493 Juma namazyna gitmegiň artykmaçlyklary hakda. Ebu Absyň (r.a.) ömür ýoly. Juma namazyna gideňde özüňi alyp barmagyň aýratynlygy. Juma güni sapara çykmaga rugsat berilýärmi?

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 493 Juma namazyna gitmegiň artykmaçlyklary hakda. Ebu Absyň (r.a.) ömür ýoly. Juma namazyna gideňde özüňi alyp barmagyň aýratynlygy. Juma güni sapara çykmaga rugsat berilýärmi?

    عَنْ أَبِى عَبْسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أَنَّهُ قَالَ ، وَهْوَ ذَاهِبٌ إلَى الـجُمُعَةِ: سَمِعْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ: ( مَنِ اغْبَرَّتْ قَدَمَاهُ فِى سَبِيلِ اللَّهِ حَرَّمَهُ اللَّهُ عَلَى النَّارِ).

 

Ebu Abs (Abdyrahman ibn Jabr Ensarynyň)1 (r.a) juma namazyna gidip barýarka: «Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Kimiň aýaklary Allahyň ýolunda tozana bulaşsa, Allahü tagala onuň bedenini ýakmagy jähennemiň ataşyna haram eder» diýendigini eşitdim» diýip seslenendigi ygtybarly hadysda rowaýat edilýär.

 

1Ebu Abs Ewsi ensarydan bolup, Bedir söweşine gatnaşan irki sahabalaryň biridir. Ol Bedir söweşinden başlap, ähli şehitliklerde Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanynda bolupdyr. Jahylyýet zamanynda ady Abdyluzza ýa-da, başga bir rowaýata görä, Magbet eken. Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan oňa Abdyrahman ady dakylyp, doganlaşyk wagtynda muhajirlerden Hubaýş ibn Huzafa(r.a) bilen dogan edilipdi. Yslam dini ýaňy ýaýrap başlanda,heniz yslam dinine girmedik tiredeşleriniň çokunýan butlarynyň başyndan Ebu Bürde (r.a) bilen birlikde musallat bolup inip, olary döwmekden lezzet alardylar. Ebu Abs soňra bir gezekMuhammet ibn Meslemäniň (r.a) teklibini kabul edip, şol döwürde yslam dininiň we ahyrzaman Pygamberiniň (s.a.w) iň uly duşmany bolan ýehudy Kagp ibn Eşrepiň öldürilmegine gatnaşanlara goşulypdyrwe musulmanlaryň garşysyna tutuş Arabystanyň halkyny şygyrlary bilen, suhangöýlügi bilen, baýlygy bilen aýaga galdyrmaga çalşan näkesiň şerinden musulmanlary halas edipdir. Bu waka ýüze çykanda, Muhammet ibn Mesleme bilen Ebu Absyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) ýanynda Ebu Nagyla, Abbat ibn Bişr we Harys ibn Ews (Allah olardan razy bolsun!) dagy hem bardy. Olaryň hemmesi-de ewsilerdendir. Ebu Abs (r.a) hijriniň 34-nji ýylynda ýetmiş ýaşyndaka dünýesini täzeläpdir. Hassa bolup ýatyrka,hezreti Osman (r.a), Bedir söweşine gatnaşandygynyň hatyrasyny tutup,ony häli-şindi sorap gaýdar eken.

Ibn Hajar Askalany «Isabe» atly kitabynda Ebu Absa degişli keramat hökmünde Allahyň Resulynyň (s.a.w) görkezen bir mugjyzasyny hem habar berýär.

Allahyň Resulynyň (s.a.w) Bagtyýar Zamanasynda Ebu Absyň gözleri kütelip, gijelerine ýoluny saýgarman başlapdyr. Şol döwürde Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa bir hasa sowgat beripdir. Bu hasa gijelerine uzaklara çenli nur saçyp, gijeleri onuň ýoluny ýagtyldar eken (291-nji hadysa-da seret).

Ebu Absyň ýaşy hakda «Isabe» kitabynda aýdylan bir söz ünsüňi özüne çekýär. Bu kitapda Ebu Absyň Bedir söweşine gatnaşanda 48 ýaşynda bolandygy aýdylyp, soňra hijriniň 34-nji ýylynda 70 ýaşynda ýogalandygy habar berilýär. Ýöne, bu hasaba görä, ol 80 ýaşynda ýogalan bolup çykýar.

