506 Hutba okalýarka dymmaly

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 506 Hutba okalýarka dymmaly

 عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: (إذَا قُلْتَ لِصَاحِبِكَ يَوْمَ الـجُمُعَةِ أَنْصِتْ ، وَالإمَامُ يَخْطُبُ فَقَدْ لَغَوْتَ ).

 

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Juma güni ymam hutba okaýarka,arkadaşyňa ýüzlenip, diňe: «Diňle!»1 diýseňhem, boş iş bilen meşgullanan2 adam bolarsyň»diýdi».3

 

1 «Süneni-Ebu Dawut» kitabyndaky, şonuň ýaly-da, Tirmiziniň, Nesaýynyň we Ibn Majäniň kitaplaryndaky rowaýatlaryň hemmesindebu söz: «Diňle!» görnüşinde berlipdir. «MüsnediAhmet» kitabynda hezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir merfuw hadysda bolsa: «Kimde kim: «Sus! diýse, söz sözlän adam bolar, söz sözlese-de,juma namazynyň sogabyndan mahrum bolar»diýlipdir. Bu ýerde juma namazynyň ähli sogabyndan mahrum bolmak däl-de, bu sogabyň bolmalysy ýaly derejede bolman, kemeljekdigi göz öňünde tutulýar. Mysal üçin,Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen bir merfuw hadysda: «Kimde kim adamlaryň üstünden ätlejek bolsa, juma namazy öýle namazyndan ybarat bolup galyberer»diýilmegine esaslanyp alymlaryň hemmesiniň gelen pikirine görä, juma sogabyndan galdy diýilýän kişileriň üstünden wagt parzy aýrylyp, juma namazyndan soňratäzeden öýle namazyny okamak gerek bolmaz.

2Bu ýerdäki: «Boş iş bilen meşgullanmak» jümlesi: «Lagw etmek» jümlesiniň terjimesidir. Arap dilindäki «El-lagw» sözi gürrüňleşmek manysyny aňladýar. «Lagw» bolsa, ýerliksiz we peýdasyz zatlardyr. Ol ýerliksiz we peýdasyz işleri-de, sözleri-de öz içine alýar. Askalany bu sözi: «Edebi terk etmek» diýip düşündiripdir. Mälim bolşuna görä, hutbaçyny diňlemäge päsgel berýän islendik zat lagwdyr.

3Diňlemegiň we dymmagyň parhy barada öň aýdylyp geçilipdi.

4Bu hadysyň «MüsnediAhmet» kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen nusgasynyňiň soňunda: «Indi özüňe häzir bol!» diýen goşmaça-da bar. Tirmizi hem bu hadysy beýan edeninden soň: «Bu babatda Abdullah ibn Ebu Ewfa(r.a.) bilen Ibn Abdullahyň (r.a.) atlaryndan beýan edilen rowaýathem bar» diýýär. Ibn Ebu Ewfanyň (r.a.) gürrüň beren hadysynda şeýle diýilýär: «Üç sany zat bardyr. Kimde kim bulardan aman galsa, ol juma bilen beýleki jumanyň aralygynda eden kiçi günäleri bagyşlanar. Olaryň birinjisi—birine azar bermekçi bolmak, ikinjisisöz sözlemek, üçünjisi bolsa — söz sözleýäne: «Sus!» diýmek».

Jabyr (r.a.) hem özgürrüň beren hadysynda şeýle diýýär: «Sagt ibn Ebu Wakgas (r.a.) juma günleriniň birinde bir adama: «Seniň namaz sogabyň ýok» diýdi. Ol adam bu wakany Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar bermek bilen: «Ýa Allahyň Resuly!Sagt meniň namazymyň sogabynyň ýokdugyny aýtdy» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) Sagda ýüzlenip: «Näme üçin beýle diýdiň?» diýip sorady.Olhem: «Çünki ol hutba okalýarka gürrüň edýärdi» diýip jogap berdi. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Sagt dogry aýdypdyr»diýdi».

Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen merfuw hadysa görä, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Juma güni ymam hutba okaýarka söz sözleýän kişi üstüne kitap ýüklenen eşek kibidir. Oňa: «Sus!» diýeniňhem juma sogaby ýokdur»diýipdir. Şonuň ýaly-da, juma günleriniň birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) münberde duran ýerinde bir süreýi-şeribiokapdyr. Şol wagt Ebu Derda (r.a.) ýanynda oturan Ubaý ibn Kagbyň (r.a.) böwrüne dürtüp: «Bu süre haçan indi? Muny şu güne çenli eşitmändim» diýipdir. Olhem oňa sesini çykarmazlygy yşarat edipdir. Namazdan çykanlaryndan soň, Ubaý oňa ýüzlenip: «Şu namazyňdan eden lagwyňdan başga görjek peýdaň ýok» diýipdir. Ebu Derda onuň aýdanyny Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar beripdir we: «Ubaý dogry aýdypdyr» diýen jogabyalypdyr. Ibn Mesgut hem (r.a.): «Ymam münbere çykanyndan soň, ýanyňdaka: «Diňle!» diýmek lagw bolmak üçin ýeterlikdir»diýipdir. Bu hem merfuw hadyslaryň biridir.

Abdullah ibn Amr ibn Asyň adyndan beýan edilen bir merfuw hadysagörä-de, Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýýär: «Juma namazyna üç topar adam geler. Biri juma namazyna geler-de, lagw eder. Ine, onuň juma namazyndan paýy, nesibi şondan ybarat bolar.

Biri geler-de, doga eder. Ine, bu-da Allahü tagaladan bir zat dileýän adam bolar: Allah islese, oňa dilänini berer, islemese-de,bermän biler. Üçünjisi-de juma namazyna gelip, diňlär, dymar; hiçbir musulmanyň üstünden ätläp, öňe geçmez; hiç kime yza bermez. Ine, onuň bu hereketi şondan soňky juma namazyna çenli we ondan soňra-da üç günüň dowamynda etjek kiçi günlerini ýuwar. Çünki Allahü tagala:مَنْ جَاءَ بِالْحَسَنَةِ فَلَهُ عَشْرُ أَمْثَالِهَا  = «Men jääää-e bil-hasaneti felehuw aşrü emsälihä» (golaý manysy: «Her kim bir gowy iş etse, şonuň on essesi onuňkydyr» («Engam» süresiniň 160-njy aýaty))diýipdir».

Bu hadysy-şerifden hutba okalyp durka islendik bir sözi aýtmagyň gadagan edileniniaňmak bolýar. Sebäbi şerigatyň emrineters iş edýändigi üçin, şol wagtda söz sözleýän adama: «Diňle!» ýa-da: «Sus!» diýmek şerigatyň emrini bildirmekdir. Şerigatyň emrini bildirmek hem parzdyr. Şeýle bir parzyň berjaý edilmegi üçin sözlenen täk, bir söz gadagan bolsa, başga sözleri aýtmagyň gadagandygy öz-özünden düşnükli bolup galýar. Hadysdaky: «Ymam hutba okaýarka» diýen sözlerden,diňlemegiň hökmanylygynyň we söz sözlemegiň gadaganlygynyň hutba zamanyna degişlidigi görünýär. Mysal üçin, alymlaryň esasy köplüginiňhem pikiri şonuň ýalydyr. Ymam Ebu Hanife bolsa,ymamyň hutba okamaga başlamagyndan däl-de, münbere çykmagyndan başlap, söz-sözlemegiň haramdygy bilen ylalaşypdyr. Onuň delili: «Ymam münbere çykdymy: ne namaz bar, ne kelam» diýen hadysy-şerifdir. Ýöne Zührä görä,bu hadys merfuw bolman, onuň hökümi ýatyrylandyr. Ymam Ebu Ýusup bilen Ymam Muhammet: «Ymamyň münbere çykmagy namazy, söze başlamagy-da kelamy aradan aýrar»hadysyna esaslanyp, dymmagyň başlanýan wagty barada alymlaryň esasy köplüginiň pikiri ýaly pikiri öňe sürüpdirler. Ýöne bu hem, rowaýatçy alymlaryň takyklamaklaryna görä, Ebu Hüreýräniň (s.a.w.) öz sözi bolup, hutbanyň söz sözlemegi aradan aýyrýandygyny görkezýän hadys Buharynyň beýan eden şu hadysydyr. Ymam münberde wagty namaz okap, okamazlyk meselesi barada bolsa 504-nji hadysda gürrüň edilipdi.

