249 Hezreti Äşäniň (r.a.) aýaklaryny kybla tarapyna uzadyp ýatan mahaly, Allahyň Resulynyň (s.a.w) oňa tarap garap namaz okamagy. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler we alymlaryň jedelleri
عَنْ عَائِشَةَ زَوْجِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ رَضِي الله عَنْهَا أَنَّهَا قَالَتْ: كُنْتُ أَنَامُ بَينَ يَدَي رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَرِجْلاَي فِي قِبْلَتِهِ ، فَإذَا سَجَدَ غَمَزَنِي فَقَبَضْتُ رِجْلَي ، وَإذَا قَامَ بَسَطْتُهُمَا ، قَالَتْ: وَالْبُيُوتُ يَؤْمَئذٍ لَيسَ فِيهَا مَصَابِيحُ.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanýoldaşy, musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) garşysynda aýaklarymy kyblasyna (ýagny,sejde etjek ýerine) goýup ýatardym1. Ol sejde etjek bolanda,eli bilen meni dürterdi2. Men hem aýaklarymy çekip alardym. Ol sejdeden turan wagty ýene aýaklarymy uzadardym3. O zamanlarda öýlerde yşyk ýokdy»4.
1Namaz okap duran adamyň garşysynda zenan maşgalanyň ýatmagy namazy bozmaýan bolsa, onuň öňünden geçmesi-hä asla-da bozmaz. Soňky we öňki alymlaryň hemmesiniň,şol sanda üç ymamyň, ýagny,Ebu Hanifäniň, Mäligiň hem-de Şapygynyň pikiri-de şonuň ýalydyr. Käbirleri bolsa zenanyň, eşegiň, köpegiň namaz okap duran adamyň öňünden geçmeginiň namazy bozjakdygy hakdaky pikire uýýarlar. Ymam Ahmet ibn Hanbal bolsa: «Gara köpek geçäýse, namazy bozar, emma eşek bilen zenan hakynda içimde biraz şübhe bar» diýipdir. Bu hadysy-şerif bilen ibn Apbasyň adyndan aýdylan 68-nji, Ebu Juhaýfe Söwaýynyň adyndan aýdylan 143, 246, 303-nji we Äşäniň (r.a.) adyndan aýdylýan 309-njy hadyslary, şonuň ýaly-da: «Hiç bir zat namazy bozmaz. Ýöne eliňizden geldiginden garşyňyzda siziň ünsüňizi bölüp biljek zatlaryň bolmazlygyna çalşyň» diýen hadysy-şerif alymlaryň esasy köplüginiň pikiriniň dogrudygyny aýtmaga mejbur edýär. Ýokarda ady agzalan üç zadyň namazy bozýandygy hakyndaky hadyslar hem bar. Beýle diýilmeginiň sebäbi,adamyň kalbyndaky bolup geçýän zatlar bilen baglanyşyklydyr. Ýüregi bilen berlip namaz okamaýan adamyň ünsüni zenan maşgala özüne çekip biler. Eşek aňňyrar, köpek howsala düşürer. Diýmek, pitne howpy ýüze çykan halatynda,olaryň namaz okaýanlaryň öňünden geçmegi gowy görülmese-de, hakykatda,olar namazyň dürs bolmagyna päsgel berip biljek zatlar dälmiş.
Ikinji mesele: uklap ýatan adamyň garşysynda durup, namaz okap bolarmy? Bu hadysa görä, bu bolup biljek zat. Käbirleri bolsa muny mekruwh hasaplap: «Ýatanyň, gürleşýäniň bäri tarapynda durup namaz okalmaz» diýen hadysy delil tutunýarlar. Ýöne bu hadys ygtybarly däldir. Ýene Ibn Omaryň (r.a.) gürläp duran adamyň ýanynda namaz okamandygy, aralarynda namaz okap duran adam bar wagty iki adamyň gürleşmegini Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan edendigi hakyndaky hadys hem ygtybarsyz hasaplanýar. Beýle edilmeginiň hukuk bilen baglanyşykly tarapy bolup, kalbyň başga zat bilen meşgul bolan ýagdaýynda okalan namazyň özi dürs bolsa-da, sogaby kem bolar. Beýleki bir tarapyndan seredeniňde bolsa, namaz okap durkaň kalbyň meşgul bolanyndan, dünýäni unutmagyň has gowudygy öz-özünden düşnüklidir. Hatda hezreti Omar (r.a.) bir adamyň beýleki bir adamyň garşysynda durup namaz okandygy üçin olaryň ikisine-de ýumruk urupdyr.
Üçünji mesele: ýorgan, halyça, haly, keçe ýaly zatlaryň üstünde namaz okalyp bilnermi? Bu hadysa görä, bu bolup biljek zat. Ebu Hanife bile Şapygynyň pikirleri-de şunuň ýalydyr. Ebu Derda (r.a.) bilen Ebu Waýyl, Şakyk ibn Seleme, Ata, Sagyt ibn Jübeýr dagy hem halynyň, keçäniň üstünde namaz okamagy gadagan hasaplamandyrlar. Ibn Apbas (r.a.) keçäniň üstünde-de, juluň üstünde-de, Kaýs ibn Ubat münýän haýwanynyň üstüne ýapylan keçäniň üstünde-de, Omar ibn Abdyleziz, Jabyr ibn Abdylla, Aly ibn Ebutalyp, Ebu Derda, Abdullah ibn Mesgut (r.a.) dagy hem juluň üstünde namaz okapdyrlar. Ýöne Ibn Sirin, Ibn Müseýýepýaly halynyň üstünde namaz okamagy soňky çykan zat hasaplap, ony mekruwh hasaplanlar hem bardyr. Urwa ibn Zübeýr, Jabyr ibn Zeýt, Ibn Mesgut (r.a.) toprakdan başga zadyň üstünde namaz okamagy gowy görmezdi. Ebu Bekr (r.a.) eýeriň aşagyndan ýapylýan ýapynjanyň üstünde namaz okamagy gadagan edipdir. Ymam Mäligiň: «Namaz okaýan adam maňlaýyny ýere degreninden soňra ýüň, gyl kimin zatlaryň üstünde dursa, oňa gadagançylyk ýokdur» diýen sözlerine bakylsa, onuň haly, gaýyş, jul ýaly zatlaryň üstünde namaz okamagy halamadyk Ybraýym we Eswet Nahaýy hem-de beýlekileriň pikirini goldamaga meýil edendigi aňlanylýar. Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w.) halyçanyň üstünde namaz okandygyny Ibn Apbas (r.a.) gürrüň berýär.
2Erkek bilen aýalyň birek-biregini ellemeginiň täreti bozýandygy bilen ylalaşýan Şapygynyň mezhebine eýerýänlere bu hadysy delil tutanyp hem garşy çykýarlar. Olar bolsa: «Arada belki bir tuty bolandyr ýa-da zenan maşgalany elläni bilen täretiniň bozulmazlygy Pygamberimiziň (s.a.w.) diňe özüne mahsus aýratynlyk bolmagy mümkin» diýip düşündirmäge çalyşýarlar.
3Musulmanlaryň enesi hezretleriniň örän agyr uka gidendigini aňlamak bolýar.
4Äşäniň (r.a.) soňky aýdan sözleri özüni aklamak üçin aýdan sözleridir. Ol: «Eger otagymda aýdyňlyk bolan bolsady, onda aýagyma dürtýänçäler garaşyp ýatmazdym» diýmek isleýär. Mundan öýlerde şem ýakmagyň soň ýüze çykandygy barada netije çykarmak bolýar.