501 Hutbalaryň edepleri we esaslary. Hutbada: «Bismilläh» diýip, Allaha hamdy-sena aýdanyňdan soň sözüňe: «Emma bagdu» diýip başlamak hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 501 Hutbalaryň edepleri we esaslary. Hutbada: «Bismilläh» diýip, Allaha hamdy-sena aýdanyňdan soň sözüňe: «Emma bagdu» diýip başlamak hakda

     عَنْ عَمْرِ بْنِ تَغْلِبَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أُتِيَ بِمَالٍ ، أَوْ بِسَبْيٍ ، فَقَسَمَهُ ، فَأَعْطَى رِجَالاً وَتَرَكَ رِجَالاً ، فَبَلَغَهُ أَنَّ الَّذِينَ تَرَكَ عَتِبُوا ، فَحَمِدَ اللَّهَ ثُمَّ أَثْنَى عَلَيْهِ ، ثُمَّ قَالَ: ( أَمَّا بَعْدُ ، فَوَاللَّهِ إنِّي لأُعْطِي الرَّجُلَ وَأَدَعُ الرَّجُلَ ، وَالَّذِى أَدَعُ أَحَبُّ إلَيَّ مِنَ الَّذِي أُعْطِيَ ، وَلَكِنْ أُعْطِي أَقْوَاماً لِمَا أَرَى فِي قُلُوبِهِمْ مِنَ الجَزَعِ وَالْهَلَعِ ، وَأَكِلُ أَقْوَاماً إلَى مَا جَعَلَ الله فِي قُلُوبِهِمْ مِنَ الْغِنَى وَالْخَيْرِ ، فِيهِمْ  عَمْرُو بْنُ تَغْلِبَ). فَوَاللَّهِ مَا أُحِبُّ أَنَّ لِي بِكَلِمَةِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ حُمْرَ النَّعَمِ.

 

 Amr ibn Taglyp(r.a) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulyna(s.a.w) esli baýlyk ýa-da1 köpsanly ýesir gönderilipdi. Ol bulary paýlady2. Ol birtopar kişilere peşgeş berdi-de, birtopar kişilere asla üns bermedi. Soňra peşgeşsiz goýan kişileriniň närazylyk bildirýändiklerinden habardar bolup, hutba okamaga çykyp, Allahü tagala hamdy-sena etdi. Ondan soňra-da: «Emmabagdu»3 diýip, şulary aýtdy: «Wallahy, men üns bermedik kişimi peşgeş beren kişimden gowy görýändigime garamazdan, birine peşgeş berip, gowy görýänime üns bermän bilerin. Ýöne birtopar kişilere baýlyk bermegime olaryň kalbynda jezagwe heläg4(ýagny sabyrsyzlyk we güýçli tama) bardygyny görmegim sebäp boldy. Birtopar kişileri-de Allahyň kalplarynda ýaradan köňül baýlyklaryna we haýrynatabşyrýaryn. Amr ibn Taglyp hemşolardan biridir».

Rawy Amr ibn Taglyp(r.a): «Wallahy, men şeýle bir begendim welin, Allahyň Resulynyň (s.a.w) maňa peşgeş beren bu sözüniň öwezine bütin dünýä mälik bolmagy teklip etseler, köňlüm ony islemez» diýipdir»5.

 

1Bu ýerdäki «ýa-da köpsanly ýesir» sözleri sahabanyň özünemi, bolmasa-da,ondan bärki rawylaryň birine degişlidigi şerhlerde düşündirilmeýän bolsa-da, bu sözi aýdan, hernäme-de bolsa, Buharynyň şyhy Muhammet ibn Magmar ýa-da şeýhiniň şyhynyň şyhy Ebu Asym bolmaly. Ebu Asym öz gezeginde Jerir ibn Hazymdan, ol hem Hasan Basrydan, olhem öz gezeginde Amr ibn Taglypdan (r.a) muny rowaýat edipdir. Sebäbi Allahyň Resulynyň (s.a.w) ömür ýoluny beýan edenleriň aýtmaklaryna görä, bu baýlyklaryň iberilen ýeri bolan Bahreýniň halky söweş arkaly imana getirilmändir we şol sebäpli olardan ýesir alynmandyr. Diňe olaryň iman getirmediklerinden paç alnardy. Şol pajyň hem hijriniň sekizinji ýylyndan başlap, Ebu Bekr Syddygyň (r.a) haliflik eden zamanasyna çenli yzygiderli gelendigini Buharynyň rowaýatyndan aňlaýarys.

2Bu paýlan baýlygy Bahreýnden gelen we 267-nji hadysda gürrüňi edilen paçdy.

3«Emmabagdu» jümlesini arap hutbaçylary emirleriň huzurynda okan hutbalaryndakydogadan soňragetirýärler. Ol: «Meniň saňa eden dogamdan soňra» diýen manyny berýär. Kagp ibn Lugaýyň aýtmagyna görä, bu jümläni ilki bolup Dawut alaýhyssalam aýdypdyr.

Bu hadysyň bu ýerde getirilmegi hutbaçynyň Allaha hamdy-sena aýdanyndan soň: «Emmabagdu» diýip söze başlamagynyň sünnetdigini görkezmek üçindir. Hapyz Abdylkadyr Rahawy,içinde bu jümle bolan hadyslaryň gelen ýollaryny sanap, bu jümläniň otuz iki sahabanyň adyndan rowaýat edilendigini anyklapdyr.

4«Jezag» sabyrsyzlygy aňladýar. «Heläg» hem sabyrsyzlygyň soňky derejesidir. Sypatlary-da «heluw» we «jezuw» görnüşine eýe bolýar. «Heluw» gorkak we tamakär diýlipdüşündirilse-de, oňa iň laýyk bolan düşündirişAllahyň kitabyndaky tefsirdir. Allahü tagala:إِنَّ الْإِنْسَانَ خُلِقَ هَلُوعًا إِذَا مَسَّهُ الشَّرُّ جَزُوعًا  وَإِذَا مَسَّهُ الْخَيْرُ مَنُوعًا= «Innel-insäne hulyka heluwgan. Izä messeheüşşerü jezuwgan we izä messehül-haýrü menuwgan» (golaý manysy: «Ynsanyň heluw, ýagny harsydünýä, şere duşanda jezuw, ýagny sabyrsyz, haýyr we nygmata eýe bolanda bolsa, menuw, ýagny owujyndakyny gysganýan husyt edilip ýaradylandygy şübhesizdir» («Meaarij» süresiniň 19-21-nji aýatlary)) diýýär. Bu hadysdaky «jezag» we «heläg» sözleriniň manysy Kurany-Kerimiň saýasynda has gowy aňlanylýar.

5«... Men şeýle bir begendim welin, Allahyň Resulynyň (s.a.w) maňa peşgeş beren sözüniň öwezine bütin dünýä mälikbolmagy teklip etseler, köňlüm ony islemez» jümlesiniň arapçasyny sözme-söz terjime edilse: «Bütin dünýä» diýmegiň ýerine: «Gyzyl düýelere» diýmeli bolardy. Ýöne bu jümläni aýtmak bilen öňde goýlan maksadyň şu terjimede bildirilen maksatdygy sebäpli, has düşnükli bolmagy üçin şeýle terjime edildi.