507 Juma gününde dogalaryň kabul bolýan wagty

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 507 Juma gününde dogalaryň kabul bolýan wagty

    عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ذَكَرَ يَوْمَ الْجُمُعَةِ ، فَقَالَ: (فِيهِ سَاعَةٌ لاَ يُوَافِقُهَا عَبْدٌ مُسْلِمٌ وَهْوَ قَائِمٌ يُصَلِّي ، يَسْأَلُ اللَّهَ تَعَالَى شَيْئاً ، إلاَّ أَعْطَاهُ إيَّاهُ ). وَأَشَارَ بِيَدِهِ يُقَلِّلُهَا.

 

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün juma gününden söz açyp: «Juma gününde bir sagat bardyr. Musulman bir gul namaz okasa1 we şol sagada rast getirip, Allahü tagaladan bir zat dilese,2 Allahü tagala onuň dilän zadyny hökman berer»diýdi.3 Ol bu sagadyň gysgadygyny aňlatmak üçin hem mübärek eliniň başam barmagyny orta barmagynyň we ogulhajat barmagynyň iç ýüzüne basybrak yşarat etdi».4

 

1 Hadysyň äheňinden belli bolşy ýaly, doga edýäniň namazda dik durmagy şert däldir. Şonuň üçinhem, bu jümle arapçadan sözme-söz terjime edilende: «Namaz okamak üçin dik duranda» görnüşinde bolmaly hem bolsa, bu ýerde aýdyljak bolunýan pikiri has dogry aňlatmak üçin, häzirki görnüşde terjime edilipdir. Dogalaryň kabul bolýan wagtynyň namaz okaýanyň kyýamda duran wagtyna gabat gelmegi ýa-da onuň namaza garaşyp oturan wagtyna gabat gelmegi babatda-da şony aýdyp bolar. Sebäbi namaza garaşyp oturan adam namaz okaýan hasabyndadyr (297-nji hadysa seret).

2 Musulmana gelişýän doga gowy zat isläp edilýän dogadyr. Ahmet ibn Hanbalyň kitabynda Sagt ibn Ubadanyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Eger günä bolan zady ýa-da biriniň rehmetden jyda düşmegini dilemese» diýlipdir.

3Sözlük boýunça sagat (uzyn bolsun, gysga bolsun) umuman bir mukdar wagt aralygy diýmekdir.

Gije-bilen gündiziň tutuş wagtynyň dörde bölünip, her bir bölegine sagat diýlişi ýaly, münejjimleriň gije bilen gündizi on iki bölege bölüp, her bölegemahsus wagt aralygyna sagat diýmekleri hem şonuň üçindir. «SüneniEbu Dawut»kitabynda Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Juma güni on iki sagatdyr», şonuň ýaly-da, Ibn Majäniň kitabynda Abdullah ibn Salamyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Ýa-da bir sagatlyk bölegi» diýilýändiginegörä, bu ýerde göz öňünde tutulýan sagat şertleýin bir uzynlygy aňladýan wagt aralygydyr. Bu sagat haýsy wagtdadygy belli edilmedik bir sagatdyr. Onuň näme sebäpli belli edilmezliginiň hikmeti hem düşnüklidir. Dogalaryň bu sagadyny yzlaýan kişi onuň günüň haýsy bölegindedigini bilmeýändigi üçin,edýän dogasyny oňa gabat getirjek bolup, günüň bütin dowamynda köňlüni pes tutup, zikir, doga etmäge, özüni dünýäniň was-wasalaryndan daş tutmaga çalşar. Hakimiň «Müstedrek» we Ibn Huzaýmanyň «Sahyh» atly kitaplarynda rowaýat edilmegine görä, Ebu Hüreýre (r.a.): «Bu sagadyň haýsy sagatdygyny Allahyň Resulyndan (s.a.w.) soradyk. Ol:«Bu sagadyň wagtyny bilýärdim. Ýöne soňradan Gadyr gijesiniň wagtynyň maňa unutdyrylyşy ýaly, bu hem maňa unutdyryldy»diýdi» diýipdir. Muhammet ibn KagpKurazynyň gürrüň bermegine görä, bir gezek Metjidi-Şeribiň içinden bir it geçipdir. Sahabalaryň biri: «Allahym, şunuň janyny al!» diýipdir welin, ýaňky köpek ölüp ýatyberipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Bu kişiniň doga eden wagty dogalaryň kabul bolýan wagtyna gabat geldi» diýipdir.

Irki alymlaryň käbirleri dogalaryň kabul bolýan bu sagadynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasyna mahsus bolup, soňra aradan aýrylandygy hakdaky pikiri öňe sürseler-de, gelip ýeten köpsanly habarlar olaryň pikirine düýbünden garşydyr. Mysal üçin, Mugawyýanyň azat eden guly Abdullah ibn Ýuhannasybu mesele barada Ebu Hüreýreden soranda, ol: «Muny kim aýdan bolsa, ýalan aýdypdyr» diýip, kesginlik bilen ol pikiri inkär edipdir.

