242 Zenanlaryň göwreleri we başlary örtülgi halda namaza gidişleri
(Allahyň Resulynyň (s.a.w) ertir namazyny heniz töwerek agarmanka okadandygy hakda. Zenanlaryň okan namazlarynyň kabul bolmagy üçin olaryň näçe gat eşik geýmelidikleri hakda alymlaryň arasyndaky jedel. Ertir namazyny haýsy wagtda okamagyň has gowudygy barada mezhep ymamlarynyň arasyndaky jedel. Zenanlara jemagat namazyny okamak üçin metjide gitmäge rugsat berilmegi)
عَنْ عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا قَالَتْ: لقَدْ كَاَن رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصلى الْفَجْرَ ، فَيَشْهَدُ مَعَهُ نِسَاءٌ مِنَ المُؤْمِنَاتِ ، مُتَلَفِّعَاتٍ في مُرُوطِهِنَّ ، ثُمَّ يَرْجِعْنَ إلَى بُيُوتِهِنَّ مَا يَعْرِفُهُنَّ أَحَدٌ.
Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazyny okardy-da,musulman aýallar myrtlary1 bilen örtünip, taýýar bolanlaryndan soň, öýlerine dolanardylar. Olary hiç kim tanamazdy»2.
1«Elmyrt» astynly mim harpy bilen ýazylanda,öňlügiň bir görnüşini aňladýar. Ol gowy örülmedik ýüňden we geçiniň çöpürinden dokalyp, aýallar oňa bürenýärler. Köplügine murut diýilýär (dogrusyny bir Allahü tagala bilýär). Ol hakda aýdylanlardan onuň ýüňden, çöpürden, keteniden taýýarlanyp, aýallara mahsus bolmak bilen, tutuş göwräni gaplap duran bir örtügiň adydygyny aňlamak bolýar.
Bu hadysy-şerif Buhary tarapyndan aýallaryň namazynyň näçe bölek lybas bilen okalanda dogry bolup biljekdigine mysal hökmünde getirilýär. Ykrymadan gelen rowaýata görä, aýal bir köýnek bilen başyny,ýapynja bilen örten ýalyedipörteninden soň, göwresiniň hiç bir ýeri görünmejek derejede bürense, namazy dürs bolar diýlişi ýaly, Ibn Apbas hezretleri-de,syk dokalmak şerti bilen,bir köýnekli namaz okalmagynda zyýan ýokdugyny aýdypdyr. Musulmanlaryň enesi Meýmüwnäniň hem (r.a.) ýeňlerini kellesine gabat edip, bir perenjiniň içinde namaz okandygy hakda gürrüň bar. Başga bir rowaýatda bolsa onuň bir perenjili we bir ýaşmakly namaz okandygy aýdylýar. Ykrymanyň adyndan aýdylýan başga bir rowaýatda: «Aýalyň bir perenji bilen gat-gat edilip tikilen ýaşmakly okan namazy dürsdür» diýilýär.
Soňraky alymlaryň arasynda namazyň dürs bolmagy üçin geýilmegi wajyp bolan eşikleriň sany barada jedel ýüze çykypdyr. Mälik, Ebu Hanife, Şapygy bir perenji bilen bir ýaşmak ýa-da baş örtgüsi bilen, Ata bir perenji, bir öňlük, bir hem ýaşmak, ýagny,üç sany eşik bilen, Ibn Sirin bolsa şol üç eşikden başga-da ýapynjaly namaz okamagyň dürsdügini aýdýarlar.
Ibn Münzir bu jedeli şeýle çözýär: «Aýala wajyp bolan zat bedeniniň ýüzi bilen iki aýasyndan başga hemme ýerini örtmekdir. Ony bolsa bir köýnek bilen hem, ondan başga eşikleri geýip hem örtüp biler. Irki alymlaryň üç ýa-da dört sany köýnek geýmelidigini aýtmaklary bolsa, olaryň has gowusyny etjek bolmaklarydyr diýip pikir edýärin» (dogrusyny bir Allahü tagala bilýär).
Tabygynlardan Ebu Bekr ibn Abdyrahman ibn Hyşama görä, zenanyň dyrnagyna barýança bar ýeri uýat ýerimiş. Bir rowaýatda Ahmet ibn Hanbalyň hem şol pikirdedigi aýdylýar. Mälik bilen Şapyga görä, zenanyň dabany uýat ýeridir we aýakýalaňaç okan namazyny täzeden okamak gerek bolar. Saçlary hem şonuň ýalydyr. Ebu Hanife bilen Söwrä görä, zenanyň dabany uýat ýeri däldir we onuň aýakýalaňaç okan namazyny gaýtalamagy gerek däldir. Ýöne bu babatda Ebu Hanife bilen baglanyşykly iki hili rowaýat bar.
2Ýagny,diňe sudurlary görnüp, lybasyň içindäkileriň erkekdigini ýa-da aýaldygyny uzakdan saýgaryp bolmaýardy. Oňa sebäp bolan hem töweregiň garaňkysynyň dargamazlygy ýa-da zenanlaryň yhlas bilen örtünmekleridir. Ýöne bu hadysyň Müslimdäki we «Süneni-Ibn Majedäki» nusgasynda: «Säheriň alagaraňkysynda» diýen jümläniň bardygy üçin, birinji sebäp has göwnejaý ýaly görünýär.
Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar. Ertir namazyny okamak üçin töwerek gowuja aýdyňlaşmazyndan öňki wagt gowumy ýa-da töwerek aýdyňlaşýança garaşmak gowumy? Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa dagy şu hadysa we bu hakda has açyk aýdylýan beýleki hadyslara görä netije çykarýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa töweregiň ýagtylmagyny gowy görýärler. Delilleri-de dürli ýollar bilen gelip ýeten we ygtybarly hasaplanmaýan: «Ertir namazy üçin aýdyňlygy saýlap alyň, sebäbi sogaby has köpdür» ýaly hadyslardyr. Olar Buharynyň bu hadysynda zenanlaryň tanalmazlyklaryny töweregiň garaňky bolandygy bilen däl-de, olaryň gowy edip bürenmekleri bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu hadysy-şerifden zenanlaryň jemagat bilen namaz okamaklaryna rugsat berilýändigi barada netije çykaryp bolar (209-njy we 217-nji hadyslara-da seret). Fykyhçy alymlar pitnä sebäp bolmazlyk şerti bilen,oňa rugsat berilýändigine şübhelenmeýärler. Käbirleri,seresaplylyk edibräk,ýaş gyzlaryň metjide gelmeklerini mekruwh hasap edýärler. Ebu Hanife görä, (garaňkynyň gizlinlige has amatlydygy üçin bolsa gerek) öýle we ikindi namazyndan beýleki namazlary garry aýallar metjitde okap bilerler. Ýusup bilen Muhammede görä bolsa, garry aýallar bäş wagt namazy hem metjitde okap bilerler. Aýnynyň Buharynyň toplan hadyslaryna ýazan düşündirişinde şeýle diýilýär: «Bu gün ýaramazlyklar köpelip, pitnäniňgiň ýaýrandygy üçin, ýaş gyzlaryň hem, garry aýallaryň hem metjide barmaklary mekruwhdyr».