504 Hutba okap duran Allahyň Resulynyň (s.a.w.) metjide gelen bir kişä söz gatmagy

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 504 Hutba okap duran Allahyň Resulynyň (s.a.w.) metjide gelen bir kişä söz gatmagy

  عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: جَاءَ رَجُلٌ وَالنَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَخْطُبُ النَّاسَ يَوْمَ الـجُمُعَةِ فَقَالَ: (أَصَلَّيْتَ يَا فُلاَنُ ) . قَالَ : لاَ ، قَالَ: (قُمْ فَارْكَعْ ).

 

Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) juma güni hutba okap durka, biri metjide geldi.1 Allahyň Resuly (s.a.w.) ondan: «Pylany, sen namaz okadyňmy?» diýip sorady.Ol hem: «Ýok» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) şondan soňra: «Onuň ýaly bolsa, ýeriňden tur-da, namaz oka» diýdi».2

 

1Buharynyň kitabynda bu adamyň ady belli edilmese-de, Müslimiň, Ibn Majäniň kitaplarynda, «MüsnediAhmet» kitabynda we beýleki hadyslar kitaplarynda onuň Süleýk ibn Amr ýa-da Ibn HudubaGatafanydygy (r.a.) aýdylypdyr. Darakutnynyň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Kaýs tiresinden biri metjide girdi» diýilýändigine bakyp, şular ýaly wakanyň birnäçe gezek gaýtalanandygy bilen ylalaşanlar tapylan bolsa-da, bu waka bir gezek bir adam bilen baglanyşyklylykda ýüze çykypdyr. Sebäbi Gatafanynyň aňyrsy Ibn Kaýs Aýlanybolany üçin, her gatafany şol bir wagtyň özünde kaýsydyr.

2Bu hadys Jabyr bilen Enesiň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) adyndan beýan edilişi ýaly, Ebu Hüreýräniň, Sehl ibn Sagdyň, Ebu Zeriň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndanhem beýan edilipdir. Müslimiň kitabynda Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlaryň birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) Süleýke ýüzlenip: «Süleýk, ýeriňden turda, iki rekagat namaz oka, ýöne gysgajyk edip oka»diýeninden soň, jemagata tarap öwrülip: «Haýsy biriňiz ymam hutba okap durka metjide geljek bolsa, iki rekagat namaz okasyn. Bu namazy-da gysgajykedip okasyn»diýipdir.

Tabaranynyň «MugjemiKebir» atly kitabynda Jabyryň adyndan beýan edilen rowaýatda, edil şonuň ýaly sebäp bilen baglylykda, Nugtan ibn Nöwfele-de (r.a.) şular ýaly maslahat berlipdir.

Bu namaz 277-nji hadysda agzalan tahiýýetül-metjit namazydyr. Ymam hutba okap durka bu namazy okamaga rugsat berilýändigi, hatda beýle etmegiň mustahapdygy bilen ylaşýan Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa dagy bilen hadysçy,fykyhçyalymlaryň delilleriniň biri, ine, şu hadysy-şerifdir. Bu alymlara görä, metjide giren kişiniň (ymamyň hutba okap durandygyny gören ýagdaýynda-da) bu iki rekagat namazy okamazdan oturmagy mekruwhdyr. Hutbany diňlemäge ýetişmegi üçin, onuň bu namazy ýeňiljek okamagy bolsa mustahapdyr. Ýöne hutbanyň soňuna ýetişip, bu namaz bilen meşgul bolaýsa, hutbany diňlemegi terk etmekden gorkar ýaly derejede wagty az bolsa, onuň derrew oturyp, hutba diňlemegi has gowudyr. Bu iki rekagaty gysgajykokamak, ony howlukmaç, çalt-çaltdan okamagy däl-de,diňe namazyň wajyplaryny ýerine ýetirmegi aňladýar. Hasan Basry bilen ondan öňki alymlaryň köpüsiniňhem düşünjeleriniň şunuň ýaly bolandygy gürrüň berilýär.

Mälik, Leýs ibn Sagt, Ebu Hanife, Söwri ýaly alymlar bolsa,tersine, hutba okalyp durka namaz okalmajakdygy bilen ylalaşýarlar. Omaryň, Osmanyň we Alynyň (Allah olardan razy bolsun!) düşünjeleriniňhem şeýle bolandygy rowaýat edilýär. Delilleri-de insaatyň, ýagny ymamy diňlemegiň wajyp hökmünde emr edilmegidir (479, 480, 481-nji hadyslaryň düşündirişlerine we 481-nji hadysyň metinine seret).

