248 Nepil namazlarynyň jemagat bilen okalyp bilinjekdigi we zenanlaryň namazda iň yzda durmalydyklary hakda. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler

Başy » NAMAZ KITABY » 248 Nepil namazlarynyň jemagat bilen okalyp bilinjekdigi we zenanlaryň namazda iň yzda durmalydyklary hakda. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler

عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ جَدَّتَهُ مُلَيكَةَ دَعَتْ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ لِطَعَامٍ صَنَعتْهُ لَهُ فَأَكَلَ مِنْهُ ، ثُمَّ قَالَ: (قُومُوا فَلأُصلِّ لَكُمْ) . قَالَ أَنَسٌ: فَقُمْتُ إلَى حَصِيرٍ لَنَا قَدِ اسْوَدَّ مِنْ طُولِ مَا لُبِسَ فَنَضَحْتُهُ بِمَاءٍ ، فَقَامَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، وَصَفَفْتُ أَنَا وَالْيَتِيمُ وَرَاءَهُ ، وَالْعَجُوزُ مِنْ وَرَائِنَا ، فَصلى لَنَا رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ رَكْعَتَيْنِ ثُمَّ انْصَرَفَ.

 

Enes ibn Mäligiň(r.a.) adyndan aýdylýan rowaýatlaryň birinde gürrüň berlişine görä, onuň enesi Müleýke1 binti Mälik ibn Adyý (r.a.) Allahyň Resulyny (s.a.w.) onuň üçin ýörite taýýarlan tagamyny iýmäge çagyrypdyr. Allahyň Resuly tagamy iýip bolanyndan soňra: «Derrew ýeriňizden turuň, namaz okadaýyn» diýipdir2. Enes şeýle diýýär: «Ulanylyp-ulanylyp, garalyp giden bir boýramyz bardy. Şoňa tarap ýönelip, ýumşasyn diýip, üstüne suw sepdim. Allahyň Resuly (s.a.w.) namaza durdy. Ýetim3 ikimiz onuň yzynda bir sap bolduk4. Garry enem hem arkamyzda durdy5. Allahyň Resuly (s.a.w.) bize iki rekagat namaz okadanyndan soň, bu ýerden gitdi»6.

 

1Allahyň Resulyna (s.a.w.) hyzmat eden aýal Enes ibn Mäligiň ejesi Ümmi Süleýmiň enesidir. Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!

2Bu kyssada tagam namazdan öň iýilýär. Yzda Ytban ibn Mäligiň adyndan beýan ediljek kyssada (268-nji hadys) bolsa namaz tagamdan öň okalýar. Çünki,Ytban (r.a.) Allahyň Resulyny (s.a.w.) namaz okatdyrmaga çagyrypdy. Müleýkäniň (r.a.) çakylygy bolsa nahar iýmek üçindi. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu çakylyga baran wagty nahar eýýäm taýyn bolup, yzda gürrüňi ediljek çakylykda bolsa indi taýyn bolmaly bolansoň, namaz şol tertipde okalan bolmagy-da mümkindir.

3Bu ýetim çaga Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azat eden guly Ebu Zumeýräniň ogly Zumeýredi (r.a.). Ebu Zumeýräniň ady Sagt ýa-da Sagyt Hymýeridir. Onuň adynyň Rawh ibn Sender ýa-da Rawh ibn Şirzatdygyny aýdýanlar hem bar.

4Bu nepil namazyny jemagat bolup okamaga rugsat berilýändigine delildir. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä (tarawaden başga), birek-biregi çagyrmak arkaly jemagat bolup nepil namazyny okamak mekruwhdyr. Çagyrylmazdan, nepil namazyny okaýan iki adam tötänleýin bir ýerde duşanlarynda biri-birine eýerip namaz okap bilerler. Bu alymlar Müslimiň kitabyndaky: «Käte şeýle bolardy: namaz wagty gelerdi-de, ony öýmüzde okardylar» diýen rowaýatdan netije çykaryp, bu hadysdaky namazyň parz namazdygyny aýdýarlar. Ymam Mäligiň: «Bilmeýänleriň parz namazynyň okalýandygyny çak etmezleri ýaly, aralaryň açyk bolmak şerti bilen jemagat bolup nepil namazyny okamaga gadagançylyk ýokdur» diýendigini aýdýarlar. Şonuň ýaly-da, bu hadysdan çagalaryň-da uly adamlar bilen bir sapda durup biljekdikleri barada netije çykarylýar.

5Mundan zenanlaryň aýry sapda durmaklarynyň hökmandygyny aňlamak mümkin bolşy ýaly, jemagatyň yzynda zenanlaryň aýratynlykda ymama eýermekleriniň gadagan däldigi barada netije çykaryp bolar.

6Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Enese we onuň garyndaşlaryna goýýan hormaty uludy. Onuňköp gezek öýlerine barmak bilen olary sylaglandygy Müslimiň kitabyndaky rowaýatdan hem aňlanyşy ýaly, öz doganoglan agalarynyň hem käbirleriniň öýüne barandygy Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabyndan, şunuň ýaly-da, beýleki hoşamaýlyklary Nesaýy bilen Darakutnynyň toplan rowaýatlaryndan bellidir. Beýhaky-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ümmi Süleýmiň öýüne baryp, öýle ukusyny almak endiginiň bolandygyny habar berýär.