228 Parz namazlarynyň rekagat sany hakda
عَنْ عَائِشَةَ أُمِّ الْمُؤْمِنِينَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ:فَرَضَ اللَّهُ الصَّلاةَ حِينَ فَرَضَهَا ، رَكْعَتَيْنِ رَكْعَتَيْنِ ، فِي الْحَضَرِ وَالسَّفَرِ ، فَأُقِرَّتْ صَلاةُ السَّفَرِ ، وَزِيدَ فِي صَلاةِ الْحَضَرِ.
Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahü tagala namazy parz eden wagty sapar wagtynda-da, ýaşaýan ýeriňde-de agşam namazyndan başga1 namazlary iki rekagat edip okamagy parz edipdi. Pygamberimiziň (s.a.w.) hijretinden soňra2 sapar namazlary öňküligi ýaly galdyrylyp, ýaşaýan ýeriňde okalýan namazlar iki rekagat artdyryldy»3.
1Bu ýerde agzalýan agşam namazy «witrün-nehardyr». Ol ilki parz edilende, üç rekagat edilip, parz edilipdi.
2Başga bir rowaýatdan görnüşine görä, dört rekagat namazlaryň soňky iki rekagaty hijretden bir ýyl soňraparz edilipdir.
3Ertir namazynyň öňküsi ýaly iki rekagatlygyna galdyrylmagy, onuň kyýamynda Kuranyň uzak okalmagy bilen baglanyşykly diýýänler hem bar.
Äşäniň (r.a.) bu sözi onuň sapar wagtynda okalan gysga namazyň uzyn namazyň ýerine geçýändigine ynanandygyny aňlamaga kömek edýär. Onuň pikirine görä, mysapyryň dört rekagat namaz okamagy ýerlikli boljak däl. Alymlaryň köpüsi bolsa:وَإِذَا ضَرَبْتُمْ فِي الْأَرْضِ فَلَيْسَ عَلَيْكُمْ جُنَاحٌ أَنْ تَقْصُرُوا مِنَ الصَّلَاةِ= „We ýzä zarabtüm fil-arzy fe-leýse aleýküm jünähün en taksürüw minessaläti” (golaý manysy:«Sapara çykanyňyzda namazyň bir bölegini gysgaltmagyňyzda siz üçin günä ýokdur».«Nisa» süresiniň 101-nji aýatyndan) aýaty-kerimesine salgylanmak bilen sapardaky parz dört rekagat bolsa-da, onuň iki rekagat edilip okalmagyna rugsat berilýändigi bilen ylalaşýarlar. Olaryň pikirine görä, mysapyr namazy dört rekagat edip okasa, dördüsi-de parzyň ornuna geçer. Hanefilere görä bolsa mysapyrlara parz bolany diňe iki rekagatdyr. Olaryň pikirine görä, mysapyr namazyny dört rekagat edip okamakçy bolsa, onuň iki rekagaty nepiliň hasabyna geçýär. Ýene Äşäniň (r.a.) adyndan aýdylýan bir rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sapar wagtynda namazy käte gysga, käte doly okap, orazany-da sapar wagtynda käte tutman, käte-de tutandygy hakynda hem aýdylýar, ýöne onuň güýji Buharyda gelýän bu hadysyňkydan pesdir.