500 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) münberden peýdalanmagy we häzirki döwürde edilişi ýaly edip, iki hutba okamagy

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 500 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) münberden peýdalanmagy we häzirki döwürde edilişi ýaly edip, iki hutba okamagy

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَخْطُبُ قَائِماً ، ثُمَّ يَقْعُدُ ثُمَّ يَقُومُ ، كَمَا تَفْعَلُونَ الآنَ.

 

(Abdullah) ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w), edil siziň häzirki edişiňiz ýaly, ilki hutbasyny dik duran ýerinde okardy, soňra oturardy. Soňra bolsa ikinji hutbany okamak üçin,gaýtadan aýak üstüne galardy»1.

 

 1 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýata görä, Ibn Omar (r.a): «Iki hutba okap, olaryň aralygynda oturmak Allahyň Resulynyň (s.a.w) endigidi» diýipdir.

Hutba dik durlup okalýar. Hutbany oturyp okamaga-da rugsat berilýändigi hakda aýdylanlar bolsa jedellidir. Ymam Ebu Hanifä görä, hutba okaňda aýak üstünde durmak sünnet bolup, wajyp däldir. Ymam Mäligiň adyndan aýdylyşyna görä, ol wajyp bolup, şert däldir, ýagny kyýamy (aýak üstünde dik durmak) terk eden hutbaçy erbet iş eden kişi bolsa-da, hutba kabul bolar. Başgalaryna görä bolsa, hutbada kyýam, (edil namazlarda bolşy ýaly) güýji ýetýän adam üçin şert bolşy ýaly, iki hutbanyň arasynda oturmak hem parzdyr. 498-nji hadysyň düşündirişinde Sehl ibn Sagdyň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz münberini ýasadan aýala ýüzlenip: «Agaç ussaçylygyny edýän guluňa aýt. Goý, ol meniň üçin, adamlara ýüzlenenimde üstünde oturarym ýaly, tagtadan bir ýer ýasasyn» diýmegi; yzda 724-nji hadysda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a) adyndan beýan ediljek hadysda hem: «Günleriň birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) münberiň üstünde otyrdy, bizem töweregini gurşap otyrdyk» diýilmegi hutbany oturyp okamaga rugsat berilýändigi babatda hanefiler üçin delil bolup bilerler. Ýöne hutbaçynyň bir üzüri bolmazdan,oturmagyna rugsat berilýändigi bilen ylalaşmaýan fykyhçy alymlar Sehl ibn Sagdyň hadysynda gürrüňi edilýän oturyşyň hutba başmazyndan ozalky we iki hutbanyň aralygyndaky oturyşlar bolup biljekdigini, Ebu Sagydyň hadysyndaky hutbanyň hem juma namazynyň hutbasy bolman, sahabalar bilen edilen bir söhbet bolup biljekdigini aýdýarlar. Olar bu delilleriň ikisini-de zaif görýärler we Ibn Omaryň (r.a) bu hadysynyhem-de Jabyr ibn Semuranyň, Kagp ibn Ujranyň (r.a) hadyslaryny delil tutunýarlar.

Müslimiň, Ebu Dawudyň, Nesaýynyň we Ibn Majäniň kitaplarynda beýan hadysda Jabyr ibn Semura(r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w) iki hutbasy bolup, olaryň aralygynda oturardy. Hutbada Kuran okardy, adamlara öwüt-ündew ederdi»; başga bir rowaýatda-da: «Aýakda durup, hutba okardy, soňra oturardy, soňra ýene aýaga galkyp, dik duran ýerinde hutba okardy. Onuň oturyp hutba okandygyny saňa kim habar beren bolsa-da, ýalan sözläpdir. Men Allahyň Resulynyň (s.a.w) yzynda durup, wallahy, iki müňdenhem kän gezek namaz okapdym» diýýär. Ýene Müslimiň kitabynda Kagp ibn Ujranyň (s.a.w) adyndan beýan edilen hadysa görä, bir gün Abdyrahman ibn ÜmmiHakem oturan ýerinde hutba okaýarka,Kagp metjide giripdir we: «Bu bolgusyza bir bakyň! Allahü tagala:وَإِذَا رَأَوْا تِجَارَةً أَوْ لَهْوًا انْفَضُّوا إِلَيْهَا وَتَرَكُوكَ قَائِمًا  =«We izä ra-ew tijäreten ew lehweninfazzuwww ileýhä we tereküwke kaaaa-imen» (golaý manysy: «Olar bir söwda kerwenini we güýmenjänigören wagtlary derrew dagap, şol tarapa giderler we seni aýak üstünde durkaň terk ederler»(«Juma» süresiniň 11-nji aýaty)) diýeninden soňhem,ol oturyp hutba okaýar!» diýipdir. Ibn Huzaýmanyň «Sahyh» atly kitabynda-da ol: «Hiç haçan beýle zady görmändim. Bu adam musulmanlara ymam bolup, oturan ýerinden hutba okaýan ýaly-la!» diýip, şeýle manyly sözleri gaýtalaýar.

