245 Erkeklere ýüpek eşik geýmegiň gadagandygy hakda. Ýüpek eşik geýmek bilen baglanyşykly jedeller

Başy » NAMAZ KITABY » 245 Erkeklere ýüpek eşik geýmegiň gadagandygy hakda. Ýüpek eşik geýmek bilen baglanyşykly jedeller

 

 عَنْ عُقْبَةَ بْنِ عَامِرٍ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: أُهْدِي إلَي النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَرُّوجُ حَرِيرٍ ، فَلَبِسَهُ فَصلى فِيهِ، ثُمَّ انْصَرَفَ فَنَزَعَهُ نَزْعاً شَدِيداً كالْكَارِهِ لَهُ ، فَقَال: (لاَ يَنْبَغِي هذَا لِلْمُتَّقِينَ).

 

Ukba ibn Amir (Jüheni)1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyna (s.a.w.) bir ýüpek ferruj2 sowgat berlipdi3. Allahyň Resuly (s.a.w.) ony geýip, namaz okady. Namaz okap bolanyndan soň, bular ýaly zady geýmegi halamadyk adamyň edişi ýaly edip, derrew ony çykardy4 we: «Muny geýmek müttekine ýaraşmaz»5 diýdi».

 

1OlKurany-Kerimi ýatdan bilýän sahabalaryň biridi. Ilkinji bolup Kurany tutuşlygyna sahypalarda jemlän şoldur. Mugawyýa bilen birlikde Syffyn wakasyna gatnaşyp, onuň tarapyndan Müsüriň hökümdarlygyna bellenipdir we şonuň zamanynda dünýäden ötüpdir (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!).

2«Ferruj» diýlip, ýapynja görnüşindäki uly bolmadyk çaga köýnegine aýdylýar we ýeňsesinde syrmasy bolan kaftana hem şeýle diýilýär. Ol eşigiň üstünden geýilýär. Bu ýerde gürrüňi edilýän perenji diýýän zadymyzdyr, parslar oňa fereji diýýärler. Ilkibaşlarda onuň arka tarapynda syrmasy bolardy. Soňra häzirki görnüşine giripdir. Dogrusyny bir Allahü tagala bilýär.

3Bu perenjini sowgat beren Dumet Gendiliň meligi Ükeýdir ibn Abdylmelikdir. Dumet Gendel Şam bilen Yragyň aralygyndaky, Medineden 13 we Damaskdan 7 menzil uzaklykda ýerleşýän bir galanyň adydyr.

Allahyň Resuly (s.a.w.) Tebükde mahaly şol galany basyp almaga Halyt ibn Weliti (r.a.) ugradypdyr weÜkeýdiri göz öňünde tutup: «Ony aw awlap ýörkä ýesir aljaksyň» diýip habar beripdir.

Dogrudan hem bir ýabany sygyr gelip, şol galanyň derwezesine şahlaryny süýkemäge başlanmyş. Ükeýdir hem ony ele salmaga meýil edip, gije düşende galadan aşak inipdir. Şol wagt oňa gözi düşen Halyt hem üstüne hüjüm edip, onuň özüni ýesir alypdyr we dogany Hassan ibn Abdylmeligi öldüripdir. Halyt hijriniň dokuzynjy ýylynda galany güýç bilen basyp alypdyr. Soňra Ükeýdir Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen jizýe (jan başyna tölenýän salgyt) tölemek şerti bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşan bolsa-da, birinji halifnyň zamanynda ähdinden dänipdir we ýene Halyt ibn Welit (r.a.) onuň galasynyň daşyny gabap, boýun egdireninden soň, Ükeýdiri Allahü tagala şärik goşan hristian halyndaka öldüripdir. Ükeýdiriň beýleki bir dogany Hüreýs ibn Abdylmelik yslamy kabul edipdir. Hapyz Ebu Nugaýmyň rowaýatyna görä, Ükeýdir yslamy kabul edeninden soň, Pygamberimize (s.a.w.) bir hülleýi-siýera sowgat edipdir. Hülle ýapynja bilen öňlügiň jeminden durýan bir bütewi lybasdyr. Siýera hakynda «Kamus» kitabynyň terjimeçisi Asym Ependi şeýle diýýär: «Bir alaja matanyň ady bolup, onuň ýol-ýol sary zolaklary bolýar...».

Ýokarda ady agzalan Ükeýdiriň sowgat berip, ýaraşyk şertnamasyny baglaşany dogry bolsa-da, hristian dinini terk edendigi barada Pygamberimiziň (s.a.w.) ömür ýoly barada eser döreden adamlaryň arasynda jedel bar. Onuň yslamy kabul edendigini aýdanda, Ebu Nugaým ýalňyşypdyr.

