254 Allahyň Resulynyň (s.a.w) sejde edişi
عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ مَالِكِ بْنِ بُحَيْنَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ إذَا صَلَّى فَرَّجَ بَينَ يَدَيهِ ، حتى يَبْدُوَ بَياضُ إبْطَيْهِ.
Abdullah ibn Mälik Ibn Buhaýna1(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okan wagty sejde edende, goltuklarynyň aklygy görünjek derejede2 elleriniň arasyny açyp, mübärek göwresini ýerden daşda tutardy»3.
1Buhaýna binti Harys ibn Muttalyp diýen zenan Abdullah ibn Mälik hezretleriniň ejesidir. Onuň ejesi-de sahabadyr (r.a.).
2Mälim bolşuna görä, ynsanyň goltugynyň asty ak bolýan däldir. Ýöne ýigrimi-otuz sahabanyň adyndan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sejde edişini beýan etmek üçin gürrüň berlen dürli-dürli hadyslarda onuň goltugynyň aşagynyň akdygy aýdylýar. Hapyz Ebu Nugaým: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) goltugynyň aşagynyň ak bolmagy pygamberlik alamatlaryndan biridir» diýýär.
3Beýan edilen bu görnüşe tejnih, ijtinäh, tejennuh, jahh we tejhiýe diýilýär. Asym Ependiniň terjime eden «Kamus» atly kitabynda tejnih sözi unudylan bolsa-da, ijtinäh sözi has jikme-jik, beýlekileri-de oňa görä birneme gysgaça beýan edilýär. Asym Ependi şeýle diýýär: «...We ijtinah diýip, namaz okaýan adamyň sejde edende iki eliniň aýalaryna çöküp, gollaryny ýere degirmänräk tirseklerini ýokary galdyryp we goltuklaryny göwresiniň iki tarapyna gysmanrak, ony ganat ýaly edip tutmagyna aýdylýar. Şerigat buýruklarynda-da şeýle diýilýär». Bu hadysy Buharydan başga Müslim, Leýs, Tirmizi, Hakym, Ebu Dawut, Darakutny, Ahmet ibn Hanbal we Ibn Hüzeýme dagynyň her biri dürli ýollardan rowaýat edipdirler. Musulmanlaryň enesi Meýmüwneden (r.a.) gaýdan bir rowaýatda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sejde-de wagty bir guzy, islese, goltuklarynyň arasyndan geçip bilerdi», ýene bir rowaýatda: «Ol elleriniň arasyny şeýle bir açardy welin, arka tarapyndan seredene goltuklarynyň agy görnerdi», ýene başga bir rowaýatda-da: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sejde edende tirseklerini göwresinden şeýle bir daş tutmaga çalşardy welin, onuň çekýän zähmetinden ýüregimiz syzlardy» diýlipdir. Şeýle görnüşde sejde etmegiň manysy onuň tabynlygyňy bildirmäge has amatly we maňlaýyň ýere has sagdyn ýapyşmagyna sebäp bolmagyndan hem-de ýaltalykdan daşlaşdyrýandygyndan ybaratdyr. Zenanlarwe özlerinde iki jynsyň hem alamatlary bolanlar bolsa,olar ýaly ýazylyp ýaýramazlar. Olar seždä gidenlerinde agzalaryny biri-birine gysmyljyradarlar. Bu örtünene has oňat ýaraşyk berýän we seresaply bolmaga has oňat ýardam berýän bir görnüşdir. Şonuň ýaly-da, namaz okaýana nähili edende aňsat bolsa, şonuň ýaly sejde etmäge-de rugsat berlipdir. Mysal üçin, Ibn Omar (r.a.) şu mesele bilen özüne ýüz tutan adama: «Nädeňde aňsat bolsa, şonuň ýaly sejde et» diýipdir.