Buharynyň kitabynda onuň adyndan diňe bir hadys beýan edilip, bu hadys Tirmiziniň we Nesaýynyň kitaplarynda-da duş gelýär.

Allahyň ýolunda jihat etmegiň gazandyrýan artykmaçlygyny habar berýän we köpsanly sahabalaryň adyndan beýan edilýän bu hadysy-şeribiň juma namazlary bilen baglanyşykly hadyslaryň arasynda ýerleşdirilmeginiň sebäbi, juma namazyna gitmegiňhem hökmi boýunça jihada gitmek ýalydygy üçindir. Mysal üçin, Ebu Absyň (r.a) bu hadysy juma namazyna gidip barýarka gürrüň bermegi, onuň gazandyrýan sogaplary boýunça, bu ikisiniň hökümini bir hasaplandygyny görkezýär. Buharynyň senedinde (rawylar zynjyrynda) rawy bu hadysy-şeribi gürrüň bermäge: «Men juma namazyna gidip barýarkam Ebu Abs (r.a) yzymdan ýetip, diýdi ki» diýip başlaýar. Zebidi bu hadysy «Tejridine» girizende,bu giriş sözüni gysgaldyp berip, hadysy şu ýerdäki görnüşe getiripdir. Bu hadysyň Nesaýynyň kitabyndaky nusgasynda bu giriş sözi: «Men ädim ura, ädim ura juma namazyna gidip barýarkam» görnüşinde beýan edilipdir. Nesaýynyň nusgasyndaky: «Ädim ura, ädim ura» jümlesi pyýada gitmegi aňladýan «meşiý» sözüniň terjimesi bolup, bu hadysda buşlanýan sogabyň diňe juma namazyna pyýada gidenlere degişlidigini aýdýanlarhem bar. Ýöne Buharynyň nusgasyndaky: «Gidip barýarkam» jümlesi «zähäb» sözüniň terjimesi bolup, bu söz umuman bir ýere gitmegi aňladýar. Şonuň üçinhem şundan çen tutup, köp alymlar pyýada ýöremegi has gowy hasap etseler-de, bu sogaby gazanmakda pyýada bilen ulaglynyň arasynda parh görmeýärler.

Şu hadysy-şerifde-de, 480-nji we 481-nji hadysalarda-da gürrüňi edilýän sogap we artykmaçlyk:إِذَا نُودِيَ لِلصَّلَاةِ مِنْ يَوْمِ الْجُمُعَةِ فَاسْعَوْا إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ وَذَرُوا الْبَيْعَ  = «Izä nüwdiýe lissaläti min ýewmil-jumugati fesgaw ilä zikrillähi we zerül-beýga» (golaý manysy: «Eý iman edenler, juma güni namaza çagyrylanda,derrew Allahy zikir etmägehaýdaň wesöwdany taşlaň»(«Juma» süresiniň 9-njy aýaty) aýaty-kerimesindäki emre we gadagançylyga boýun egmegiň bereketi bilen baglanyşyklydyr.

Bu aýaty-kerimede bir zat emredilip, ýene bir zat hemgadagan edilýär (juma namazyna gitmek emr edilýär we söwda etmek gadagan edilýär). Juma namazyna gitmek haýsy wagtdan başlap wajyp bolýar? Juma namazy üçin azan aýdylmagy bilen, metjide gitmegiň wajyplygy öz güýjüne girýär. Hatda Buharynyň kitabynda şu hadys bilen baglylykda Zühriniň adyndan beýan edilen bir söze görä, ýolagçy bolan adam juma güni bir ýere baryp ýetip, şol ýerde azan sesini eşitse, çagyryşy kabul edip, juma namazyny okamaga gitmelidir. Zühriniň bu aýdany mysapyra juma namazyny okamagyň parz däldigini aýdýan alymlar köplüginiň pikirine garşydyr.

Juma güni ir bilen sapara çykmaga rugsat berilýär. Mysal üçin, Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir gezek juma güni ir bilen sapara çykandygy bellidir. Juma gijesi daň atmazyndan öňhem sapara çykyp bolar. Diňe Ybraýym Nahaýy musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a): «Juma gijesine galsaň, juma namazyny okaman,sapara çykma» diýendigine bakyp,penşenbe güni ýassydan soňrasapara çykmagy halamandyr.