4Müslimiň kitabynda Jabyryň (r.a.) adyndan getirilýän rowaýatda bu eşigiň ýüpek kaftandygy aýdylýar. Allahyň Resuly (s.a.w.) ony çykaryp: «Jebraýyl alaýhyssalam muny geýmegi maňa gadagan etdi» diýipdir.

5«Lil-muttekin» sözüniň erkek adamlaryň toparyny aňladýandygy üçin,ýüpegiň diňe erkeklere haram bolup, zenanlaryň şol topara girmeýändiklerine bu söz bilen berilýän habarda yşarat bardyr. Bu sözüň manysyny zenanlar bilen hem baglanyşdyrmak isleýänler ýüpegiň erkekdir aýallaryň hemmesine haramdygy bilen ylalaşýarlar. Zahyryýa ýörelgesine eýerýän käbir alymlar bilen birlikde Abdullah ibn Ebu Müleýke ýaly alymlar bolsa Miswer ibn Mahremäniň (r.a.) adyndan aýdylyp, Buhary, Müslim, Ebu Dawut, Tirmizi we Nesaýy dagylaryň hadys kitaplarynda getirilýän hadysy (inşallah, ol yzda geljekdir) goldanyp, ýüpegi ulanmagyň erkekler we aýallar üçin halaldygyny aýdypdyrlar.

Fykyhçy alymlaryň esasy köplügi bolsa,on bäş sany sahaba tarapyndan rowaýat edilen şu hadysy-şerif bilen Ebu Ýagla Möwsiliniň Ümmi Hanydan (r.a.), Ebu Dawudyň Ebu Reýhanadan (r.a.), Tirmiziniň Ebu Musa Eşgarydan (r.a.) rowaýat eden hadyslaryna esaslanyp, ýüpek matadan tikilen eşik geýmäge berilýän rugsady aradan aýyrýarlar. Ýüpek eşigiň erkekler we aýallar üçin haramdygyny aýdanlaryň arasynda Ibn Omar bilen Ibn Zübeýr (Allahü tagala olardan razy bolsun!) dagy hem bar. Bular: «Kim dünýäde ýüpek geýse, ony ahyretde geýmekden mahrum bolar» diýen manydaky sözlere bakyp, ondan gaça durupdyrlar we Allahyň Resulynyň (s.a.w.), görnüşine görä, Zeýt ibn Erkamyň (r.a.) ady bilen baglanyşdyrylýan: «Altyn bilen ýüpek ymmatymyň zenanlaryna halal, erkeklerine haramdyr» diýen hadysyna we Aly ibn Ebutalyp (kerremallahu wejheh) bilen Ebu Musa Eşgary, Abdullah ibn Amr ibn As, Ukba ibn Amir (Allahü tagala olardan razy bolsun!) dagylaryň şu manyda Pygamberimizden (s.a.w.) eşidip, biragyzdan beýan eden rowaýatlaryndan habarsyz ýaly görünýärler.

Mäliki mezhebine degişli alymlardan biri bolan Ebu Bekr ibn Araby alymlaryň ýüpek lybas geýmek baradaky jedellerini on sany pikir bilen aňladypdyr:

1) Islendik ýagdaýda haramdyr.

2) Söweşden başga islendik ýagdaýda haramdyr.

3) Sapardan başga islendik ýagdaýda haramdyr.

4) Kesellilikden başga islendik ýagdaýda haramdyr.

5) Gazawatdan başga islendik ýagdaýda haramdyr.

6) Baýdak tikmek üçin ulanmakdan başga ýagdaýlarda haramdyr. Baýdak diýip, tuga we matanyň ýüzüne nyşan hökmünde çekilen şekile aýdylýar.

7) Erkeklere-de, zenanlara-da haramdyr.

8) Eşik hökmünde geýilmegi haram, aýak astyna taşlanmagy halaldyr. Bu Ebu Hanife bilen mäliki mezhebine degişli alymlardan Ibn Majeşiniň pikiridir.

9) Islendik ýagdaýda mubahdyr, ýagny ýazgarylmaz we höweslendirilmez.

10) Işilen ýüplük ýaly başga bir zat bilen garyşyk ýagdaýda bolsa-da haramdyr.

Ýüpek eşik geýip, namaz okan adam namazyny täzeden okamaly bolarmy? Bu hem jedelli meseledir. Hanefilere görä, namaz dürsdür. Ýöne ýüpek eşik geýip, namaza durmak mekruwhdyr we günädir. Şapygynyň, Ebu Söwriň we Ibn Kasymyň rowaýatlaryna görä, namaz okanyň ýanynda başga bir eşigi bar bolsa, derrew eşigini çalşyryp, namazyny täzeden okamalydygy aýdylýar.