503 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň soňky hutbalaryndan

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 503 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň soňky hutbalaryndan

     عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: صَعِدَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ الْمِنْبَرَ ، وَكَانَ آخِرَ مَجْلِسِ جَلَسَهُ ، مُتَعَطِّفاً مِلْحَفَةً عَلَى مَنْكِبَيْهِ ، قَدْ عَصَبَ رَأْسَهُ بِعِصَابَةٍ دَسِمَةٍ ، فَحَمِدَ اللَّهَ وَأَثْنَى عَلَيْهِ ، ثُمَّ قَالَ: ( أَيُّهَا النَّاسُ إلَيَّ ). فَثَابُوا إلَيْهِ ، ثَمَّ قَالَ: أَمَّا بَعْدُ: (فَإنَّ هَذَا الحَيَّ مِنَ الأَنْصَارِ ، يَقِلُّونَ وَيَكْثُرُ النَّاسُ ، فَمَنْ وَلِيَ شَيْئاً مِنْ أُمَّةِ مُحَمَّدٍ ، صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَاسْتَطَاعَ أَنْ يَضُرَّ فِيهِ أَحَداً ، أَوْ يَنْفَعَ فِيهِ أَحَداً ، فَلْيَقْبَلْ مِنْ مُحْسِنِهِمْ ، وَيَتَجَاوَزْ عَنْ مُسِيئِهِمْ ).

 

Ibn Apbas (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün omuzlaryna atynan uly bir ýapynjasyna bürenip we mübärekbaşyny boz bir sargy bilen1 sarap münbere çykdy. Bu onuň hutba aýtmak üçin münberde iň soňky oturyşy boldy2. Ol Allahü tagala hamdy-sena aýtdy. Soňra: «Adamlar, golaýa geliň!» diýdi. Sahabalar töweregine üýşdüler. Ondan soňra: «Emmabagdu»diýip söze başlady. Ol: «Bilip goýuň, bu ensar jemagaty gün-günden azalar, başga kişiler bolsa köpeler3. Şonuň üçinhem Muhammet (s.a.w) ymmatyndan kimde kim haýsydyr bir zadyň üstünden garap hem bir kişä zerar ýa-da peýda berip biljek güýje eýe bolsa, olaryň gowulyk edenleriniň gowulygyny alsyn, erbetlik edenleriniň erbetligini bagyşlasyn»4 diýdi».

 

1Käbirleri bu mübärek sargynyň aslynda gara bolup, müşk we saç ýagyny ulanmak netijesinde reňkiniň boza (çala) öwrülendigini aýdýarlar. Käbirleri bolsa bu ýerde aýdylanlary göz öňünde tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w) keseli sebäpli sargynyň derden ýaňa şu hala gelendigi hakdaky pikiri öňe sürýärler. Ibn Apbasyň (r.a) bu aýdany Allahyň Resulynyň (s.a.w) ensar hezretlerini sylaglamak üçin iň soňky gezek öz rahatlygyny bozup, hassa ýatan ýerinden turup, wesýet etmek üçin,hutba okalýan ýere çykandygyny aýan edýär.

2Buharynyň «Ensaryň artykmaçlyklary» («Fezaili-Ensar») babynda Enes ibn Mäligiň (r.a) adyndan beýan eden hadysy bu hadys bilen esasan meňzeş bolsa-da, ol hadys bu ýerde duşmaýan käbir zatlary-da öz içine alýar. Enesiň (r.a) rowaýatyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w) kesellän döwründe Ebu Bekr bilen Apbas (Allah ikisindenhem razy bolsun!) ikisi onda-munda üýşüp oturan ensarylara duşup, olaryň aglaýandyklaryny görüpdir. Aglamaklarynyň sebäbini soranlarynda, olar Allahyň Resulynyň (s.a.w) baky dünýä göç etjekdigi hakdaky pikiriň özlerine ynjalyk bermeýändigini aýdypdyrlar. Bu ikisi şondan soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w) huzuryna girip, ýagdaýy habar beripdirler. Allahyň Resuly (s.a.w.) soňky güýjüni jemläp, ýatan düşegini terk edip, ensar barada ymmatyna nesihat etmek üçin,bu ýerde beýan edilişi ýaly,münbere çykypdyr.

3Enes ibn Mälik Ensarynyň (r.a) rowaýatynagöräAllahyň Resuly (s.a.w):«Ensara gowy garamagyňyzy size wesýet edýärin. Sebäbi olar meniň öz adamlarym we syrdaşlarymdyr. Olar ýardamçy bolmak barada öz üstlerine alan borçlaryny doly ödediler. Mundan soňraöz haklary bolan jennete we derejelere eýe bolaýmaklary galandyr»diýipdir.

Bu hem Allahyň Resulynyň (s.a.w) gaýypdan habar bermek häsiýetine eýe bolan beýik mugjyzalarynyň biridir. Hakykatdanhem ensar gitdigiçe azalypdyr we wagtyň geçmegi bilen olaryň sany naharyň içindäki duzuň derejesi ýaly derejä çenliýetipdir.

4Bu bagyşlamagyň şerigat boýunça jezasybellenen günäleri öz içine almaýandygy düşnüklidir. Allahyň kesgitlän jezalaryny bagyşlamak hukugy hiç kime berlen däldir.

Bu beýik hutbadan ensaryň haliflige dalaş etmeli däldigi, oňa kuraýyşyň haklydygy hakdaky many gelip çykýar. Sebäbi ensar barada aladalanmak kuraýyşawesýet edilipdir. Ensaryň bu orna hukugy bolan bolsa, öz gezeginde kuraýyş barada alada etmek hem ensara wesýet edilerdi.