251 Yssy ýa-da sowuk sebäpli köýnegiň bir ujuny sejde etjek ýeriňe ýazmaga rugsat berilýändigi hakda
عَنْ أَنَس رََضَِي الله عَنْهُ قَالَ: كُنَّا نُصلى مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَيَضَعُ أَحَدُنَا طَرَفَ الثَّوْبَ مِنْ شِدََّةِ الحَرِّ ، فِي مَكَانِ السُّجُودِ.
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okardyk. Käbirlerimiz güýçli yssy sebäpli,köýneginiň bir ujuny sejde etjek ýerine ýazardy»1.
1Müslimiň kitabyndaky rowaýatda: «Köýnegini ýazyp, onuň üstüne sejde ederdi» diýlişi ýaly, Ibn Ebu Şeýbäniň toplan bir rowaýatynda: «Güýçli yssy we sowuk sebäpli» diýen sözler hem bar. Yssynyň we sowugyň güýçli döwürlerinde egniňdäki köýnegi namaz okaňda ýazyp, şonuň üstüne sejde etmegiň bolýandygy bilen ylalaşan Ebu Hanife, Mälik, Ahmet ibn Hanbal we Yshak ibn Rahuýa dagy bu hadysa daýanýarlar. Olaryň pikiri hezreti Omaryň (r.a.) pikiri bilen gabat gelýär. Ybraýym Nahaýy, Ata, Müjähit dagy hem şu pikirde bolup, Hasan Basry-da: «Muňa gadagançylyk ýok» diýipdir. Ibn Münzir bu pikirde bolanlaryň arasynda Şagby, Tawus, Ewzaýy, Nahaýy, Zühri, Mekhuwl, Mesruk, Şuraýh ýaly alymlaryň atlaryny tutýar. Ymam Şapygy bolsa Hapbabyň (r.a.): «Daşlaryň gyzgynlygy zerarly maňlaýymyzda peýda bolan yza barada Allahyň Resulyna (s.a.w.) şikaýat edenimizde, ol nähili çäre görmelidigini habar bermedi» hadysyny we: «Rebah, maňlaýyňy topraga oýka» görnüşdäki hadysy-şeribi delil tutunyp, bulara garşy çykýarlar hem-debu hadysda gürrüňi edilýän köýnegiň egne geýilmedik aýratyn bir köýnekdigini ýa-da namaz okaýanyň egninde bolsa-da, onuň eli bilen hereketlendirilmeýändigini aýdýarlar.