247 Allahyň Resulynyň (s.a.w) münberiniň kyssasy

Başy » NAMAZ KITABY » 247 Allahyň Resulynyň (s.a.w) münberiniň kyssasy

عَنْ سَهْلِ بْنِ سَعِدٍ رَضِيَ الله عَنْهُ: وَقَدْ سُئِلَ : مِنْ أَي شَيءٍ الْمِنْبَرُ؟ فَقَالَ: مَا بَقِي بِالنَّاسِ أَعْلَمُ مِنِّي ، هُوَ مِنْ أَثْلِ الْغَابَةِ ، عَمِلَهُ فُلاَنٌ مَوْلَى فُلاَنَةٍ لِرَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، وَقَامَ عَلَيهِ رَسُولُ اللِّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ حِينَ عُمِلَ ووُضِعَ ، فَاسْتَقْبَلَ الْقِبْلَةَ وَكَبَّرَ ، وَقَامَ النَّاسَ خَلْفَهُ ، فَقَرأَ وَرَكَعَ ، وَرَكَعَ النَّاسُ خَلْفَهُ ، ثُمَّ رَفَعَ رَأَسَهُ ، ثُمَّ رَجَعَ الْقَهْقَرَى فَسَجَد عَلَى الأَرْضِ ثُمَّ عَادَ إلَى الْمِنْبَرِ ، ثُمَّ قَرَأَ، ثُمَّ رَكَعَ ، ثُمَّ رَفَعَ رَأْسُهُ ، ثُمَّ رَجَعَ الْقَهْقَرِى حتى سَجَدَ بِالأَرْضِ ، فَهَذَا شَأْنُهُ .

 

         Sehl ibn Sagt (Sagydydan)(r.a.) hezreti Pygamberiň (s.a.w.) Medinedäki münberiniň nämeden ýasalandygyny soranlarynda, ol şeýle diýipdir: «Şu adamlaryň arasynda ony menden gowy bilýän galmady1. Münber Gäbäniň esl diýen agajyndandyr2. Ony Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin pylan hatynyň azat eden guly bolan pylany3 ýasady. Ýasalyp, ýerinde goýlan wagty Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň üstüne çykyp we kybla garşy durup, başky tekbirini aldy. Adamlar hem onuň yzynda namaza durdular. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazda Kuran okap, rukuwa bardy. Jemagat-da onuň yzy bilen rukuwa gitdi. Soňra rukuwdan başyny galdyryp we kybladan ýüzüni aýyrman, yza çekildi4 we ýere sejde etdi. Soňra ýene münbere çykdy. Soňra ýene rukuwa gitdi. Soňra ýene rukuwdan başyny galdyryp, sejde etmek üçin, öňküsi ýaly yza çekildi. Ine, münberiň kyssasy»5.

 

1Medinede iň soňa galan sahaba Sehl ibn Sagtdyr (r.a.).

2Gäbe Medineden dokuz mil uzaklykdaky we Şam tarapdaky tokaýlyk bir ýeriň adydyr. Şol ýer Allahyň Resulynyň (s.a.w.) düýeleri bakylýan örüdi. 172-nji hadysda gürrüňi edilen uraýnylaryň hyýanat etmekleri bilen baglanyşykly waka şol ýerde bolup geçipdi. Mukaddes münber, ine, şu tokaýjygyň esl diýen agajyndan ýasalandyr. Esl agajynyň iki sany görnüşi bolup, onuň gysga görnüşine tarfa diýlipdir. Onuň iri görnüşine biziň dilimizde ýylgyn diýilýändigi barada maglumat bar. Ol örän gaty agaç bolupdyr.

3Bu ýerde pylany diýlip atlandyrylan iki şahsyň atlary we kim bolandyklary hakynda gürrüň berýän rowaýatlaryň örän köpdügi üçin, olary beýan etmekden ýüz öwrüldi. Olardan ýeke-täk üns bereniňe degýäni şu hadysyň rawysy Sehl ibn Sagdyň (r.a.) başga bir rowaýatynda şol döwürde Medinede ýeke-täk agaç ussasyndan başga agaç ussasynyň bolmandygy barada berýän habarydyr.

4Mukaddes münber iki basgançak bilen bir mejlisden, ýagny,oturylýan ýerden ybarat edilip ýasalypdy. Käbirleriniň onuň üç basgançakdygyny aýtmaklary şonuň üçindir. Allahyň Resuly (s.a.w.) hutbany ikinji basgançagyň üstünde durup okaýardy we iki hutbanyň aralygynda ondan ýokardaky mejlis diýlen ýerde oturardy. Kybladan döşüňi öwürmän, bir ýa-da iki ädim ätmek namazy bozmaz.

5Sehl ibn Sagtdan (r.a.) gelen rowaýatlaryň birinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy okap bolanyndan soňra jemagata tarap öwrülip: «Eý, adamlar, men maňa öýkünersiňiz we namazymy nähili okanymy aňlarsyňyz diýip, şeýle etdim» diýipdir. Mundan ymamyň jemagatdan beýik bir ýerde durmagynyň bolýandygyny aňlamak bolýar. Ymamyň jemagatdan ýokarda durmagyna hanefiler bilen şapygylara we Ahmet ibn Hanbal bilen Leýs ibn Sagda görä rugsat berilýär, ýöne bir zerurlygyň ýüze çykmak şerti bilen. Çünki, Allahyň Resuly (s.a.w.) jemagatdakylaryň öz yzyna ermekleri üçin we olara tälim bermek niýeti bilen şeýle edendigini aýdýar. Zerurlyk ýok mahalynda bolsa ymamyň jemagatdan ýokarda durmagy mekruwhdyr. Ymam Mälige we Ewzaýa görä, beýle etmäge rugsat berilmeýär. «Şarihi Aýny» kitabynda ymam Mäligiň ymamyň biraz ýokarda durmagyna rugsat berendigi aýdylýar.