aýalyňa golaýlaşmarsyň» diýip jogap berdi» diýen sözleri getirilýär.