Süleýkiň (r.a.) sallam-sajak eşikli, käbir rowaýata görä, ýarym-ýalaňaç bir adam bolandygy hakda Tirmiziniň, Nesaýynyň kitaplarynda we «MüsnediAhmet» atly kitapda rowaýat edilýär. Garşydaş taraplaryň ikisi-de bu aýdylany öz garaýyşlarynyň dogrudygyny subut etmek üçin delil hökmünde ulanmaga çalyşýarlar. Tirmiziniň kitabyndaky rowaýata görä, Ebu Sagyt Hudry (r.a.) juma günleriniň birinde ymam (bu Medinäniň wälisi Merwan ibn Hakemdi) hutba okap durka metjidi-şeribe girip, derrew namaz okamaga başlapdyr. Merwanyň hyzmatkärleri ony oturtmakçy bolupdyrlar. Ol bolsa bulara boýun bolman, namazyny okapdyr. Namazdan çykanlaryndan soň,oňa ýüzlenip: «Sen näme üçin beýtdiň? Olaryň seni düýt-müýt etmeklerine az galdy» diýipdirler. Ol hem: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) eden bir işini görenimden soň, bu iki rekagaty terk etmerin» diýip jogap berip, sözüni şeýle dowam edipdir: «Juma günleriniň birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okap durka sallam-sajak eşikli biri geldi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emr etmegi bilen ol iki rekagat namaz okady. Ol namaz okap durka-da,Allahyň Resuly (s.a.w.) hutbasyny dowam edýärdi».

Tirmizi: «Sufýan ibn Umeýne-de şeýle edipdir, beýlekilere-de şeýle etmegi emr edipdir. Abdyrahman Mükri hem şu pikirdedir. Ebu Sagyt Hudrynyň bu hadysy hasana-sahyhdyr. Alymlaryň käbiriniň pikirine görä, amalhemşoňa görädir. Şapygynyň, Ahmediň we Yshagyň pikirleri hem şeýledir. Käbirleri: «Ymam hutba okap durka metjide giren kişi oturar, namaz okamaz» diýýärler. Sufýan Söwri bilen Kufäniň alymlarynyň pikiri şunuň ýalydyr» diýýär.

 Nesaýynyň beýan eden rowaýaty has jikme-jikdir. Onda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Iki rekagat namaz oka!» diýeninden soň, jemagaty sadaka bermäge çagyrandygy we adamlaryň sadaka hökmünde arkalaryna atynan eşiklerinden bu gelen adamaiki eşik (biri ridä, biri izär bolmaly) bagyşlandyklary aýdylanyndan soň, ondan soňky jumada ýene şol adamyň Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okapdurka metjide girendigi we, Pygamberimiziň (s.a.w.) ýene sadaka bermegi emr etmegi bilen, onuňhem geýip gelen iki eşiginiň birini öňe taşlandygy hem-de şondan soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bu adam geçen jumadasallam-sajak bolup bu ýere gelipdi. Men adamlaryň oňa sadaka bermeklerini emr etdim. Olarhembir topar köýneklikler çykaryp, öňe atdylar. Muňa-da olardan iki eşik berdim. Indi bolsa bu gelip, adamlara sadaka bermegi emr eden wagtym, eşikleriniň birini öňe taşlaýar»diýip, ony öz ýanyndan kowup, taşlan eşigini almagy emr edendigi aýdylýar.

«MüsnediAhmet» kitabyndaky rowaýatda bolsa, sallam-sajak eşikli adamyň yzly-yzyna üç jumada hutba okalyp durka metjide girip, üç gezegiň üçüsinde-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa namaz okamagy buýrandygy we üçünji gezeginde oňa sadaka bermeklerini emr edendigi, sadaka hökümünde toplanan eşiklerden iki eşigi oňa bagyşlandygy, soňra-da sadaka bermegi emr etmegi bilen, ol adamyň täze alan iki köýneginiň birini sadaka hökmünde bermek üçin ýerinden galandygy beýan edilýär. Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň bu niýetini oňlaman: «Muňa bir baksaňyz-la! Metjide sallam-sajak bir sypatda giripdi. Ony çagyryp, namaz okamagyny emr etdim. Oňa bir zat berermikäňiz, sadaka berermikäňiz, geýindirermikäňiz diýip umyt etdim. «Sadaka beriň!» diýdim. Islän adam sadaka berdi. Menem sadakadan oňa iki sany eşik berdim. Soňra ýene: «Sadaka beriň!» diýemde, ol alan iki köýneginiň birini sadaka hökmünde berýär»diýeninden soň: «Şu köýnegi al!» diýip, ol adamy kowupdyr.

Kufeli fykyhçy alymlar muny Süleýkiň diňe özi bilenbaglanyşykly waka hasaplap, onuň başyndan geçenbu wakadan çykýan nitijäniň hemme kişilere degişli däldigini aýdýarlar we: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa şol pursatda namaz okamagyemr etmegi, onuň perişan halyny görüp, oňa köýnek sadaka bermeklerini islemegi bilen baglanyşyklydy. Süleýk namazyny tamamlaýança Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dymandygy-da Enesiň (r.a.) adyndan rowaýat edilýär» diýýärler. Olaryň garşydaşlary bolsa: «Dogry bolany bu hökümiň hemmelere degişli bolmagydyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sadaka bersinlerdiýen niýet bilen namaz okatmagy-da, tahiýýetül-metjit namazynyň şol pursatda okalmagyna päsgel berip bilmez» diýip, öz pikirlerini delillendirýärler.