244 Garşyňda nagyş bilen bezelen tuty bar mahaly, oňa tarap durup namaz okamagyň keraheti. Nagyşlar hakyndaky beýleki rowaýatlar

Başy » NAMAZ KITABY » 244 Garşyňda nagyş bilen bezelen tuty bar mahaly, oňa tarap durup namaz okamagyň keraheti. Nagyşlar hakyndaky beýleki rowaýatlar

عَنْ أَنْسِ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: كانَ قِرَامٌ لِعَائِشَةَ سَتَرَتْ بِهِ جَانِبَ بَيتِهَا ، فَقَالَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (أَمِيطِي عَنَّا قِرَامَكِ هذَا ، فَإنَّهُ لاَ تَزَالُ تَصَاوِيرُهُ تَعْرِضُ لِي في صَلاَتِي).

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Äşäniň (r.a.) bir reňkli hem nagyşly tutusy bolup, onuň bilen otagynyň bir tarapyny örtüp goýupdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Şu tutyny garşymdan aýyr, sebäbi onuň bezegleri namaz okap duran wagtym gözüme ilýär» diýdi»1.

 

1«Süneni Nesaýy» kitabyndaky rowaýatlaryň birinde musulmanlaryň enesi hezretleri bu tutynyň otaga girilýän ýeriň garşysynda gerlip goýlup, onuň ýüzünde guşuň, başga bir rowaýatda bolsa ganatly atyň keşbiniň bolandygyny aýdýar. Bir rowaýatda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Äşe, şuny aýyr, çünki,men ony gören wagtym dünýäni ýatlaýaryn»diýendigi, başga bir rowaýatda bolsa Äşäniň (r.a.) bu tutyny ýyrtyp, iki sany ýassykýüzi tikendigi we soňra bu ýassyklary Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassanandygy, ýene bir rowaýatda bolsa,tutyny görüp-görmänkä,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýüzüniň reňkiniň üýtgäp gidendigi we tutyny mübärek eli bilen tutup, zyňyp goýbereninden soňra: «Kyýamat gününde adamlaryň iň erbet azap görjekleri Allahü tagalanyň ýaradanlaryna meňzedenlerdir» diýendigi aýdylýar.

Buharynyň kitabyndaky hadysa, şonuň ýaly-da,Nesaýydaky hadysa berlen düşündirişleriň hiç birinde-de namazyň bozulandygyna we namazyň gaýtadan okalmalydygyna degişli hiç bir bellik ýokdugy üçin, olaryň höküminiň diňe şeýle zatlardan ýüz öwürmekdigi çak edilýär.

Bezeg ulanmak mekruwh bolanyndan soň, bezemen eşik geýmekden gaça durmak hem gowy zatdyr. Suratlary çekilen şekilleriň beýleki şekillerden tapawudynyň bolmaýşy ýaly, olaryň tutynyň, halynyň ýa-da diwaryň ýüzünde bolmagynyň arasynda-da tapawut ýokdur. Aýratyn hem namazda bu ýagdaýa has uly üns bermek gerek. Sebäbi,ol namaz okaýanyň ünsüni bir ýere jemlemekden mahrum edýär hem-de päsgel berýär (mundan öňki hadysa-da seret). Ýöne bu gadagançylygyň belli bir derejä çenli ýaýraýandygyny habar berýän eser hem bar. Ol Sehl ibn Hüneýfiň adyndan gürrüň berilýän rowaýatdyr. Şol rowaýatda aýdylyşy ýaly, Ebu Talha Ensary (r.a.) hassa ýatan wagty,Sehl ibn Hüneýf (r.a.) ony soramaga gidipdir. Ol baran wagty Ebu Talha bir adama öz aşagyna düşelen keçäni ýa-da düşegi daşary çykarmagyny buýrup duran eken. Sehl ondan: «Bu näme etdigiň?» diýip sorapdyr. Onda Ebu Talha: «Onuň ýüzünde nagyş barlygy üçin şeýdýärin. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nagyşlar hakynda näme aýdanyny-ha bilýänsiň» diýip jogap beripdir. Şondan soňra Sehl: «Sen näme onuň başga bir matanyň ýüzündäki şekil barada aýdandygyny bilmeýärmiň?» diýipdir welin, Ebu Talha: «Bilýärin, emma maňa bu has hoş gelýär» diýip seslenipdir. Hanefiler şundan çen tutup, aýak aşagyna düşelen zatlaryň bu gadagançylykdan azatdygy bilen ylalaşýarlar. Söwri, Nahaýy, Mälik, bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal hem şeýle pikirde bolupdyrlar. Ebu Kasym bilen baglanyşdyrylýan rowaýata görä, ymam Mälik ýorganlaryň we gupbalaryň ýüzündäki nagyşlary mekruwh hasaplamak bilen bir wagtda, düşek, ýassyk, köýnek ýaly zatlarda nagyş bolmagyny zyýanly hasaplamaýardy. Ol ýüzünde şekil bolan gupba tarap bakyp namaz okamagy mekruwh hasaplaýardy. Sufýan Söwri: «Ýassyklarda surat bolmagynda zyýan ýokdur, sebäbi ol hürseklenýär» diýerdi. Ebu Hanife bilen onuň egindeşleri otaglaryň diwaryna bir zadyň keşbini çekmegi mekruwh hasaplamak bilen bir wagtda, ýere ýazylýan zatlarda şonuň ýaly nagyş bolmagyny zyýanly hasaplamaýardylar. Ýöne olar asylyp goýlan tutulardaky nagşyň (şekiliň) ýigrenji zatdygy barada jedelleşmeýärler. Leýs ibn Sagt otaglardaky, ýorganlardaky, gupbalardaky, legenlerdäki, şemdanlardaky nagyşlary mekruwh hasaplardy. Şapygylar bolsa isle köýnek bolsun, isle ýogran, isle halyça ýa-da başga bir zat bolsun, tapawudy ýok, olaryň ýüzündäki hemme suratlary mekruwh hasap edip, olary biri-birlerinden tapawutlandyrmaýarlar we nagyşlary gadagan edýän hadysy-şeriflerdäki gadagançylygy olaryň hemmesi üçin umumy hasaplaýarlar.