235 Namazy bir köýnek bilen okaýan erkek adamlaryň yzynda durup, namaz okaýan zenanlara duýduryş

Başy » NAMAZ KITABY » 235 Namazy bir köýnek bilen okaýan erkek adamlaryň yzynda durup, namaz okaýan zenanlara duýduryş

 

     عَنْ سَهْلٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَال َ: كَانَ رِجَالٌ يُصَلُّونَ مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَاقِدِي أُزْرِهِمْ عَلَي أَعْنَاقِهِمْ كَهَيئَةِ الصِّبْيَانِ ، وَيُقَالُ (لِلنِّسَاءِ لاَ تَرْفَعْنَ رَؤوسَكُنَّ حتى يَسْتَوِي الرِّجَالُ جُلُوساً).

 

Sehl (ibn Sagt Sagty) (r.a.) şeýle diýipdir: «Käte birtopar adamlar izärlerini (bilden aşagyny ýapýan lybas),çagalaryň edişi ýaly,boýunlaryna baglap, Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okardylar. Şonda aýallara: «Erkekler oturyp, dikelýänçäler, başlaryňyzy sejdeden galdyrmaň» diýlerdi»1.

 

1Hapyz ibn Hajar Askalany soňky sözleri aýdýanyň Bilal Hebeşidiginiň (r.a.) hakykata has ýakyn bolmagynyň mümkindigini aýtsa-da, Ebu Dawut bilen Beýhaky tarapyndan Ebu Bekriň gyzy Esmanyň (r.a.) adyndan beýan edilýän rowaýatdan şol adamyň Allahyň Resulydygy (s.a.w.) aňlanylýar.