253 Mesiniň üstüne mesh etmäge rugsat berilýändigi hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 253 Mesiniň üstüne mesh etmäge rugsat berilýändigi hakda

    عَنْ جَرِيرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّهُ بَالَ ثُمَّ تَوَضَأَ وَمَسَحَ على خُفَّيْهِ ، ثُمَّ قَاَمَ فَصَلَّى ، فَسُئِلَ فَقَالَ: رَأَيتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَنَعَ مِثْلَ هذَا ، فَكَانَ يُعْجِبُهُمْ ، لأَنَّ جَرِيراً كَانَ مِنْ آخِرِ مَنْ أَسْلَمَ.

 

       Jerir ibn Abdullah (Bejeli)(r.a.) bilen baglanyşykly şeýle bir rowaýat edilýär. Ol bir gezek kiçi täretini bozanyndan soňra (buşuganyndan soňra) täret alypdyr we mesisiniň üstüne mesh edipdir. Soňra ýerinden turup, namaz okapdyr. Ondan näme üçin beýle edendigini soranlarynda1: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edendigini gördüm» diýip jogap beripdir.

Bu hadysy beýan eden rawy2: «Bu hadys olaryň örän hoşuna3 gelerdi. Çünki,Jerir (sahabalaryň arasynda) iň soňky musulman bolanlaryň biridir»4diýipdir.

 

1Bu soragy beren adam Jeririň beýle edendiginiň şaýady bolan Hemmam ibn Harysdyr. Bu sowaly ol Jeririň mesisiniň üstünden mesh etmegine närazydygyny aňlatmak üçin beripdir.

2Bu rawy şu hadysy-şeribi Hemmam ibn Harysdan eşidip, beýan eden Ybraýym Nahaýydyr.

3«Olaryň hoşuna gelerdi» diýilýän sözler Abdullah ibn Mesgudyň sahabalary hakynda aýdylandyr. Jeririň bu rowaýaty mesiniň üstüne mesh etmegi sünnet diýip kabul eden Abdullah ibn Mesgudyň sahabalaryny örän şatlandyrýardy.

4Jerir (r.a.) yslam dinini Allahyň Resulynyň (s.a.w.) wepat bolan ýyly kabul edip, ol bu wakanyň «Maide» süresi ineninden soňra ýüze çykandygyny köp sanly rowaýatlarda habar berýär. Şuňa esaslanyp, bu beýik sünnetiň:يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آَمَنُوا إِذَا قُمْتُمْ إِلَى الصَّلَاةِ فَاغْسِلُوا وُجُوهَكُمْ وَأَيْدِيَكُمْ إِلَى الْمَرَافِقِ وَامْسَحُوا بِرُءُوسِكُمْ وَأَرْجُلَكُمْ إِلَى الْكَعْبَيْنِ= „Ýäää-eýýühelleziýne ämenuwww izä kumtüm ilessaläti fagsiluw wüjwheküm we eýdiýeküm ilel-meraafiky wem-sehuw bi-rü-uwsiküm we erjüleküm ilel-kagbeýni” (golaý manysy: «Eý iman getirenler, namaz okamakçy bolanyňyzda ýüzüňizi, tirsekleriňiz bilen birlikde elleriňizi ýuwuň we başyňyzy mesh edip, topuklaryňyz bilen birlikde aýaklaryňyzy ýuwuň».«Maide» süresiniň 6-njy aýatyndan) aýaty-kerimesi bilen ýatyrylandygyny tassyklaýanlaryň sözüniň ýalňyşdygyna Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hereketini Jeririň bu aýat inenden soňra synlandygy hem delil bolup durýar. Mesiniň üstüne mesh etmek barada aýdylan sözleriň ýaýrawynyň giňdigini sözleýänler köp. Ahmet ibn Hanbal otuz ýedi, hatda kyrk sany sahabanyň muny rowaýat edendigini habar berýär. Ibn Ebu Hatym bu sany kyrk bire ýetirýär. Ibn Abdylber: «Bedir söweşine gatnaşanlaryň, Hudeýbiýe şertnamasyny baglaşanlaryň hemmesi, beýleki muhajirler we ensar hem-de gaýry sahabalar, tabygynlar, uly şäherleriň şerigatçy alymlary, ylym we eser eýeleri mesiniň üstüne mesh edipdirler. Muny inkär eden musulmanlardan hem däldir» diýýär. Bedaýy-da: «Mesiniň üstüne mesh etmek ähli şerigatçy alymlaryň we sahabalaryň arasynda ýol bererlik iş hasaplanypdyr. Diňe Apbasdan (r.a.) onuň gadagandygyna degişli bir eser rowaýat edilýär. Bu hem raafyza pyrkasynyň agzalarynyň sözüdir» diýeninden soň, Hasan Basrynyň: «Sahabalardan hem-de Bedir söweşine gatnaşanlardan ýetmiş adamy görmäge ýetişdim. Olaryň hemmesi-de mesiniň üstüne mesh etmegi dogry hasaplaýardylar» diýen sözlerini getirýär. Ebu Hanife (Allahü tagala oňa rehmet etsin!) munuň sünnetdigine ynanmagy sünni bolmagyň şertlerinden biri hasaplap: «Olardan (ýagny ol şertlerden) biri Şeýhaýny, ýagny,Ebu Bekr bilen Omary (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!) beýlekilerden ýokarda tutmakdyr, Hateneýni, ýagny,Osman bilen Alyny (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!) söýmekdir we mesiniň üstüne mesh etmegi dogry hasaplap, desti nebizini, ýagny,müsellesi halal hasaplamakdyr» diýipdir.

Nebiz hakynda beýleki sünnüleriň Ebu Hanife bilen ylalaşmandygy bellidir.

140, 152, 153, 154, 155-nji hadysalara-da seret.