231 Namazy bir köýnekli okamagyň bolýandygy hakda
عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ سَائِلاً سَأَلَ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَنْ الصَّلاةِ فِي ثَوْبٍ وَاحِدٍ ، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (أَوَلِكُلِّكُمْ ثَوْبَانِ).
Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan aýdylýan bir rowaýata görä, biri1 Allahyň Resulyndan (s.a.w.) bir köýnekli namaz okamagyň dogrudygyny ýa-da dogry däldigini sorapdyr. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Eýsem,iki köýnekliňiz hembarmy?»diýipdir2.
1Bu soragy bereniň kimdigi anyk belli däl. Sarahsy onuň Söwban atly biridigini aýdypdyr.
2Bir köýneklikäň namaz okamagyň bolýandygy bilen sahabalaryň we tabygynlaryň hemmesi ylalaşypdyr. Bir gezek Ibn Mesgut bilen Übeý ibn Kagp ikisi hezreti Omaryň ýanynda (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) bu mesele barada jedel edipdirler. Übeý: «Bir köýnek bilen namaz okamak bolýar» diýipdir. Ibn Mesgut hem: «Bu köýnegiň az zamanynda şeýledi» diýip, oňa garşy çykypdyr. Omar-da: «Übeý ibn Kagbyň aýdýany dogrudyr» diýipdir. Ibn Mesgut eňek bermändir. Şondan soňra Omar (r.a.) münbere çykyp: «Dogrusy Übeýiň aýdanydyr, ibn Mesgudyň aýdany däldir» diýip söze başlapdyr we bu hadysyň Buharynyň kitabynda başga bir adamyň adyndan aýdylan goşmaçasynda aýdylanlary sözläpdir. Ol goşmaçada şeýle diýilýär: «Soňra biri Omardan (r.a.) bu mesele barada sorady ol hem: «Allahü tagala size giňişlik beren wagty sizem köýnekleriňizi giňiş edip tikiniň. Kimiň köýnegi birden artyk bolsa, olary geýsin. Ol izär bilen ridä geýip hem, izär bilen kamys geýip hem, izär bilen kaba geýip hem, seräwil bilen ridä geýip hem, seräwil bilen kamys geýip hem, serawil bilen kaba geýip hem, tübbän bilen kaba geýip hem, tübbän bilen kamys geýip hem namaz okap biler» diýipdir. Rowaýatçy: «Meniň pikirime görä, ol: «Tübbän bilen ridä geýip hem» diýipdi» diýýär.
«Izär» diýip, futa, ridä, yhram ýaly edilip geýilýän lybasa aýdylýar. Kamys biziň köýnek diýdigimiz. Kaba diýip kaftana, seräwil diýip hem biziň donumyza aýdylýar. Tübbän dyzlary ýapmaýan gysga donmuş. Gep lybasyň görnüşinde we mukdarynda däl-de, onuň uýat ýerleriňi ýapmagyndadyr.