499 Hurma töňňesiniň iňňildemegi. Bu waka bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 499 Hurma töňňesiniň iňňildemegi. Bu waka bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

     عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: كَانَ جِذْعٌ يَقُومُ إلَيْهِ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَلَمَّا وُضِعَ لَهُ الْمِنْبَرُ ، سَمِعْنَا لِلْجِذْعِ مِثْلَ أَصْواتِ الْعِشَارِ ، حَتَّى نَزَلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَوَضَعَ يَدَه عَلَيْهِ.

 

Jabyr ibn Abdullah (Ensary)1 (r.a) şeýle diýipdir: «Bir hurma töňňesi bardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okanda,şonuň üstünde durardy2. Onuň üçin münber gurlanda,bu töňňeden bogaz düýeleriň iňňildisine meňzeş sesleriň çykýandygyny eşitdik3. Ol töňňe diňe Allahyň Resuly (s.a.w.) münberden düşüp, elini üstüne goýanyndan soňradymdy»4.

 

1Bu hadysa «Hurma agajynyň gussaly perýady» diýlip at berlip, onda beýan edilen waka Muhammediň (s.a.w) Pygamberdigine şaýatlyk edýän aýdyň mugjyzalaryň biridir. Bu waka juma günleriniň birinde metjidi dolduryp oturan sahabalaryň gözüniň öňünde bolup geçipdir. Bu waka barada gürrüň berlen rowaýatlaryň hemmesinde bir ýagdaý, ýagny jansyz zat bolan agaç böleginiň, edil akylly bir jandar ýaly, Allahyň Resulynyň (s.a.w) münber ýasamagy buýrmagy bilen ondan aýra düşjegine gynanyp perýat edişi birmeňzeş sözler bilen beýan edilýär. Bu hadys örän köp adamlar tarapyndan we örän köp ýollardan beýan edilipdir. Şol ýollaryň köpüsi ygtybarly hasap edilýär. Bu hadys, Beýhakynyň, Täjüddin Sübhiniň, kazy Yýazyň we Ibn Hajaryň aýdyşy ýaly, dilden dile geçip gelen hadysdyr. Bu hadysy şeýle köp adamlaryň rowaýat etmegine garamazdan, şol rowaýatlaryň birinde-de töňňäniň perýat edendigi şübhe astyna alynmaýar.

Ibn Ebu Hatalyň beýan etmegine görä, ymam Şapygy: «Jenaby-Hak Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalatywessalama berenini hiç bir pygambere bermändir» diýipdir. Omar ibn Söwat oňa garşy çykyp, Isa alaýhyssalama ölüleri direltmek mugjyzasynyň berlendiginiaýdanda, ymam Şapygy: «Muhammet sallallahu alaýhyweselleme hurma agajynyň töňňesiniň iňňildemegi bilen baglanyşykly mugjyza berildi. Şol töňňäniň sesini hemmeler eşitdi. Bu ölüleri direltmekden has uly mugjyzadyr» diýip jogap beripdir. Allahyň gudraty bilen gury bir töňňäniň akyl we düşünjesi bolan bir jandar ýaly iňňildemegi bilen toprak bolup giden bir meýidiň dirilmeginiň arasynda hiç bir tapawut ýok bolsa-da, jesediň öň bir wagt diri bolup, akyldyr düşünjä eýe bolandygy sebäpli,töňňäniň iňňildemeginde has uly gudrat görünýär.

2Buharynyň kitabynda Jabyryň (r.a) adyndan beýan edilen beýleki rowaýatlarda hadysyň başynda Metjidi-Şeribiň öňki ýagdaýy we münberleriň gurluşy bilen baglanyşykly meselelerden söz açylýar. Bu rowaýatlaryň birinde: «Metjidi-Şeribiň üçegi hurma töňňeleriniň üstünde oturdylypdy (278-nji hadysa-da seret). Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okamak islände,aýak üstünde duran ýerinde töňňeleriň birine daýanyp söz sözlärdi» diýilýär. Buharynyň Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda-da: «Metjitde bir hurma agajynyň töňňesi bardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) juma günleri ýa-da bir zat ýüze çykyp, adamlara söz bilen ýüzlenmek islände, oňa daýanardy» diýlipdir.

