494 Juma namazynyň edebi

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 494 Juma namazynyň edebi

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: نَهَى النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَنْ يُقِيمَ الرَّجُلُ أَخَاهُ مِنْ مَقْعَدِهِ وَيَجْلِس فِيهِ ، قِيلَ: الْجُمُعَة َ؟ قَالَ: الـجُمُعَةَ وَغَيْرَهَا.

 

 (Abdullah) ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Bir kişiniň bir musulman gardaşyny oturan ýerinden turuzmagyny we onuň ýerine geçip oturmagyny Allahyň Resuly (s.a.w.) gadagan etdi».

Rawy Nafydan: «Bu juma namazynda şeýlemi?» diýip soradylar. Nafy: «Juma namazynda-da, başgasynda-da» diýip jogap berdi1.

 

1Birini oturan ýerinden turuzmak hem, ony turuzanyňdan soň ýerine geçip oturmak hem aýry-aýrylykda şerigat tarapyndan gadagan edilen zatlardyr. Sebäbi beýle etmekimanly gardaşyň ýanynda tekepbirlik etmek we ony ýigrenmek ýaly manylara eýe bolýar. Allahü tagala Kurany-Keriminde:تِلْكَ الدَّارُ الْآَخِرَةُ نَجْعَلُهَا لِلَّذِينَ لَا يُرِيدُونَ عُلُوًّا فِي الْأَرْضِ وَلَا فَسَادًا وَالْعَاقِبَةُ لِلْمُتَّقِينَ=«Tilkeddärül-ähyretü nejgalühä lilleziýne lä ýüriýduwne uluwwen fil-arzy we lä fesäden wel-aakybetü lil-muttakyýne» (golaý manysy:«Ine, ahyret ýurdy! Biz ony ýer ýüzünde tekepbirlenmegi we bozuklygy islemeýän kişilere bereris. Iň gowy dereje takwa kişileriňkidir» («Kasas» süresiniň 83-nji aýaty)) diýýär. Bu ýerde wada edilen beýik nygmat ulumsylykdan, bozuklykdan daş bolanlara, ynsana gelişmeýän bu iki ýaramazlygy aňynda götermeýän we olary asla etmek islemeýän adamlara degişlidir. Hezreti Aly (kerremallahu wejheh): «Bir kişi özüne degişli nalyň halkasynyň arkadaşynyň nalynyň halkasyndan has gowy bolmagyny isläp başladymy, onda bu aýaty-kerimäniň hökümi oňa degişli bolar» diýipdir. Fudaýl ibn Yýaz hem bu aýaty-kerimäni okanyndan soň: «Islegler, arzuwlar, hyýallar, ine, bu ýerde köp bolar» diýipdir. Omar ibn Abdyleziz bu aýaty-kerimäni gaýtalap-gaýtalap jan beripdir (Allah oňa rehmet etsin!). Allahü tagalanyň öňünde hemmesi deň bolangullaryň birek-birek babatdaky tekepbirlikleri we ulumsylyklary,aýratynhem,metjitde ýüze çyksa, aýaty-kerimede beýan edilen tekepbirlik bilen bozuklygyň ýüze çykdygy bolýar. Şoňa laýyklykda, kimde kim bir ýeri has öň eýelänbolsa, şol ýer oňa degişlidir. Bukişini ýerinden turzup, onuň ýerine özüň geçip oturmagyň haram bolşy ýaly, iki kişini biri-birinden aýryp, aralaryna girip oturmak hem haramdyr. Mysal üçin, 481-nji hadysda bu barada açyk aýdylýar. Adamlaryň arasyny bölmegiň bir görnüşi-de oturanlaryň üstünden ätläp, öňe geçmekdir. Köp adamlar öňdäki saplarda bolmagyň sogabynyň köpdügini bilip, nädip hem bolsa, bir zat edip, şol ýerlere aralaşmak isleýärler (366-njy hadysa-da seret). Ýöne bu sogabyň gazanylmagy metjide ir gelip,öňdäki hatarda ýer eýelemek bilen baglanyşyklydyr. Ebu Hüreýre (r.a): «Ymam hutba okamaga duranyndan soň, siziň biriňiz juma güni onuň-munuň egninden basyp, öňe geçmegiň ýerine,açyk bir gara daşlykda namaz okasa, has haýyrly bolar» diýipdir. Beýle diýmek bilen ol juma namazyny terk etmek bilen gazanyljak günäniň biriniň egninden ätläp geçmek bilen gazanyljak günäden azdygyny aýtmak isläpdir. Selman Parsy (r.a) hem: «Biriniň üstünden ätläp geçmekden saklan. Öňe geçmekçi bolan ýeriňde otur» diýipdir. Ata, Söwri we Ahmet dagy hem şu pikirde bolupdyr.

