237 Çyplak gezmegiň Allahyň Resulyna (s.a.w) gadagan edilmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 237 Çyplak gezmegiň Allahyň Resulyna (s.a.w) gadagan edilmegi

     عَنْ جابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ يَنُقُلُ مَعَهُمْ الْحِجَارَةَ لِلْكَعْبَةِ وَعَلَيهِ إزَارُهُ ، فَقَالَ لَهُ الْعَبَّاسُ عَمُّهُ : يَا ابْنَ أَخِي لَوْ حَلَلْتَ إزَارَكَ فَجَعَلْتَهُ عَلَى مَنْكِبَيكَ دُونَ الْحِجَارَةِ ، قَالَ: فَحَلَّهُ فَجَعَلَهُ على مَنْكِبَيْهِ ، فَسَقَطَ مَغْشِيًّا عَلَيهِ ، فَمَا رُئِي بَعْدَ ذلِكَ عُرْيَاناً.

 

         Jabyr ibn Abdullah (Ensary)(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öz kowmuna degişli adamlar bilen bilelikde Käbäniň binasy üçin daş daşaýardy1. Ol diňe öňlüklidi. Allahyň Resulynyň (r.a.) doganoglan agasy Apbas (r.a.): «Gardaşymyň ogly, şu öňlügiňi çözüp, egniň üstüne goýup, daş sypjyrmaz ýaly etsene» diýip, oňa ýüzlendi»2.

Jabyr ýa-da oňa bu wakany beýan eden adam3 şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öňlügini çözüp, egniniň üstüne goýan badyna özünden gidip, aşak çökdi4. Ine, şol günden soňra hiç wagt ony çyplak ýagdaýda gören bolmady»5.

 

1Ýykylara gelen Käbäni Muhammet alaýhyssalamyň pygamberlige başlamazynyň öň ýanyndaky jahylyýet zamanynda kuraýyşlylar täzeden dikeldipdiler. Bu wakanyň haçan bolup geçendigi barada rowaýat köpdür:

1) Kuraýyşlylaryň Käbäni täzeden dikelden döwürlerinde,Allahyň Resuly (s.a.w.) heniz kämillik ýaşyna (12 ýaş) ýetmändi (Zühri).

2) Pygamber (s.a.w.) şol wagt on bäş ýaşyndady (Ibn Battal we Ibn Tin).

3) Käbäniň täzeden dikeldilmeginden, Muhammet alaýhyssalamyň pygamberlige başlan döwrüne çenli bäş ýyl geçipdir (Ibn Hyşam).

4) Käbe täzeden dikeldilende,Allahyň Resuly (s.a.w.) otuz alty ýaşynda eken.

5) Bu waka Allahyň Resulynyň (s.a.w.) musulmanlaryň enesi Hatyja (r.a.) öýlenmeginden öň bolup geçipdir (Beýhaky).

6) Bu babatda alymlaryň esasy köplüginiň unaýan pikiri,wakanyň musulmanlaryň enesiniň (r.a.) Pygamberimize (s.a.w.) durmuşa çykmagyndan on ýyl soňra ýüze çykandygyny tassyklaýar. Bu hasaba görä, Pygamberimiz (s.a.w.) şol wagt otuz bäş ýaşynda bolup çykýar (Muhammet ibn Yshak).

7) Bu waka Muhammet alaýhyssalamyň pygamberlige başlamagyndan on ýyl öňürti bolupdyr (Musa ibn Ukbe, Müjähit).

Bu hormatly işe tutuş kuraýyş tiresi – erkekler hem, aýallar hem, garrylar hem, çagalar hem gatnaşypdy.

