502 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hutba okanda ilki teşehhüt, yzyndan hem Allaha hamdy-sena aýdanyndan soň, sözüne: «Emma bagdu» diýip başlamagy

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 502 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hutba okanda ilki teşehhüt, yzyndan hem Allaha hamdy-sena aýdanyndan soň, sözüne: «Emma bagdu» diýip başlamagy

     عَنْ أَبِى حُمَيْدٍ السَّاعِدِىِّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَامَ عَشِيَّةً بَعْدَ    الصَّلاَةِ ، فَتَشَهَّدَ وأثْنَى على اللَّهِ بِما هو أهْلُهُ ، ثُمَّ قَالَ: ( أَمَّا  بَعْدُ ).

 

 Ebu Humeýt(Ensary) Sagydy (r.a) bir gün Allahyň Resulynyň (s.a.w) öýle bilen agşamyň aralygyndaky bir wagtda namazdan soňra1 hutba okamak üçin ýerinden turup: «Eşhedü enlä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammeden rasuwlyllah»diýendigini, laýyk bolan şekilde Allahü tagala hamdy-sena aýdanyndan soňra-da: «Emmabagdu»diýendigini2 ygtybarly rowaýat habar beripdir.

 

1Bu namazyň öýle namazydygy ýa-da ikindi namazydygy aýdylmandyr.

2Bu hadysyň bu ýerde getirilmeginiň maksady,hutba okamaga başlananda,teşehhüt we Allaha hamdy-sena bilen başlap, sözüňi: «Emmabagdu» diýip böleniňden soň, hutbanyň özüne geçmegiň sünnetdigini görkezmek üçindir.

Allahyň Resulynyň (s.a.w) hutbada aýdýan: «Emmabagdu» jümlesini Medinede okadan juma namazynyň hutbalaryndan öňhem ulanandygy «SahyhyMüslim» kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen we Dymat ibn Saglaba Ezdi (r.a) bilen baglanyşykly kyssadanhem belli bolýar. Ibn Apbas (r.a) şeýle diýýär: «Dymat Mekgä geldi. Ol dälilere dem salardy. Ol Mekgäniň ýaşaýjylarynyň käbiriniň: «Muhammet mejnundyr» diýendiklerini eşitdi. Ol: «Şol adamy bir görsem! Belki, Allah meniň elim bilen oňa şypa nesip eder» diýip, ýerinden turdy-da, onuň bilen görüşmäge gitdi. Onuň ýanyna baryp hem: «Muhammet, Muhammet, men jyn urýanlara dem salýaryn. Allahü tagala islänine meniň elim bilen şypa berýär. Saňa-da dem salmagymyisleýäňmi?» diýdi. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) Allaha hamdy-sena, teşehhüt aýdanyndan soň: «Emmabagdu»diýip söze başlady. Dymat: «Palçylaryň sözüni diňledim, jadygöýleriň sözüni diňledim, şahyrlaryň sözlerini diňledim. Emma seniň bu sözleriňe meňzeş hiç bir söz eşitmändim. Bu sözleriň deňizleriň iň çuň ýerine hem baryp ýetdi. Ber eliňi, seniň bilen yslam dinine girmek üçin äht edişeýin» diýdi. Allahyň Resuly-da (s.a.w): «Bu kowumyňyň adyndanhem äht edişdigiň bolsunmy?»diýip sorady. Ol hem: «We kowumymyň adyndanhem» diýdi».

Bu Dymat, ýa-da bir söze görä, Dymam 57-nji hadysda gürrüňi edilen Dymam Bekfiden başga adamdyr. Müsedditiň «Müsned» atly kitabyndaky rowaýata görä, jahylyýet zamanynda Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen aralarynda dostluk gatnaşygy hem bolanmyş. Müslimiň kitabyndan ýaňy beýan eden hadysymyzyň dowamynda aýdylyşyna görä, soň-soňlar Allahyň Resuly (s.a.w.) bir tarapaatlylar toparyny ýollap, şltopar Dymadyň kowumyna degişli ýerleriň içinden geçipdir. Toparyň baştutany golastyndakylardan: «Bularyň hiç birzadyny almadyňyzmy?»diýip sorapdyr. Onda aralarynda biri: «Men olardan diňe bir süpürgiç aldym» diýeninden soňra: «Bular Dymadyň kowumydyr» diýip, onuň alan zadyny yzyna berdiripdir.