509 Juma gününiň parz namazyndan öňürti we soňra okalýan namazlar hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 509 Juma gününiň parz namazyndan öňürti we soňra okalýan namazlar hakda

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كَانَ يُصَلِّي قَبْلَ الظُّهْرِ رَكْعَتَيْنِ ، وَبَعْدَهَا رَكْعَتَيْنِ ، وَبَعْدَ الـمَغْرِبِ رَكْعَتَيْنِ فِى بَيْتِهِ ، وَبَعْدَ الْعِشَاءِ رَكْعَتَيْنِ ، وَكَانَ لاَ يُصَلِّي بَعْدَ الـجُمُعَةِ حَتَّى يَنْصَرِفَ فَيُصَلِّي رَكْعَتَيْنِ.

 

         (Abdullah) ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle namazyndan öň iki rekagat we öýle namazyndan soň ýene iki rekagat, agşam namazyndan soňhemöz öýünde iki rekagat namaz okardy. Ýassy namazyndan soňra hemöýünde iki rekagat namaz okardy.1 Juma namazyndan soňrabolsa metjitden çykyp, öýüne barman, namaz okamazdy. Ýöne soňra öýünde iki rekagat namaz okardy»2.

 

1 Buharynyň Nafynyň ýolundan beýan eden bu hadysy-şeribinde parz bolan namazlar bilen ýanaşyk okalan sünnet namazlarynyň mukdary beýan edilýär. Bu ýerdäki sözlerden öýle namazynyň parzyndan öň okalýan sünneti-müýekkede diňe iki rekagat ýaly bolup görünýär. Ýene Buharynyň Abdullah ibn Omardan (r.a.) onuň ogly Salym ibn Abdullahyň ýolundan beýan eden başga bir hadysynda-da şular ýaly maglumat berilýär. Bu hadyslarda ertir namazyndan öň okalýan iki rekagat sünneti-müýekkede barada hiç zat aýdylmaýar. Çünki Abdullah ibn Omar (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) musulmanlaryň enesi Hafsa tarapyndan gudasy bolup, ol diňe özüniň parz namazlaryndan öňürtiwe soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w.) öýüne girip okan sünnet namazlary barada habar berýär.

Ertir namazyndan öňürti okalýan sünnet namazy babatda aýdylanda bolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy hem yhlas bilen okandygyny Abdullah ibn Omar (r.a.) öz aýal dogany Hafsadan eşidipdir. Mysal üçin, Buharynyň ýene Nafynyň ýolundan beýan eden weZebidiniň «Tejridine» girmedik iki sany hadysynda Ibn Omar(r.a.):«Ertir namazyndan ozalky sagat Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna girip bolmajak bir döwürdi. Hafsa maňa: «Azançy azan aýdyp, daň atan wagtynda-da iki rekagat okardy diýdi» diýipdir. Hatda ol musulmanlaryň enesi Hafsanyň (r.a.) adyndan bu iki rekagat namazy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gysga edip okandygyny hem habar berýär. Şonuň ýaly-da, bu iki hadysda agşam we ýassy namazlarynyň sünnetlerini Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mydama öýünde okandygy hem özbaşdak beýan edilýär.

Diýmek, Ibn Omaryň (r.a.) habar bermegine görä, müýekkede bolan sünnet namazlary on rekagatdyr. Mysal üçin, onuň özi-de ýokarda agzap geçen rowaýatlarymyzyň birinde:«Allahyň Resulyndan (s.a.w.) on rekagat namaz belledim...» diýýär. Ýöne Müslimiň kitabynda musulmanlaryň enesi ÜmmiHabybanyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä, yzygiderli okalýan on iki rekagat sünnet namazyny okamagyň maslahat berlendigi-de bellidir. Bu on iki rekagatyň dördüsi öýle namazyndan öňki dört rekagat sünnet namazydyr. ÜmmiHabyba (r.a.) hezretleri: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim bir gije-gündiziň dowamynda on iki rekagat namaz okasa, jennetde onuň üçin bir jaý bina ediler»diýendigini eşitdim» diýeninden soň: «Muny Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşidenimden soň, şol namazlary hiç terk etmedim» diýýär.

