240 Käbäni çyplak ýagdaýda togap etmegiň gadagan edilendigi hakda jar çekdirilmegi
وَعَنْهُ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: بَعَثَنِي أَبُو بكْرٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ فِي تِلْكَ الحَجَّةِ فِي مُؤَذِّنِينَ نُؤَذِّنُ بِمِنًى يَوْمَ النَّحْرِ أَنْ لاَ يَحُجَّ بَعْدَ الْعَامِ مُشْرِكٌ ، وَلاَ يَطُوفُ بِالْبَيْتِ عُرْيَانٌ ، قَالَ حُمََيْدُ بَنُ عَبْدِالرَّحْمَنِبْنِ عَوْفٍ ثُمَّ أَرْدَفَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَلَيا رَضِي اللَّهُ عَنْهُ فَأَمَرَهُ أَنْ يُؤَذِّنَ " بِبَرَاءَةٍ ". قَالَ أَبُو هُرَيرَةَ : فَأَذَّنَ مَعَنَا عَلِيٌّ فِي أَهْلِ مِنًى يَوْمَ النَّحْرِ: لاَ يَحُجُّ بَعْدَ الْعَامِ مُشْرِكٌ ، وَلا يَطُوفُ بالْبَيْتِ عُرْيَان ٌ.
Ýene Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Ebu Bekr Syddyk (r.a.) şu haj mahaly1 gurban baýramy gününde bir topar jarçylar bilen birlikde meni-de Mina dagyna baryp: «Şu ýyldan soňra hiç bir müşrük, hiç bir çyplak kişi Käbäni togap etmesin» diýip,yglan etmek üçin iberdi».
(Şu hadysy Ebu Hüreýräniň adyndan habar beren)Hümeýt ibn Abdyrahman ibn Awf sözüni dowam edip, şeýle diýipdir: «Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Bekriň (r.a.) yzyndan Alyny (r.a.) ýollap, «Beräýe» süresini yglan etmegine buýruk beripdir». Soňra ol Ebu Hüreýräniň öz sözlerini getirýär. Ol şeýle diýipdir: «Aly-da biziň bilen birlikde gurban baýramy gününde Minadaky adamlaryň arasyna baryp: «Şu ýyldan soňra hiç bir müşrük haj etmesin, çyplak adamlaryň hiç biri hem Käbäni togap etmesin» diýip yglan etdi».
1Bu Ebu Bekr Syddykyň (r.a.) baştutanlygynda hijriniň dokuzynjy ýylynda ýerine ýetirilen hajdyr. Ol Mekgäniň boýun egidirileninden bir ýyl soňra we Allahyň Resulynyň özüniň ýolbaşçylyk eden hoşlaşyk hajyndan (Hajjetül-Weda) bir ýyl öň berjaý edilipdi.
Hijretiň sekizinji ýylynda Mekge boýun egidirileninden soň, buşähere emir edilip bellenen Attap ibn Esidiň (r.a.) ýolbaşçylygynda haj edilipdi. Arabystan ýarym adasynyň halkynyň hemmesi heniz yslam dinine girmändigi üçin, sekizinji we dokuzynjy ýyllarda köphudaýlylar hem, musulmanlar hem birlikde haja gider ekenler. Çyplak ýagdaýda Käbäni togap etmek hem, «Lä şerike leke» diýleninden soňra: «Illä şeriken hüwe leke telikühü we mä meleke» diýen samramany gaýtalamak hem şol köphudaýlylara mahsus zatlardy.
Hezreti Ebu Bekr şol ýyl Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýerine musulmanlara haj etdirmek üçin bellenilip, onuň ýanynda medinelilerden üç ýüz töweregi sahaba bardy. Ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýardam bermegi bilen bezelip-beslenen ýigrimi düýäni, özi tarapyndan-da bäş sany düýäni gurban bermek üçin niýetläp, Mekgä ugradypdyr. Şol döwürde «Beräýe» süresi-de inipdi. Bu mukaddes süre Allahü tagalanyň we onuň Resulynyň köphudaýlylardan (müşrüklerden) ýüz öwrendiklerini habar bermek bilen başlanyp, olar bilen baglaşylan şertnamalaryň ýatyrylýandygyny mälim edýärdi. Şeýle-de,onda şertnama baglaşyp, şoňa wepaly bolanlaryň howpsuzlygynyň şertnamanyň wagty tamam bolýança üpjün ediljekdigi, şertnama baglaşmadyklaraýa-da şertnama baglaşyp hem,ony bozanlara dört aý möhlet berlip, şondan soňra-da iman getirmedik kişiniň şertnamany bozan hasap ediljekdigi habar berilýärdi.
