232 Namazy bir köýnekli okaňda üns bermeli zat

Başy » NAMAZ KITABY » 232 Namazy bir köýnekli okaňda üns bermeli zat

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لا يُصلى أَحَدُكُمْ فِي الثَّوْبِ الْوَاحِدِ لَيْسَ عَلَى عَاتِقَيْهِ شَيْءٌ ).

 

Ýene Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bir köýnekli wagtyňyz, onuň bir bölegini boýnuňyza1 oraman hiç biriňiz namaz okaýmaň» diýdi»2.

 

1Bu söz «atyk» sözüniň terjimesi bolup, egniň ujy bilen boýnuň çykýan ýeriniň aralygyna şeýle diýilýär.

2Lybasyň bir bölegini boýnuň daşyna dolap baglamagyň manysy hakda 229-njy hadysda gürrüň edilipdi.