Müslimiň kitabynda musulmanlaryň enesi Äşäniň(r.a.) adyndanhem bir rowaýat beýan edilipdir. Hezreti Äşe (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan nepil namazlary baradaky sorag bilen özüne ýüz tutan Abdullah ibn Şakyga: «Meniň öýümde öýle namazyndan öňürti dört rekagat okardy, ondan soňra çykyp, parz namazyny okadardy. Soňra ýene dolanyp gelip, iki rekagat namaz okardy. Agşam namazyny okanyndan soňhem gelip, iki rekagat namaz okardy. Şeýle hemgijäniň içinde witir namazy hökmünde dokuz rekagat namaz okardy. Şeýle hem gijelerine ýa aýak üstünde durup, ýa-da oturyp, uzyn-uzyn namazlar okardy. Aýak üstünde kyragat okasa, aýakda duran ýerinde, oturan ýerinde kyragat etse-de, oturan ýerinden rukuwa we sejdä barardy. Daň atanyndan soňhem iki rekagat namaz okardy» diýip jogap berýär.

Öýle namazyndan öňürti okalýan dört rekagat müýekkede-sünnet namazy hakynda Müslimiň beýan eden bu iki hadysyndan başga Tirmiziniň kitabynda hem Alynyň, Äşäniň we Abdullah ibn Saýybyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan beýan edilen dört sany hadyshem bar. Hezreti Aly (r.a.) öýle namazyndan öňürti dört we soňra iki rekagat namaz okamagyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) endigi bolandygyny habar berse, onuň öýle namazyndan öň dört rekagat namaz okamadyk günlerinde,olaryparz namazyndan soňraokandygy hezreti Äşäniň (r.a.) rowaýatyndan belli bolýar. Abdullah ibn Saýyp (r.a.) günortandan soňrawe öýle namazynyň parzyndan öňürti dört rekagat namazyň yzygiderli okalandygyny habar bermek bilen birlikde, bu mynasybetli Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bu asmanyň gapylarynyň açylýan sagadydyr. Bu sagatda ýerine ýetiren bir salyh amalymyň dergähi-yzzatagöterilmegini halaýaryn»diýendigini hem rowaýat edýär.

Şonuň ýaly-da,«Sünen» atlandyrylýan dört kitapda musulmanlaryň enesi ÜmmiHabybanyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir merfuw hadys hem bolup, onda: «Her kim öýle namazynyň parzyndan öňürti dört, ondan soňra-da dört rekagat namaz okasa, Allahü tagala o kişini jähennemiň ataşyna haram eder» diýilýär. Şuňa meňzeş ýene bir hadys bolup, olardan ataşa haram bolmak artykmaçlygynyň bu sekiz rekagat namazy yhlasly okamak bilen baglanyşyklydygy aňlanylýar.

Ertir namazynyň parzyndan öňürti okalýan iki rekagat müýekkede-sünnet namazy hakynda kesgitli emrler bar. Nepil namazlarynyň arasynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle yhlasly okan başga bir namazy ýokdur. Hatda «SünenEbu Dawut» kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Sizi duşman atlylary kowalasa hem,bu iki rekagaty terk etmäň»hem diýlipdir. Agşam namazyndan soň okalýan iki rekagat sünnet namazyna-da edil şonuň ýaly ähmiýet berlipdir. Tirmiziniň rowaýat etmegine görä, Ibn Mesgut (r.a.): «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazyndan soňra we ertir namazyndan öňürti okaýan iki rekagatynyň birinde: «Kul ýäää-ýeýýühel-käfiruwne», beýlekisinde: «Kul hüwellahü ahadün» sürelerini okandygyny şeýle bir köp gezek eşitdim welin, näçe gezekdigini hem bilmeýärin» diýýär. Bu hadysy-şerif Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yhlas bilen okamak babatda-da, ähmiýetleri boýunça-da bu iki namazyň derejelerini deň hasaplandygyny görkezýär. Hatda tabygyndan Sagytibn Jübeýriň: «Agşam namazyndan soňky iki rekagatyterk etjek bolsam, Allahyň bagyşlamagyna mynasyp bolmazmykam diýip gorkýaryn» diýşiýaly, Hasan Basry-da,kadadan çykma hökmünde,bu ikirekagatyň wajypdygy bilen ylalaşypdyr.