Hutbany dik durup okamagyň we iki hutbanyň aralygynda oturmagyň durnukly sünnetdigi we terk edilmäge degişli däldigi barada alymlaryň esasy köplüginiň pikiri birdir. Başdan başlap, mydama şeýle edilendigi Ibn Ebu Şeýbäniň beýan etmeginde Tawusyň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Bekr, Omar we Osman (Allah olardan razy bolsun!) dagynyň hemmesi aýak üstündedurup hutba okardy. Münberiň üstündeilki bolup oturan Mugawyýadyr (r.a)» diýen sözleri hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Mugawyýanyň semräninden soň şeýle etmäge başlandygy hakynda Şagbydan bir söz gelip ýetipdir. Ymam Alynyň (r.a) adyndanhem oturylyp hutba okalyşy hakda rowaýat edilendigini Aýny habar berýär. Sagyt ibn Mansuryň Hasan Basrynyň adyndan beýan eden rowaýatyna görä hem,juma namazynda hutba mahaly dynç alan, ýagny dynç almak üçin oturan hezreti Osman (r.a)bolup çykýar. Ol ýadanyndan soň otursa-da, oturan ýerinden söz sözlemändir. Ilki bolup oturan ýerinden hutba okan Mugawyýadyr. Katadanyň adyndan rowaýat edilmegine görä-de,juma güni dik durup hutba okamak tä hezreti Osmanyň (r.a) zamanasyna çenli yzygiderli dowam edipdir. Hezreti Osman garrap, aýakda durup bilmejek hala geleninden soň, hutba mahaly oturmany çykarypdyr. Mugawyýa-dabirinji hutbany oturyp, ikinji hutbany bolsa dik durup okapdyr. Aýny: «Ebu Sagyt Hudry bilen Sehl ibn Sagdyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) adyndan beýan edilen rowaýatlar babatda bolşy ýaly,bu soňky rowaýata-da hutbany oturyp okamaga rugsat berilýändiginiňdelili hökmünde seredilip, bu delilleriň hiç biri-de, kyýamyň (aýak üstünde durmagyň) hutbanyň şertlerindendigini görkezmän, bolup bilse, sünnetdigini görkezýär» diýýär. Alymlaryň esasy köplügi bolsa,oturyp hutba okalyşyna degişli hadyslary mydama üzür bilen baglanyşykly hasap edip, oturyp hutba okaýanyň ýagdaýyny dik durup namaz okamaga güýji ýetmän, oturyp, hatda bir gapdala aýaklaryny uzadyp namaz okaýan kişiniň ýagdaýy bilen deňeşdirýärler. Şonuň ýaly-da, ýene Aýny hanefileriňbir düşünjesinegörä-de,güýji ýetýän kişiniň dik durup hutba okamalydygynywe hutbany oturyp okamagyň kadadan çykmadygyny aýdanyndan soň: «Hawa, bu Ebu Hanifäniň sözüdir. Newewiniň aýtmagyna görä, Mälik bilen Ahmediň hem pikirleri şunuň ýaly bolupdyr. Muny azan bilen deňeşdiripdirler» diýýär.

Jemagatyň (kybladan ýüzüni öwürmäge mejbur bolsa hem) hutbaça tarap seredip oturmagy-da alymlaryň hemmesi tarapyndan ykrar edilen sünnetdir. Buhary Ibn Omar bilen Enesiň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) ymama tarap öwrülendiklerini şunuň bilen baglanyşyklykda ýatlap geçýän-debolsa, Tirmizi öz kitabynda Abdullah ibn Mesgudyň (r.a) adyndan şuňa degişli bir hadysy beýan edeninden soň, onuň zaifdigini aýdýar hem-de sahabalaryň, tabygynlaryň, beýleki alymlaryň şuňa görä amal etmeklerine garamazdan, bu babatda ygtybarly hasap edip boljak bir hadys hem tapylmandygyny aýdýar.

Ymamyňhem juma namazynyň hutbasynda arkasyny kybla öwrüp, jemagata garşy bakmagy we hutba okanda saga-çepe öwrülmezligi sünnetdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) Allahü tagaladan ýagmyr ýagdyrmagyny diläp okalan namazywagtynda okan hutbasynda doga eden wagty,kybla dönüpdir, ýöne juma namazynyň hutbasyny okaýarka ýagmyr diläp doga edende (505-nji hadys),mübärek ýüzüni jemagatdan öwürmändir.

Ymamyň münbere çykanyndan soň jemagata salam bermegi ymam Şapygy bilen ymam Mälige görä sünnet bolsa-da, ymam Ebu Hanifä görä, onuň münbere çykan wagtyndan başlap, namazy tamamlaýança salamy-da, kelamy-da terk etmegi sünnetdir. Salama degişli rowaýat zaifdir.