252 Aýakgaply namaz okamaga rugsat berilýändigi hakda. Bu meselä degişli rowaýatlar we alymlaryň aýdanlary
وَعَنْهُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أَنَّهُ سُئِلَ: أَكَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصلي فِي نَعْلَيهِ ؟ قَالَ: نَعَمْ.
Enesden (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) aýagy aýakgaply namaz okarmydy?» diýip soranlarynda1, onuň: «Hawa» diýip jogap berendigi rowaýat edilýär2.
1Bu soragy beren rawy Ebu Mesleme Sagyt ibn Ýezit Ezdidir.
2Bu hadysy-şeribiň aýakgabyňy çykarman namaz okamagyň bolýandygyna delil bolşy ýaly, şundan soňra geljek hadyslaryň kämilligine-de delil bolup durýar. Ebu Dawut «Sünen» atly kitabynda Allahyň Resulynyň: «Ýehudylaryň tersine hereket ediň. Olar aýakgaply we mesili namaz okamazlar» diýendigini rowaýat edişi ýaly, şol kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.): «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýakýalaňaç-da, aýakgaply hem namaz okan halatlaryny gördüm» diýendigini hem gürrüň berýär. Tabarany-da Alkama ibn Mesgudyň adyndan şeýle bir rowaýaty beýan edýär: «Ibn Mesgut bir gezek Ebu Musa Eşgarynyň öýüne zyýarata gelipdi. Namaz wagty boldy. Ebu Musa öz myhmany Ibn Mesguda garap: «Ýa Ebu Abdyrahman, ymam bol, seniň ýaşyň meniňkiden has uludyr hem-de seniň alymlygyň has ýokarydyr» diýdi. Ol hem: «Ýok, sen ymam bol. Biz seniň öýüňe geldik» diýip jogap berdi. Şondan soňra Ebu Musa öňe geçdi we aýakgabyny çykardy. Namazdan soňra Ibn Mesgut: «Aýakgabyňy näme üçin çykardyň? Näme sen Wadyýy-Mukaddesdemisiň? Allahyň Resulynyň (s.a.w.)mesili we aýakgaply namaz okap durandygyny görenime ant içýärin» diýdi». Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!
Ýöne aýakgap bilen namaz okamak üçin,onuň arassa bolmagy şertdir. Aýakgabyň bir ýerinde hapa bar bolsa, şol hapany aýranyňdan soňra namaz okap bolar. Käbirleri hapanyň üstünden basan adamyň ony toprak bilen süpürip aýryp, namaza durup biljekdigi bilen ylalaşsalar hem, Ebu Hanife bilen Mälige görä, aýakgaba ýelmeşen hapa diňe suw bilen tämizlenip bilner. Eger hapa gury bolsa, toprak bilen arassalamak ýeterlikdir. Şapyga görä bolsa, isle mesi-de, isle-de aýakgapda bolsun, tapawudy ýok, ähli hapa diňe suw bilen tämizlenilip bilner.