236 Kapyrlaryň dokan matasyndan tikilen eşigi geýip, namaz okap bolar
عَنْ الْمُغِيرَةِ بْنِ شُعْبَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَال َ: كُنْتُ مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي سَفَرٍ فقَالَ: (يَا مُغِيرَةُ ، خُذِ الإدَاوةَ). فَأَخَذْتُهَا ، فَانْطَلَقَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ حتى تَوَارَى عَنِّي ، فَقَضَى حَاجَتَهُ وَعَلَيهِ جُبَّةٌ شَامِيَّةٌ ، فَذَهَبَ لِيخْرِجَ يَدَهُ مِنْ كُمِّهَا فَضَاقَتْ ، فَأَخْرَجَ يَدَهُ مِنْ أَسْفَلِهَا ، فَصَبَبْتُ عَلَيهِ فَتَوَضَّأ وَضُوءَهُ للِصَّلاَةِ ، وَمَسَحَ عَلَى خُفَّيْهِ ثُمَّ صَلَّى.
Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykypdyk1. Ol maňa: «Mugyra, suwly gaby al» diýdi. Men suwly gaby elime aldym. Allahyň Resuly (s.a.w.) gözümden gaýyp bolýança menden uzaklaşdy-da, hajatyny ýerine ýetirdi. Onuň egninde bir şam jüpbesi bardy2. Ol ellerini jüpbäniň ýeňinden çykarmaga synanyşdy, emma jüpbäniň ýeňi dar geldi. Şondan soňra elini jüpbäniň aşagyndan çykardy. Men onuň eline suw akytdym. Ol namaz okamak üçin alynýan täreti aldy3 we mesileriniň üstüne-de mesh etdi. Soňra hem namaz okady».
1Bu sapar hijretiň dokuzynjy ýylyndaky Tebük gazawadydy.
2Bu jüpbe şol döwürlerde kapyrlaryň ýurdy bolan Şamdan Hijaza getirilen dar ýeňli jüpbelerdendi. Bu rowaýat kapyrlaryň dokan matasyndan tikilen eşigi geýip, namaz okap boljakdygyna delildir. Kapyrlaryň ýurdunda tikilen eşikleriň hapadyklary äşgär görnüp duran bolaýmasa, olary ýuwmazdan geýip, namaz okap boljakdygyny ymam Şapygy bilen Kufäniň şerigatçylary oňlapdyrlar. Ymam Mälik şonuň ýaly eşigi geýip, namaz okamagy-da, şonuň ýaly eşigi geýmegi-de mekruwh hasap edýär. Yshak ibn Rahuýa bolsa şolar ýaly eşikleriň baryny tämiz hasaplaýar. Şu meseleden söz açyp, Buhary ymam Zühriniň boýagyna peşew goşulan ýemen köýneklerini geýendigini we hezreti Alynyň kapyrlaryň dokan mütgelinden tikilen eşigi başda ýuwman geýendigini aýdýar. Ýokarda Zühri hakynda aýdylan rowaýata dolanyp gelsek, onuň ýemen köýneklerini başda ýuwup geýendigi, ýa bolmasa-da, şol köýnekleriň onuň uýan mezhebine görä tämiz hasap edilen eti halal haýwanlaryň peşewine boýalandygy çak edilýär.
3Bu alnan täretiň namaz täretinden başga täret bolmaga haky hem ýok. Ýöne «wudy» sözüniň täreti-de, el ýuwmagy-da öz içine alýandygy üçin, Mugyra (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hajatyny ýerine ýetireninden soň, diňe elini ýuwmak bilen kanagatlanman, hut, biziň namaz täreti diýýän täretimizi alandygyny aýtmak isleýär.