496 Juma namazynyň azanyny diňe bir azançynyň aýtmagy. Bu azanyň aýdylýan wagty

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 496 Juma namazynyň azanyny diňe bir azançynyň aýtmagy. Bu azanyň aýdylýan wagty

     وَعَنْهُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ فِى رِوَايَةٍ قَالَ: لَمْ يَكُنْ لِلنَّبِىِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مُؤَذِّنٌ غَيْرُ وَاحِدٍ ، وَكَانَ التَّأْذِينُ يَوْمَ الـجُمُعَةِ حِينَ يَجْلِسُ الإمَامُ عَلَى الْمِنْبَرِ.

 

Başga bir rowaýatda ýene Saýyp ibn Ýezit (r.a),şundan öňki rowaýatyny gaýtalanyndan soň, şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) juma azanyny okaýan birden artyk azançysy ýokdy1. Juma gününiň azany-da ymam münberde oturan wagty aýdylardy»2.

 

1Bu ýeke-täk azançy Bilal ibn Rebahdy(r.a). Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w) başga azançylary hem bardy. Olardan Ibn Ümm Mektum (r.a), 369-njy hadysdanhem belli bolşuna görä, diňe ertir namazy üçin, hususanhem remezan aýynda Bilaldan (r.a) soň azan aýdardy. Ebu Mahzura(r.a) Mekgedäki metjidiň azançysy edilip bellenipdi. Sagt Kuraz (r.a) Kuba metjidiniň azançysydy. Şonuň ýaly-da, Zyýat ibn Harys Sudaýynyň (r.a) ady bularyň arasynda tutulýanhem bolsa, ol diňe öz kowumy üçin azan okamagy niýet edinip,Allahyň Resulyndan (s.a.w) azan öwrenmek bilen çäklenipdir weonuň beýik huzurynda azan aýtmandyr.

Başga azançynyň juma namazynyň azanyny aýtmanlygyndan namaz üçin kamat getirýän bilen azan aýdýan adamyň bir adamdygy aňlanylyşy ýaly, iki adamyň birlikde azan aýtmandygy-da aňlanylýar. Biz muňa «jübüt azan» diýýäris. Bu ymam Şapyga görämekruwhdyr. Hanefilere görä bolsa muňa rugsat berilýär.

2Münberde hutba okamagyň mustahapdygy görünýär. Münber ýok bolsa, ymam beýigräk bir ýere çykyp söz sözlär. Şonuň ýaly-da, hutbadan ozal dynç almak üçin ymamyň azan aýdylyp bolunýança oturmagy,alymlaryň esasy köplügine görä, mustahapdyr.