Bu metindäki hadysda bolsa: «Onuň üstünde durardy» diýlipdir. Ýöne jümläni türk diline şeýle manyda terjime eden Ahmet Naim bu hadysyň köp nusgalarynyň: «Oňa daýanardy» diýmäge-de mümkinçilik berýändigini belläp geçipdir.

3Hurma töňňesinden çykan ses dürli rowaýatlarda dürli hili görnüşde beýan edilipdir. Jabyr (r.a) başga bir rowaýatda: «Agaç bölegi çaga ýaly perýat etdi» diýýär. Enes (r.a): «Agaç böleginiň wäle, ýagny gam-gussadan ýaňa aňkasy aşan adam ýaly iňländigini eşitdim» diýipdir. Sehl ibn Sagt hem: «Agaç bölegi iňledi. Adamlar onuň daşyna üýşdüler we perýat edişine bozulyp, özleri hem köp agladylar» diýýär. Ubaýyň, Enesiň we Sehl ibn Sagdyň adyndan beýan edilýän beýleki rowaýatlarda bolsa, ol ses öküziň bögürmesine meňzedilipdir. Ubaý: «Çatlap böleklenýänçä bögürdi»; Enes: «Garry öküz kimin bögürdi. Iň soňunda onuň bögürmesinden ýaňa metjidiň içi çaýkandy»;Sehl ibn Sagt: «Öküz bögürýän ýaly edip, şeýle bir bögürmek bögürdi welin, şol ýerdäkiler bu gören ýagdaýlary sebäpli doga etmäge başlap, köp aglaşdylar»; ÜmmiSeleme-de (r.a): «Öküz kibi bögürdi. Şeýle bir bögürdiwelin, onuň sesini metjitdäkileriň hemmesi eşitdi» diýipdirler.

4Jabyr (r.a) başga bir rowaýatda-da: «Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) münberden düşüp, ony gujaklady. Şol wagt töňňe diňdirilýän çaga ýaly sojaýardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) ony diňdireninden soň: «Ol öz ýanynda Allahy zikir edişlerini eşideni üçin aglapdy» diýdi» diýýär. Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ony gujaklanyndan soň, ol diňdi we Allahyň Resuly (s.a.w): «Eger men ony gujaklamadykbolsam, ol kyýamat gününe çenli mydama şeýdip iňlär durardy»diýdi».Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Eger men ony bagryma basmadyk bolsadym, onda ol Allahyň Resulyndan (s.a.w) aýrylany üçin kyýamat gününe çenli mydama şeýdip durardy» diýlipdir. Mutalyp ibn Ebu Wedanyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda-da, goşmaça hökmünde, Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Siz ony aýyplamaň. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) haýsy zatdan aýra düşse, şol zat hökman gama batar» diýen sözler getirilipdir. Şonuň ýaly-da, Büreýde bilen Ubaý ibn Kagbyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) beýan eden rowaýatlaryna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) töňňäni gujaklap durka, oňa: «Isleseň, seni başda gögeren ýeriňe ertip, täzeden dikeýin, senhem öňküleriň ýaly bolup göger. Isleseň, senijennetde dikeýin-de, jennetiň derýalaryndan, çeşmelerden gana-gana iç, gowy edip ös, miwe ber we miwäňi Allahyň söýgüli gullary iýsin. Haýsyny isleseň, şony hem ederin»diýipdir. Töňňäniň ahyrýetiwe jenneti saýlap alandygyny Allahyň Resuly şl ýerdäkilere habar beripdir.

Soňra töňňäni, Allahyň Resulynyň (s.a.w) buýrmagy bilen, duran ýerinden alyp, münberiň astynda gömüpdirler. Metjidi ýykan wagtlarynda Ubaý ibn Kagbyň (r.a) ony alyp, ýanynda saklandygyna we töňňäniň çüýräp, toprak bolandygyna degişli-de bir rowaýat bar.