2Hapyz Ebu Nugaým Yspyhanynyň «Deläilün-Nübüwwe» diýen kitabyndaky Apbas ibn Abdulmuttalybyň (r.a.) adyndan getirilýän hadysda şeýle diýilýär: «Kuraýyş tiresiniň Mukaddes Öýi täzeden dikeldýän wagty,erkekler iki-ikiden bölünip daş daşaýardylar, aýallar hem suw daşaýardy. Men hem Muhammet (s.a.w.) bilen birlikde daş daşaýardym. Biz öňlügimizi çözüp, egnimize goýup, onuň üstünde-de daşaýan daşymyzy goýmaga başladyk. Adamlara golaýlanymyzda öňlügimizi dakynardyk. Ol meniň öňümden ýöräp barşyna ýere ýykyldy. Men onuň ýanyna howlukdym. Ol gözüni asmana dikip durdy. Men: «Inim, näme boldy?» diýip soradym. Ol: «Ýalaňaç gezmek maňa gadagan edildi» diýdi. Gudratly we eziz Allahoňa pygamberlik bagyşlaýança men muny gizläp gezdim».

3Muny aýdanyň Jabyra (r.a.) bu wakany habar beren adamdygy aklyňa has jaý görünýär. Sebäbi Jabyr mekgeli däl-de, ensarydyr. Onuň ýaşy-da Käbäniň gurluşygynyň şaýady bolar ýaly derejede uly däldi. Şonuň üçin hem Jabyr bu wakany ýa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özünden, ýa-da Käbäniň gurluşygyna gatnaşan bir sahabadan eşiden bolup çykýar.

4Bu hadysyň Buharyda we Müslimde gabat gelmeýän bir nusgasynda: «Perişde ýanyna inip, öňlügini daňdy» diýlipdir. «Sireýi-Ibn Yshak» atly kitapda-da şeýle bir rowaýat bar: «Allahyň Resuly (s.a.w.) çaga wagtynda Allahü tagalanyň tarapyndan özüniň nähili edip goralandygyny habar berip, şeýle diýipdir: «Şeýle döwrüm ýadyma düşýär, ýagny kuraýyşly çagalaryň oýnaýan bir oýny üçin daş getirmäge ugrajak bolanymyzda hemmämiz ýalaňaçlanypdyk. Barymyz öňlügimizi çözüp alyp we arkamyza atyp, oňa daş ýükledik. Men hem beýlekiler bilen birlikde daş alyp gelýärkäm,gözüme görünmeýän biri duýman durkam janyma batjak bir güýçli ýumruk bilen meni urup: «Öňlügiňi dakyn!» diýdi. Öňlügimi öňüme bagladym. Soňra deň-duşlarymyň arasynda ýeke özüm öňlügim dakylgy halda arkam bilen daş-daşamaga başladym».

Ibn Yshagyň bu hadysy ygtybarly bolsa, onda şular ýaly wakanyň iki gezek, ýagny,Pygamberimiziň (s.a.w.) çaga wagtynda we soňra Käbäniň gurluşygy gidip duran wagty ýüze çykdygy bolýar.

5Allahyň Resuly hezretleri (s.a.w.) ýaramazlyklaryň ählisinden we jahylyýet zamanynyň ahlagyndan, utanç we aýyp işlerden pygamberlik wezipesini ýerine ýetirmäge başlamazyndan öň hem, ondan soňra hem uzak bolşy ýaly, Allahü tagalanyň bizar häsiýetlerinden arassa bolup, erkek adama ýüzi düşmedik ýaş gyzdan hem has utanjaňdy. Onuň özünden gitmegi we şondan soňra bir gezek hem çyplak ýagdaýda ile görünmezligi hem şol sebäplidi. Ondaky tebigy utanjyň derejesini Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu sözleri hem görkezýär: «Uýat ýerimi içki eşigimden gizlemegiň çäresini tapsam, gizlärdim».

Bir zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda adamlaryň ýanynda uýat ýeriňi ýapmagyň parzdygy barada hiç kim şübhelenmeýär. Ýöne ýeke wagtyň hem beýle etmegi halamaýanlar bar. Ebu Bekr Syddyk hezretleri (r.a.) hajatyny bitirýän wagtynda,kämil haýalydygy sebäpli,başyny örter eken. Ebu Musa Eşgary (r.a.) hem: «Garaňky otagyň içinde gusul täretini alyp hem, Rebbimden utanýanlygym üçin, bilimi dogruldamok» diýýär. Hezreti Aly (r.a.) bolsa: «Adam uýat ýerini açan mahaly,ýanyndaky perişde ýüzüni sowýar» diýipdir.