239 Limäs we nibäz şekilinde alyş-beriş etmegi, çarwalaryň bürenişleri ýaly bürenmegi, uýat ýeriňi ýapmaýan köýnekli namaz okamagy Allahyň Resulynyň (s.a.w) gadagan etmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 239 Limäs we nibäz şekilinde alyş-beriş etmegi, çarwalaryň bürenişleri ýaly bürenmegi, uýat ýeriňi ýapmaýan köýnekli namaz okamagy Allahyň Resulynyň (s.a.w) gadagan etmegi

عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: نَهَى النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَنْ بَيعَتَيْنِ: عَنِ اللِّمَاسِ وَالنِّبَاذِ ، وَأَنْ يَشْتَمِلَ الصَّمَّاءَ ، وَأَنْ يَحْتَبِيَ الرَّجُلُ فِي ثَوْبٍ وَاحِدٍ.

 

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Hezreti Pygamber (s.a.w.) limäs we nibäz1 şekilinde alyş-beriş etmegi, bir kişiniň özizäri bilen (bilden aşagyny ýapýan lybas) gollaryny we göwresiniň hemme ýerini dolap alyp, ellerini izäriň aşagyndan çykarmaga mejbur boljak derejede bürenmegini(ýagny iştimälü-sammany) we bir kişiniň öz uýat ýerlerini örtüp duran bir zady ýok mahaly, diňe ýeke köýnek geýip, otyrýeriniň üstüne çöküp we elleri bilen dyzlaryny gujaklap, olary garnyna tarap çekip oturmagyny gadagan etdi».

 

1Limäs we nibäz şekilinde alyş-beriş jahylyýet döwrüniň söwda etmek usullaryndandyr. Limäs eliňi degren zadyňy satyn almak hökmany bolan alyş-beriş ýörelgesidir. Nibäz satyljak zatlaryň üstüne daş zyňyp, ol haýsy zadyň üstüne düşse, şol zadyň satyn alynmagy hökman bolan alyş-beriş ýörelgesidir. Yslam dini geleninden soň, bular ýaly alyş-beriş ýörelgeleri gadagan edilipdir.