Ymam Mäligiň Mekhuwlyň adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa: «Agşam namazyndan soňra hiç söz sözlemezden iki (başga bir rowaýata görä, dört) rekagat namaz okan kişiniň namazy aglaýy-illiýýine göteriler»diýilýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda sahabalaryň agşam namazyndan öňürti iki rekagat namaz okandygy we onuň gadagan edilmändigi-de 370-nji hadys bilen baglanyşyklylykda aýdylyp geçilipdi.

Ýassy namazyndan soňra okalýan sünneti-müýekkedäniň iki rekagatdygy Abdullah ibn Omaryň (r.a.) hadysyndanhem, beýleki köpsanly hadyslardanhem belli bolsa-da, «SüneniEbu Dawut» kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.)adyndan beýan edilen rowaýatda onuň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her gije dört ýa-da alty rekagat namaz okandygyny Şüreýh ibn Hanyýahabar berendigi aýdylýar. Musulmanlaryň enesi hezretleri şeýle diýýär: «Allahyň Resulynyň,(s.a.w.) ýassy namazyny okadyp, ýanyma geleninden soň, dört ýa-da alty rekagat namaz okamadyk bir gijesi hem ýokdy. Hatda bir gije ýagyş ýagyp, gaýyşdan bir düşek düşäpdim. Düşegiň bir deşiginden suwuň çogdurylyp durandygy, şeýle ýagdaýda-da mübärek göwresiniňdireşikleriniňöl bolmagyna Allahyň Resulynyň (s.a.w.)üns bermeýändigihäzirhem gözümiň öňünde».

Ikindi namazyndan öňürti okalýan sünnet namazy beýlekiler ýaly müýekkedebolmasa-da, ol babatda Ibn Omaryň we Alynyň (Allah olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen rowaýatlar bar. «SüneniEbu Dawut» kitabynda Ibn Omar (r.a.):«Ikindi namazynyň parzyndan öňürti dört rekagat namaz okan kişä Allahü tagala rehmet eýlesin»diýen hadysy gürrüň berse, hezreti Alynyň (r.a.) adyndan Tirmiziniň kitabynda beýan edilen hadysda: «Ikindi namazyndan öňürti dört rekagat namaz okamak Allahyň Resulynyň (s.a.w.) endigidi. Ol bu dört rekagatyň arasyny Allahü tagala ýakyn perişdelere we olara tabyn musulmanlara we imanly kişilere salam bermek bilen bölerdi» diýlipdir. Şonuň ýaly-da, «SüneniEbu Dawut» atly kitapda ýene-dehezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýatda: «Ikindi namazyndan öň iki rekagat namaz okamak Allahyň Resulynyň (s.a.w.) endigidi» diýen sözler bar. Ikindi namazyndan soňranepil namazyny okamagyň gadagandygy barada 346-njy, 348-nji we 349-njyhadyslarda aýdylypdy. Hezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan edilen bu iki hadysyň arasyndaky gapma-garşylygyň sebäbine düşünmek üçin 350-nji hadysyň düşündirişine seret.

Ýassy namazynyň parzynyň öňünden okalýan nepil namazy barada ygtybarly hadyslary özünde jemleýän alty kitabyň (Kütübi-Sitte) hijisinde hiç zat aýdylmaýar. Bu ýagdaý ýassy namazynyň başky sünnetiniň Abdullah ibn Mugaffalyň (r.a.) adyndan beýan edilen 370-nji hadysa esaslanylyp okalýandygyny görkezýär.