Insaat hutba okalýanwagta degişli bir emr bolany üçin, Ebu Hanifeden başgaalymlara görä, ymam söze başlamazyndan ozal söz sözlemäge rugsat berlişi ýaly, şapygylara, hanbalylara we ymam Ýusuba görä, iki hutbanyň aralygynda-da beýle etmäge rugsat berilýär. Mälikilere görä bolsa,ymam iki hutbanyň aralygynda oturan wagty söz sözlemek haramdyr.

Hutba diňläp oturan adama salam bermek mekruwhdyr. Ýöne salam berleninden soň, oňa jogap bermek Kuranyň aýatlaryndan gelip çykýan talap bolany üçin, şapygylaragörä, wajypdyr. Mälikilere we hanbalylaragörä bolsa, beýle ýagdaýda salama jogap gaýtarylmaz.

Hutba okalýan wagtda söz sözlemegiň mekruwhdygy ýa-da haramdygy jedelli meseledir. Ymam Şapygynyň adyndan bu babatda iki sany meşhur rowaýat gelip ýetipdir. Jedeliň başy namazdan öň okalýan hutbanyň öýle namazyndan düşüp galýan iki rekagat namazyň ýerine geçýändigi ýa-da geçmeýändigi hakdaky meseledir. Hutbalar namazyň ýerine geçýän bolsa, namaz wagtynda bolşy ýaly, gürrüň etmek haram, gemeýänhem bolsa, edebiň terk edilýändigi sebäpli,mekruwhdyr. Şapygy mezhebiniň fykyhçy alymlaryikinji pikire görä fetwa beripdirler. Delilleri-de, 505-nji hadysda gürrüňi edilen çarwa arabyň iki jumada yzly-yzyna Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okap durka, onuň bilen sözleşmegi hem-de «SüneniBeýhaky» atly kitapda ygtybarly hadys hökmünde beýan edilen hadysdyr. Bu hadysy görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir juma güni hutba okap durka,biri metjide girip: «Kyýamat haçan gopar?» diýip sorapdyr. Oňa: «Sus!» diýip yşarat edipdirler. Ol bolsa hiç kimi diňlemän, soragyny gaýtalapdyr. Ol bu soragy üçünji gezek berende, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Şeýle, emma kyýamat üçin sen näme häzirlediň?»diýip sorapdyr. Ol hem: «Allah we Resulyna bolan söýgini» diýeninden soň, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Sen kimi söýýän bolsaň, şonuň bilen bolarsyň» diýipdir. Şonda ne söz sözlemek ýazgarylypdyr, ne-de dymmagyň wajypdygy aýdylypdyr. Şulardan çen tutup, şapygylar dymmagyň mendupdygy bilen ylalaşypdyrlar. Hanefilere görä bolsa, öňhem aýdyşymyz ýaly, insaat (diňlemek) wajyp we söz aýtmakharam bolup, olaryň düşünjeleri ymam Şapygydangelip ýeten ikinji bir sözegabat gelýär (504-nji hadysaseret).

Mälikiler bilen hanbalylarhem hanefiler bilen bir hörpden gopup, şapygylaryň salgylanýan hadyslarynyň olaryň öňe sürýän pikirlerini delillendirýändikleri bilen ylalaşmaýarlar. Sebäbi, olaryň pikirine görä, gürrüňleşmegiň gadagançylygynyň hutba okalýan wagta degişlidigi üçin, metjide giren adamlaryň ymam bilen gürrüňleşmekleriniň hutbany bozjakdygy sebäpli, bu sözler hutba wagtynda aýdylmadyk bolup çykýar.

Bu hökümleriň hemmesi hutbany eşidýän adamlaradegişlidir. Gulaklary ker ýa-da ymamdan uzakda bolanlary üçin,hutbany eşitmeýän kişiniň bolsa, şypygylara görä, Kuran okamagy ýa-da zikir etmegi has gowudyr. Mälikilere görä, onuň ýene gulak asmagy wajypdyr. Hanefilere görä, onuň dymyp oturmagyhas ygtybarlydyr.