229 Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir köýneklikä okan namazy

Başy » NAMAZ KITABY » 229 Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir köýneklikä okan namazy

     عَنْ عُمَرَ بْنِ أَبِي سَلَمَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّى فِي ثَوْبٍ وَاحِدٍ قَدْ خَالَفَ بَيْنَ طَرَفَيْهِ.

 

         Omar ibn Ebu Seleme1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly hezretleri (s.a.w.) bir gezek egnindeiki ujy atanaklaýyn baglanan bir köýnek2 bar wagty namaz okapdy».

 

1Ol musulmanlaryň enesi Ümmi Selemäniň (r.a.) Ebu Selemeden bolan ogludyr we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öweý ogludyr. Onuň kakasy Ebu Seleme Abdullah ibn Abdyleset Mahzumy on birinji bolup iman getiren sahaba bolup, Pygamberimiziň (s.a.w.) süýtdeş dogany we doganoglan uýasy Berre binti Abdylmuttalybyň ogludyr. Kyýamat gününde sag tarapyndan kitaby ilki beriljek adamyň Ebu Seleme Abdullah ibn Abdylesetdigi, çep tarapyndan kitaby ilki beriljegiň hem onuň dogany Sufýan ibn Abdylesetdigi aýdylýan bir gürrüň hem bar.

2Şol zamanda iki köýnek geýen adam doly geýnen adam hasaplanýardy. Köýnekleriň biri adamyň bilinden aşagyny, beýlekisi bolsa bilinden ýokarsyny örtýärdi. Olaryň bilden aşagyny ýapýany öňlük ýaly bile baglanyp, beýlekisi hem yhram ýaly edilip, egne atylardy we göwräni doly örterdi. Bu ýerde gürrüňi edilýän ýeke köýnek şol egniňe atylýan köýnek bolmaly. Onuň sag tarapky ujuny çep goltugyň aşagyndan geçirip, çep tarapky ujuny hem sag goltugyň aşagyndan geçirip, iki ujuny ýa döşüňde, ýa-da arkaňda baglamak bilen ýapynyp, namaz okamak boljakdygy şundan görünýär. Muny dürli eşik geýmegiň, dürli eşige dolanmagyň, bürenmegiň bolýandygyna yşarat hasaplaýanlar hem bar. Köýnegiň iki ujuny baglamagyň manysy rukuwa gidilende köýnegiň syrylyp gaýtmazlygy we namaz okaýanyň öz uýat ýerine nazary düşmezligi bilen baglanyşyklydyr.