2 Bu ýerde juma namazyndan öňürti okalýan müýekkede sünnet namazy barada hiç zat aýdylmazlygy, juma namazynyň öýle namazynyň ýerine geçýänligi üçin, bu namazyň öýle namazyndan öňürti okalýan sünnet namazy ýalydygynyň öz-özünden düşnükli bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýogsam,juma namazynyň başky sünneti hakdaky rowaýatlarhem, onuň soňky sünneti hakdaky rowaýatlarhemöýle namazynyň sünnetleri hakdaky rowaýatlar ýaly köpsanlydyr. Mysal üçin, «SahyhyIbn Hybban» atly kitapda Abdullah ibn Zübeýriň (r.a.) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Parz edilen namazlaryň arasynda özünden öňürti iki rekagat namaz okalmaýan bir namazhem ýokdur»diýilýändigine görä, juma namazynyň parzyndan öňürti hem azyndan iki rekagat namaz okamagyň sünnetdigi şübhesizdir (370-nji hadys bilen onuň düşündirişine-de seret). Ýöne bu ýerdäki rowaýatda ünsüňi çekýän esasy zat Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu ýerde gürrüňi edilýän iki rekagat namazy mydama öz öýünde okamagydyr. Onuň beýle etmegi iki rekagatly juma namazynyň parzynyň dört rekagatly öýle namazynyň parzynyň ýerine okalýandygy üçin, juma namazynyň parzynyňhem dört rekagatly diýip hasap edilmegine ýol bermezlik niýeti bilen baglanyşyklydyr.

Buharynyň we Müslimiň, şonuň ýaly-da, Ebu Dawudyň, Tirmiziniň we Nesaýynyň kitaplarynda rowaýat edilmegine görä, bir gezek Ibn Omar (r.a.) bir kişiniň juma namazynyň parzyndan soňraoturan ýerinden aýak üstüne galyp, iki rekagat sünnet namazyny okamaga durandygyny görüp, ony itipdir we: «Juma namazyny dört rekagat edip okamak isleýäňmi?» diýip ýazgarypdyr. Juma namazynyň soňky sünnetini öýünde däl-de, metjitde okamak isleýän kişi, parz namazyndan soň, ýa gürrüňleşmelidirýa-da, iň bolmanda, duran ýerini üýtgetmelidir. Müslimiň öz kitabynda beýan etmegine görä, Saýyp ibn Ýezit (r.a.) Mugawyýanyň maksurasynda(metjitde ýerleşýän daşy gözenekli beýik ýer) juma namazyny okap, ymam salam berip bermänkä-dederrew aýak üstüne galyp, sünnet namazyny okap başlanda, Mugawyýa: «Indi bir gezek hem beýle etmegin. Juma namazyny okanyňdansoňragürrüňleşmezden ýa-da başga bir ýere geçmezden, oňa başga bir namaz sepleme. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) gürrüňleşmezden ýa-da duran ýeriňi üýtgetmezden, bir namazy başgasyna seplemegi bize gadagan edendir» diýipdir. Ýöne iki namazyň arasyny gürrüňleşmek arkaly açanyňdan,ýeriňi üýtgetmek arkaly açmak has gowudyr.

Juma namazyndan soňky sünnetiň rekagat sany babatda aýdylanda bolsa, ol rekagatlaryň sany Ibn Omaryň (r.a.) bu ýerdäki hadysyna görä, iki bolsa-da, onuň dört, hatda alty rekagatdygynadegişli rowaýatlarhembar. Müslimiň, Ebu Dawudyň we Tirmiziniň kitaplarynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Juma namazyndan soňra namaz okanyňyzda, dört rekagat edip okaň»diýlipdir. Ibn Omar (r.a.) juma namazynyň parzyndan soňraokalýan sünnet namazynyň iki rekagatdygyaýdylýan hadysyň rawysy bolup durka, Tirmiziniiň beýan etmegine görä, metjitde iki rekagat namaz okanyndan soň, aýratyn dört rekagat namaz hem okapdyr. Ebu Dawudyň aýtmagyna görä bolsa, ol Mekgede wagty şeýle edip, Medinädolanyp geleninden soň, öz öýünde iki rekagat namaz okamak bilen çäklener eken. Ondan beýle etmeginiň sebäbi soralanda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edendigini aýdypdyr. Tabygyndan Ebu Abdyrahman Sülemi şeýle diýenmiş: «Ibn Mesgut (r.a.) bize juma namazynyň yzyndan dört rekagat namaz okamany öwredipdi.Soňra Aly (r.a.) bizejuma namazyndan soňalty rekagat namaz okamagy öwretdi».

