495 Juma namazynyň azanynyň aýdylmaly wagty hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 495 Juma namazynyň azanynyň aýdylmaly wagty hakda

   عَنْ السَّائِبِ بْنِ يَزِيدَ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ النِّدَاءُ يَوْمَ الـجُمُعَةِ ، أَوَّلُهُ إذَا جَلَسَ الإمامُ عَلَى الْمِنْبَرِ ، عَلَى عَهْدِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَأَبِي بَكْرٍ وَعُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا ، فَلَمَّا كَانَ عُثْمَانُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ وَكَثُرَ النَّاسُ زَادَ النِّدَاءَ الثَّالِثَ عَلَى الزَّوْرَاءِ.

 

Saýyp ibn Ýezit (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w), Ebu Bekriň we Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) zamanlarynda juma gününiň ilkinji çagyryşy1 ymam münbere çykyp oturan wagty başlardy2. Halifligehezreti Osman (r.a) geçeninden soň, Medinäniň halkynyň köpelmegi bilen, Zewragda3 aýdylan üçünji çagyryşy4 öňküleriniň üstüne goşdy»5.

 

1Bu çagyryş «Juma» süresiniň 9-njy aýaty-kerimesinde agzalan juma namazyna çagyryşdyr. Şol çagyryşyň ýaňlanmagy bilen birlikde juma namazyna gelmek wajyp we alyş-beriş haram bolar.

2Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) münbere çykyp oturanda azan aýdylardy, münberden düşende-de kamat getirilerdi. Ebu Bekr bilen Omaryň zamanlarynda-da şeýle boldy» diýilse, «SüneniEbu Dawut» kitabynda we Tabaranynyň kitabynda beýan edilen rowaýatlarda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w), Ebu Bekriň we Omaryň zamanlarynda olaryň garşysynda we metjidiň gapysynda azan aýdylardy» diýilýär. Abdyibn Humeýdiň tefsirinde hezreti Osmanyň zamanynyňhem köp böleginde şeýle edilendigi aýdylanyndan soň: «Şäher giňäp, musulmanlar köpeleninden soň, üçünji azany aýtmagy emr etdi we bu sebäpli aýyplanmady. Ýöne Minada namaz okany üçin aýyplanypdy» diýlipdir.

3Buharynyň öz kitabynda habar bermegine görä, ZewragMedinäniň bazarynyň içindäki bir ýermiş. Mysal üçin, Ibn Maje bilen Ibn Huzaýmanyň beýan eden rowaýatlarynda: «Bazaryň içindäki Zewragatlandyrylýan bir öýüň üçeginde» azan aýtdyrylandygy gürrüň berilýär. Tabarany bolsa: «Osmanyň (r.a) «Zewrag» diýip at berlen öýüniň üçeginde» diýip rowaýat edýär. Onuňberýän maglumatyna görä, Zewraghezreti Osmanyň (r.a) özüne degişli bir öý bolup çykýar.

4Üçünji çagyryş atlandyrylan bu azan biziň günlerimizde minaralarda okalyp, «daşky azan» diýip atlandyrýan azanymyz bolan birinji azandyr. Beýleki iki azan hutbadan öň ymamyň garşysynda okalýan azan bilen hutbadan soňragetirilýän kamatdyr. Azan bilen kamatyň ikisine-de, bulaşdyrylyp, azan diýlendigi 370-nji hadysdanhem belli bolupdy. Birinjisinde azançy tarapyndan namazyň wagtynyň girendigi, ikinjisinde bolsa takmynan şol bir sözler bilen namaza başlanandygy yglan edilýändigi üçin,olaryň ikisine-de azan diýlipdir. Daşky azan adamlary metjide çagyrmak üçindir we ilkinji çagyryş bolan ýagdaýynda bu hadysyňmetininde onuň üçünji çagyryş atlandyrylmagy öňden bäri aýdylyp gelinýän iki çagyryşa soňundan goşulandygy bilen baglanyşyklydyr.

Hezreti Osman (r.a) tarapyndan girizilen bu azan, Ibn Omaryň (r.a) aýtmagyna görä, bidgat bolsa-da, bu bidgaty hasanadyr. Ol sahabalaryň biri tarapyndanhem inkär edilmändir. Şol sebäpli hem şol döwürden başlapaýdylyp gelinýär.

5Bu hadysdan şeýle netije çykarylýar: 1) Azan hutbadan öňürti aýdylyp, hutba-da namazdan öň okalýar; 2) Hutbadan öňürti ymam münbere çykyp oturar we şol wagt azan aýdylar. Ymamyň münberde azandan öňki oturyşy azana garaşmak üçinmi ýa-da onuň dynç almagy üçinmi? Eger bu oturyş azana garaşmak üçin bolsa, baýram namazlarynda azan ýokdugy üçin, ymamyň münbere çykanyndan soň, oturmazdan, hutba okamaga başlamagy sünnet bolup çykýar.