Bu süre ineninden soňra: «Ýa Allahyň Resuly, muny Ebu Bekr biler ýaly etseňiz, ol hem hemmelere habar berse» diýenleriň tapylandygyna garamazdan,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Muny menden, maşgala agzalarymdan bolan birinden başgasy meniň adymdan habar berip bilmez» diýipdir. Soňra hem Alyny (r.a.) bu aýaty-şeribäni öz adyndan haj edýänlere habar bermäge belläpdir. Bir rowaýata görä, Ebu Bekr Mekgäniň ýoly bilen barýan wagtynda,Jebraýyl alaýhyssalam aşak inip: «Ýa Muhammet, seniň bu wezipäňi diňe seniň maşgalaňa degişli biri habar berip biler» diýenmiş. Şol sebäpli hem bu işi ýerine ýetirmek üçin Aly (r.a.) ýollanypdyr. Hezreti Aly Allahü tagalanyň Resulynyň (s.a.w.) Adba ýa-da Kaswa atly düýesine münüp, Ebu Bekr heniz ýoldaka onuň yzyndan ýetipdir. Aly ýakynlaşan mahaly Ebu Bekr bir düýäniň bögürýän sesini eşidip: «Bu Allahyň Resulynyň (s.a.w.) düýesidir» diýip saklanypdyr. Onuň gözi hezreti Ala düşüp, ondan: «Buýruk getirýärmiň? Habar getirýärmiň?» diýip sorapdyr. Onuň habar bilen gelendigini bilip hem,ýoluny dowam etdiripdir. Başga bir rowaýata görä bolsa, Ebu Bekr Alasataşanyndan soň, Medinä dolanyp baryp: «Ýa Allahyň Resuly, bir zat indimi?» diýip soranmyş we: «Hawa, sen hem bu ýerde durma, git. Haja barýanlaryň emiri sensiň, Aly bolsa aýatlary yglan eder hem-de habar berer» diýen jogaby alanmyş.
Hernäme-de bolsa, haja gidenleriň ýolbaşçysynyň Ebu Bekr bolandygy üçin, Medinä dolanýançalar namazy onuň öziokadypdyr we hezreti Aly oňa uýupdyr. Terwiýe gününiň (zilhijjäniň sekizinji güni bolup, şol gün Arafata çykmaga taýýarlyk görülýär) öňküsi güni Ebu Bekr hutba okan mahaly hajyň nähili ýerine ýetirilmelidigini tälim beripdir. Gurbanlyk kesilýän günde bolsa,hezreti Aly hutba durup: «Eý, adamlar, men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) size iberen ilçisidirin» diýdi. «Nämäni habar bermäge geldiň?» diýip, oňa sorag berdiler. Ol hem «Beräýe» süresiniň başyndan otuz-kyrk, Müjehidiň sözüne görä bolsa,on üç aýat okady. Kuran okamagy tamamlap hem: «Şu ýyldan soňra müşrükleriň hiç biri Käbä ýakynlaşmasyn, ýalaňaç kişileriň hem hiç biri Käbäni togap etmesin. Musulmandan başgasy jennete girmez. Şonuň ýaly-da, kimiň şertnamasy bar bolsa, şol şertnamanyň möhleti dolýança oňa eýeriljek» diýdi. Şu aýdylanlardan,müşrüklere şolýyldan soňra haj etmegiň, ýalaňaçlara bolsa Käbäni togap etmegiň gadagandygy hakdaky habary hezreti Ebu Bekriň hem, hezreti Alynyň hem yglan edendiklerini aňlamak bolýar.