            Ýeke wagtyň okalýan nepil namazynyň ryýa ýer goýmaýandygy üçin,nepil namazlarynyň öýde okalmagy has gowudyr. Irki musulmanlaryň sünnete tabyn bolup ýerine ýetiren bu amallary birtopar ýalta kişileriň juma namazyndan soňra sünnet namazy okalmaz diýen pikire gelmeklerine sebäp bolup, şu günlerhem köplenç şaýady bolşumyz ýaly, ymam salam berip bermänkä, jemagatyň ýary aýakgaplaryny alyp, daşary çykmaga howlugýarlar. Ýöne öýlerine dolanyp, wagt sünnetini okamaga däl-de, esasy wezipelerini ýerine ýetiren hasaplap, başga işleri ýerine ýetirmäge haýdaýarlar we nähili sogapdan mahrum bolýandyklaryny özleri hem bilmeýärler.

Juma namazyndan soňky nepil namazy babatda fykyhçy alymlar üç topara bölünýärler. Birinji topara girýän alymlara görä, juma namazynyň salamyny bereniňden soň, iki rekagat sünnet namazyny okamak üçin öýüňe dolanmaly. Omar, Ymran ibn Hüseýin (Allah ikisindenhem razy bolsun!) we ymam Nahaýy şu pikirde bolupdyrlar. Ymam Mälik: «Öýüňe dolanmak wezipesi diňe ymama degişlidir. Jemagat sünnet namazyny metjitde okap biler» diýýär. Beýle pikir edýänleriň delili Buharynyň beýan eden şu hadysydyr.

Ikinji topara girýän alymlara görä, juma namazynyň parzyndan soňra ilki iki, soňra hem dört rekagat namaz okamaly. Bu pikir Aly ibn Ebutalybyň, Ibn Omaryň we Ebu Musa Eşgarynyň (Allah olardan razy bolsun!) tarapyndan gelip ýetip, müjtehit alymlardan Atanyň, Söwriniň we Ebu Ýusubyňhem pikirleri şonuň ýaly bolupdyr. Ýöne Ebu Ýusup dört rekagat namazyň öňürti okalmagyny mustahap hasaplaýar. Olaryň delili-de (bu düşündirişimizde biraz öň geçen) Ibn Omaryň (r.a) Mekgedäki hereketidir. Ymam Ebu Ýusubyň dört rekagat namazy öňürti okamagy-da Ibn Omaryň (r.a) bir namazdan soň ýene edil şol namazyň rekagatlarynyň sany bilen deň rekagatly namaz okamagy mekruwh hasaplamagy bilen baglanyşyklydyr. Ymam Şapygy bolsa juma namazyndan soňranepil namazlary näçe köp okalsa, şonça şat bolýandygyny aýdypdyr.

Üçünji topara girýän alymlar babatda aýdylanda bolsa, olar juma namazynyň parzyndan soňraara salym salman, dört rekagat namaz okamalydygyny aýdýarlar. Olaryň bu pikiri, Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan biraz öň beýan edilen hadysa esaslanyp, alymlardan Alkama we Nahaýy-da olar bilen ylalaşýarlar. Ebu Hanife bilen Yshak ibn Rahuýanyňhem düşünjeleri şunuň ýalydyr. Bularyň delili Ebu Hüreýräniň (r.a) biraz öňdebeýan edilenhadysydyr.