234 Namazy bir köýnekli okaňda örtünmegiň aýratynlygy

Başy » NAMAZ KITABY » 234 Namazy bir köýnekli okaňda örtünmegiň aýratynlygy

    عَنْ جَابِرٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: خَرَجْتُ مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي بَعْضِ أسْفَارِهِ ، فَجِئْتُ لَيْلَةً لِبَعْضِ أَمْرِي ، فَوَجَدْتُهُ يُصلى وَعَلَيَّ ثَوْبٌ وَاحدٌ ، فَاشْتَمَلْتُ بِهِ وَصَلَّيْتُ إلَي جَانِبِه ِ، فَلَمَّا انْصَرَفَ ، قَالَ: (مَا السُّرَى يَا جَابِرُ). فَأَخْبَرْتُهُ بِحَاجَتِي ، فَلَمَّا فَرَغْتُ قَال: (مَا هَذَا الاشْتِمَالُ الَّذِي رَأَيتُ). قُلْتُ: كَانَ ثَوْبٌ ، يعني ضاقَ ، قَالَ: (فَإنْ كانَ وَاسِعاً فَالْتَحِفْ بِه ِ، وَإنْ كانَ ضَيِّقاً فَاتَّزرْ بِهِ).

 

Jabyr (ibn Abdullah Ensary)(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň saparlarynyň birinde onuň ýanynda men hem bardym. Bir gije bir iş bilen onuň ýanyna gitdim. Görsem, ol namaz okaýar eken. Meniň egnimde ýeke köýnegim bardy. Men köýnegime yhrama bürenişleri ýaly bürenip, onuň ýanynda namaza durdum. Ol namaz okap bolanyndan soňra: «Jabyr, gijäniň içinde gelmegiň sebäbi näme?» diýip sorady. Men gelmegimiň sebäbini aýtdym. Ol işimi bitireninden soňra: «Bu bürenen zadyň näme?» diýip sorady. «Ol ýeke köýnekdir» diýdim. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Giňiş bolsa, oňa büren, dar bolsa, biliňe bagla» diýdi»1.

 

1Bu hadysy-şerifde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) berýän soraglary we tälimi mundan öň geçen hadysy-şeriflerde gürrüňi edilen köýnege dolanmak meselesini aýdyňlaşdyrýar. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu emrinden aňlanyşyna görä, öňki hadyslarda boýna oralmagy maslahat berlen ýeke köýnek örän giňiş bolmaly eken. Dar köýnegiň ýeke özüniň boýna oralmagy dogry dälmiş. Bürenilen dar köýnek bedeni gaýym ýapýan bolsa-da, namaz okaýan adam egilen ýagdaýynda uýat ýerleriniň açylman galjagyna kepil bolup bilmez. Ýeke we örän dar köýnegiň namaz okamak üçin amatly bolmajakdygy üçin ony öňlük ýaly baglamagyň ýerlikli boljakdygy barada bu hadysda tälim berilýär.