«Süneni Ebu Dawut» kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a) we Selman Parsynyň (r.a) adyndan beýan edilen 481-nji hadys bilen manydaş bolan hadysyň soňunda: «Kimde kim başga bir zat bilen meşgul bolsa we onuň-munuň üstünden ätlemek bilen öňe geçse, juma namazynyň (bir hepdelik kiçi günäleriň ýuwulmagyna sebäp bolýan) artykmaçlygy galman, ol öýle namazyny okan adam ýaly bolar» diýen goşmaça bar. Bir gezek hem Allahyň Resulyhutba okapdurka,oturanlaryň egninden aşyp, özüne ýer açan birine: «Indi bir otur, beren ezýetiň ýeterlik bolar!»diýipdir. Bu hadys «SüneniEbu Dawut» kitabynda we Nesaýynyň kitabynda Abdullah ibn Busryň (r.a) adyndan beýan edilipdir. «SüneniIbn Maje» kitabynda Jabyr ibn Abdullahyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resuly (s.a.w): «Indi bir otur! Hem äleme yza berýärsiň, hem-degijä galyp gelipsiň»; Tabaranynyň Enesiň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Onuň-munuň üstünden ätläp, adamlara yza berýändigiňi görýärin. Kimde kim bir musulmana yza berse, maňa yza beren adam bolar. Kimhem maňa yza berse, Allah Azze we Jelle Hezretlerine yza beren adam bolar»diýipdir. Şonuň ýaly-da,Tirmiziniň öz kitabynda Mugaz ibn Enesiň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Kimde kim juma güni adamlaryň üstünden ätläp geçse, kyýamat gününde jähennemiň ýolunyň üstünde köpri ýerine ulanylar» (ýagny köpri ýaly ýatyrylyp, adamlar ony depeläp geçer ýa-da, başga bir rowaýata görä, jähenneme gitmek üçin özüne bir köpri ediner) diýlipdir. «MüsnediAhmet» kitaby bilen Tabaranynyň kitabynda Erkam we Osman ibn Ezragyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) atlaryndan beýan edilen rowaýatda hem: «Ymam hutba okamaga çykanyndan soň adamlaryň üstünden ätläp geçen we oturan iki kişini biri-biri birinden aýran kişiniň halynyň jähennemde garnyndan daşyna çykan iç goşlaryny süýreýän kişiniň halyna meňzejegi şübhesizdir»diýlipdir.

Oturanlaryň üstünden ätläp geçmäge iki ýagdaýda rugsat berilýär. 1) Ymam mihraba barmak üçin başga çäre tapmasa, şeýle eder. 2) Birki sapöňde boş ýer goýlan bolsa, şeýle ýagdaýda ilki öňki saplary doldurmak yzky sapdakylaryň borjy bolany üçin, beýle etmek bilen olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirdikleri bolar. Ýöne oturanlaryň üstünden ätläp geçmezden,durara ýer tapylsa, ýene öňki sapa geçmekden ýüz öwürmek gowudyr. Şeýle hem Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatdan aňlanylyşyna görä: «Maňa ýol beriň!» diýip haýyş edeniňden soň, oturanlaryň üstünden ätläp geçseň, beýle etmegiň günäsi boýnuňdan aýrylar.

Mälikiler bilen Ymam Ewzaýa görä, oturanlaryň üstünden ätläp geçmeli däldigi hakdakygadagançylyk ymamyň münberde duran wagtynda güýjünde galýar. Bu gadagançylygyň hikmeti oturanlaryň hutba diňlemegine päsgel bermezlik bilen baglanyşyklydyr. Ýöne bu gadagançylygyň bir deliliniň ulumsylyk we tekepbirlikdigine görä, bu gadagançylygyň hemme wagt dowam etmegi has göwnejaýdyr.