250 Hezreti Äşe (r.a.) kybla tarapynda ýatan mahaly Allahyň Resulynyň (s.a.w) oňa tarap garap namaz okamagy we şu ýagdaý bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

Başy » NAMAZ KITABY » 250 Hezreti Äşe (r.a.) kybla tarapynda ýatan mahaly Allahyň Resulynyň (s.a.w) oňa tarap garap namaz okamagy we şu ýagdaý bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

 وَعَنْهَا رَضِيَ الله عَنْهَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ يُصلى ، وَهِي بَينَهُ وَبَينَ الْقِبْلَةِ ، عَلَى فِرَاشِ أَهْلِهِ اعْتِرَاضَ الْجِنَازَةِ.

 

         Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen onuň kyblasynyň (ýagny,sejde etjek ýeri) aralygynda we ikimiziň bile ýatýan düşegimizde jynaza ýaly (sagyndan soluna tarap) uzalyp ýatan wagtym ol namaz okardy»1.

 

1Bu hadysy-şerif bir maksada gulluk edip, bir mana eýe bolmak bilen birlikde,dürli-dürli görnüşde hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan gürrüň berlipdir. Olaryň birinde: «Bütin gije namazyny garşysynda uzalyp ýatan ýagdaýymda okardy», beýlekisinde: «Düşegiň üstünde özi bilen kyblasynyň arasynda ýatan ýagdaýymda... käte işim çykardy-da, ýerimden turamda onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmazlyk üçin, aýaklarynyň öňünden bir tarapa süýşenekläp, soňra ýerimden turardym», ýene birinde-de: «Garşysynda we aýbaşym gelip duran wagtynda...» diýen sözleriň gabat gelşi ýaly, käte: «Onuň geýen köýnegi sejdä giden wagty aýbaşym gelip duran ýagdaýynda maňa degerdi» diýen sözler bilen hem beýan edilipdir. «Süneni Ebu Dawut» kitabynda duş gelýän rowaýatda-da waka doly gürrüň berleninden soňra: «Iň soňunda witir namazyny okamak islän wagty ony oýandyrardy we Äşe-de (r.a.) witir namazyny okardy» diýilýär. Ýene-de Ebu Dawut bilen Ibn Majedäki bir jümlede: «Witir namazyny okamakçy bolanda,oňa: «Bir gyra çekil»diýerdi» diýlipdir. Mundan öňki hadysa berlen düşündirişlere-de seret.