Eýsem, dogalaryň kabul bolýan sagady ýylyň diňe bir jumasyna mahsusmy? Ýa bolmasa, her juma-da şeýle bir sagat barmy? KagpAhbar diýen biriTöwrada salgylanmak bilen, munuň ýylyň diňe bir jumasyna masusdygyny çak eden bolsa-da, «SüneniTirmizi» we «SüneniNesaýy» atly kitaplarda gürrüň berilmegine görä, ol bir gezek Tur dagynda Ebu Hüreýre bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolupdyr.SöhbetdeşiAllahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdan sözlerine esaslanyp, onuň pikirini üýtgetmegi başarypdyr. Kagp şondan soňraTöwradyň nusgasyny ýene bir gezek gözden geçirip, Ebu Hüreýräniň aýdanynyň dogrudygyny tassyklapdyr.

Juma günündäki dogalaryň kabul bolýan sagadynyň belli bolman galmagy bilen bir wagtda, bu babatda gelip ýeten habarlara esaslanyp, alymlar ony bir derejä çenli belli etmäge çalyşsalar-da, uly jedellere-de sebäp bolupdyr. Buharynyň kitabyna tefsir ýazan alymlar Aýny bilen Ibn Hajar Askalany bu babatda aýdylan kyrk bir sany pikiri beýan edýärler. Biz bu ýerde rowaýat ylmyna göräiň ynandyryjy sözleri ýatlamak isleýäris.

Müslimiň we Ebu Dawudyň beýan eden rowaýatlaryna görä, Abdullah ibn Omar (Allah ikisindenhem razy bolsun!) Ebu Eşgarynyň (r.a.) ogly Ebu Bürdeden: «Juma sagady hakda kakaň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan rowaýat edip, bir zat aýtmadymy?» diýip sorapdyr. Ol hem kakasynyň,Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşidendigini aýdyp, ol sagadyň ymamyň iki hutbanyň aralygynda oturmagyndan başlap, namaz tamamlanýança dowam edýändigini habar berendigini mälim edipdir. Bu jogaba Ibn Omar örän begenipdir we Ebu Bürdäniň kellesini ogşap, bereket dogasyny edipdir.

Ibn Majäniň öz kitabynda Amr ibn Awf Müzeniniň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, bu sagadyň haýsy wagta gabat gelýändigi Allahyň Resulyndan(s.a.w.) soralypdyr we ol: «Juma namazynyň okalyp başlanýan wagtyndanbaşlap, namazdan çykylýança»diýip jogap beripdir.

Şonuň ýaly-da, bir rowaýatda Ebu Hüreýre (r.a.) Kagp Ahbar bilen Tur dagynda bir günläp bile bolandyklarynyhabar berip, şonda aralarynda bolup geçen wakany Abdullah ibn Salama (r.a.) gürrüň berýär. Bu rowaýaty ymam Mälik, Ebu Dawut we Nesaýy öz kitaplarynda beýan edipdirler. Nesaýynyň kitabynda beýan edilen rowaýata görä, Abdullah ibn Salam (r.a.) doganyň kabul bolýan sagadynyň bir ýylyň dowamynda diňe bir juma mahdusdygy barada Kagbyň Töwrata salgylanyp aýdan sözüni inkär edipdir. Kagbyň soňra Töwraty täzeden gözden geçirip, Ebu Hüreýräniň aýdanlary bilen ylaşanyndan soň, şol sagadyň her bir jumada bardygy baradaky sözlerini Abylla ibn Salam (r.a.): «Kagp dogry aýdypdyr. Men ol sagady bilýärin» diýip tassyklapdyr. Ondan soňraol Ebu Hüreýräniň (r.a.): «Dostum, onuň haýsy sagatdygyny maňa aýt» diýmegi bilen: «Jumanyň gün batmazyndan öňki iň soňky sagadydyr» diýip jogap beripdir.

Soňra Ebu Hüreýre (r.a.) oňa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir sözüni ýatladypdyr we: «Seniň diýýän wagtyň namaz sagady däldir, ýagny kerahet wagtydyr» diýipdir. Abdullah ibn Salam (r.a.) bolsa: «Sen Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim namaz okanyndansoň indiki namaza garaşyp otursa, indiki geljek namazyň wagtyna çenli namaz okanhasapdyr»diýendigini eşitmediňmi? Ine, bu şeýle»diýip jogap beripdir (297-nji we 355-nji hadyslara seret).

Bu sagat baradaky rowaýatlaryň gelip ýetişi boýunça iň ygtybarlysy ýokardaky Ebu Musa Eşgarynyň adyndanhem-de ýap-ýaňy Abdullah ibn Salam bilen baglanyşyklylykda beýan edilen hadyslar bolup, ikinjisi öňdäkiden has meşhurdyr.Ýöne Müslim birinji rowaýaty saýlap alyp, öz «Sahyh» atly kitabyna girizipdir.

4 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu yşaraty dogalaryň kabul bolýan möhletiniň örän gysgadygyny aýdyň görkezse-de, käbirleri Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) adyndan öz ogly tarapyndan gürrüň berlen hadysda beýan edilen wagt aralygynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu yşarat arkalyaňlatmak islän wagt aralygydygyny aýdypdyrlar.