243 Namaz okaňda ünsüňi Allahü tagala bolan tabynlykdan sowup biljek eşik geýmegiň keraheti (halanmazlygy)

Başy » NAMAZ KITABY » 243 Namaz okaňda ünsüňi Allahü tagala bolan tabynlykdan sowup biljek eşik geýmegiň keraheti (halanmazlygy)

    عن عائشة رَضِي الله عَنْهَا : أَنَّ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّى في خَمِيصَةٍ لَهَا أَعْلاَمٌ ، فَنَظَرَ إلَى أَعْلاَمِهَا نَظْرَةً ، فَلَمَّا اَنْصَرَفَ قَالَ:(اذْهَبُوا بِخَمِيصَتِي هذَهِ إلَى أَبِي جَهْمٍ ، وَائْتُونِي بِأَنْبِجَانِيةِ أَبي جَهْمٍ ، فَإنَّهَا أَلْهَتْنِي آنِفاً عَنْ صَلاَتي).

 

       Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir nagyşlanan hamisany1 geýip namaz okap durka, onuň gözi şol nagyşlara düşdi. Ol namazyny okap bolanyndan soňra: «Meniň şu hamisamy Ebu Jehme2 eltip beriň-de, Ebu Jehmiň enbijäniýýesini3 maňa getirip beriň. Sebäbi ýap-ýaňy bu hamisa meniň ünsümi namazymdan sowdy» diýdi»4.

 

1«Hamisa» diýlip,ýüňden ýa-da çöpürden dokalan dörtburç, iki tarapy zynjyrly bolan gara reňkli ýapynja aýdylýar. Örän ýumşak we örän az ýer tutýandygy üçin,ony şeýle atlandyrypdyrlar. Bu hamisa şam eşiklerinden bolup, Pygamberimize (s.a.w.) Ebu Jehm Kuraýyşy tarapyndan sowgat berlipdi.

2Bu Ebu Jehm Amir ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Ubaýt ibn Hüzeýfe Kuraýyş Adawydyr (r.a.). Ol Mekge boýun egdirilen güni yslamyň halasgär ýoluna giripdi. Ebu Jehm kuraýyşyň arasynda uly abraýdan peýalanyp,biliminiň kämilligi bilen meşhurlyk gazanan dört adamyň biridir. Şeýle-de,ol uzak ýaşan adamlardandy. Ol Mugawyýa ibn Ebu Sufýanyň (r.a.) eýýamynyň ahyryna çenli, hatda ondan hem soňraga çenli ýaşapdyr. Onuň Käbäniň gurluşygyna iki gezek gatnaşandygy hakyndaky rowaýat ygtybarly bolsa (ol ygtybarla-da meňzeýär), ol Ibn Zübeýriň (r.a.) haliflik eden eýýamyny hem görüp, ýüz ýigrimi ýaşdan hem köp ýaşan bolup çykýar.

Ol 224-nji hadysdaky Ebu Jehmden (r.a.) başga adamdyr. Ol ensarydyr we oňa Ebu Jüheýmhem diýipdirler.

3Bu keseki sözüň gelip çykyşy hakynda aýdylanlaryň bize geregi ýok. Bu nagyşsyz we owadan bolmadyk ýumşak, ýöne galyň ýapynja bolup, hamisa ýaly görnükli eşiklerden saýylmandyr.

4Pygamberimiziň (s.a.w.) bu beýik sözünden onuň ymmatynyň,gözüni we ýüregini özüne çekip biljeknagyşdan we bezegden azat bolan bir reňkli,ýönekeý lybas geýip, namaz okamaga girişmelidigi hem-denamaz okalýan wagtynda bar ünsüni namaza bermelidigi hakdaky many gelip çykýar. Mysal üçin, tabygyndan Müslim ibn Ýesar namaz okap durka üçek aşak çöküp, onuň bir gapdaly depesinden inende-de, beýle bolanyny aňmandyr. Hernäme-de bolsa, bu ýerde maksat takwa adamyň namaz wagty ünsüni çekäýjek zatdan daşrak bolmalydygy barada sapak bermekden ybaratdyr. Bu hadysdan alymlar metjitleriň mihraplary bilen diwarlaryny namaz okaýanlaryň ünsüni çekip biljek nagyş we hatlar bilen bezemegiň mekruwhdygy hakda netije çykarýarlar.