Günortandan öň we günortana golaý wagtda sapara çykmak Omar ibn Hattap, Zubaýr ibn Awwam, Ebu Ubaýda ibn Jerrah, Abdullah ibn Omar (Allah olardan razy bolsun!) ýaly sahabalara, şonuň ýaly-da,Hasanwe Ibn Sirine görä,göwnüňe jaý bolup, ymam Mälik bilen Ibn Münziriň pikirleri hem şonuň ýaly bolupdyr. Ýöne beýle etmegiň haramdygyhakdaky pikir has göwnejaýdyr. Günortan wagty ýakynlaşan bolsa, juma namazyny okap, şondan soňrasapara çykmalydyr. Hezreti Äşäniň, Mugaz ibn Jebeliň (Allah olardan razy bolsun!), şonuň ýaly-da,Omar ibn Abdyleziziň we Hassan ibn Atyýýanyň pikirleri hem şeýledir.

Ymam Ebu Hanifä görä, günortandan soňrasapara çykmak bolýar. Ýöne Ymam Mälige hem-de Ymam Ahmede görä, beýle edilende,bile ýola çykan arkadaşlaryňdan aýrylyşmak gorkusy ýa-da juma namazyny ýolda okamak mümkinçiligi bar bolsa, günortandan soňrasapara çykyp bolar, bolmasa-da bolmaz.

Ýene bu aýaty-kerimedäki gadagan etmä görä, juma namazynyň wagtynda söwda bilen meşgul bolmak haramdyr. Buharyöz kitabynda bu meselä degişli iki sany rowaýaty ýerleşdiripdir. Bu rowaýatlardaIbn Apbasyň(r.a) we Ata Ibn Ebu Rebahyňazan aýdylanyndan soňalyş-berişihem,senetçilige degişli hemme işlerihemharamhasaplandyklarybeýan edilipdir. Ata: «Oýun oýnamak bilen alyş-beriş etmek haramdyr. Iş etmek-de, uklamak-da, aýalyňa ýanaşmakda, hat ýazmak-da,edil alyş-beriş etmek ýaly,haramdyr» diýýär. Jabyryň (r.a) habar beren merfuw hadysynda-da: «Azan aýdylmagy bilen birlikde söwda haram bolar. Hutba okalýarka-da söz sözlemek haramdyr. Söz sözlemek hutbadan soňra halal bolar. Söwda-da namazdan soňra halal bolar» diýlipdir.

Alyş-berişiň gadagançylygy juma namazyndan çykylanyndan soňraaradan aýrylsa-da, bu gadagançylygyň güýje girýän wagty metjidiň içinde aýdylyp,«içki azan»adyny berýän azanymyzyň aýdylýan wagtydyr. Hanefileriň, şapygylaryň, hanbalylaryň we fykyhçy alymlaryň köpüsiniň pikiri şunuň ýalydyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanasynda diňe şu azan aýdylýardy. Minaradan aýdylýan azan soň ýüze çykypdyr. 495-nji hadysda bu barada gürrüň ediler. Eýýupdan gelip ýeten bir söze görä, ol: «Medinäniň ýaşaýjylary üçin juma gününde bir sagat bolup, şol sagatda: «Alyş-beriş haramdyr!» diýlip jar çekilerdi. Bu-da ymamyň münbere çykýan zamanydy» diýip, Medinäniň halkynyň bir adatyny habar berýär. Dahhaga, Ata, Hasan Basra, Müslim ibn Yýasara we Müjähide görä bolsa,bu gadagançylyk günortandan başlap güýje girýär. Mälikilere görä, nika gyýmakdan, sowgat bermekden we sadaka bermekden başga işleriň hemmesi ýatyrylmalydyr.

Juma namazynyň okalýan sagadynda alyş-beriş haram bolmak bilen birlikde,bir zady satmak we satyn almak barada gepleşip goýmak hem harammydyr? Ebu Hanifä, Ebu Ýusuba, Muhammede, Züfere, Şapyga, gepiň keltesi, alymlaryň esasy köplügine görä,bir zady satmak (satyn almak) barada sözleşmek kerahet (halanmaýan iş) bolmak bilen dürsdür. Çünki gadagançylyk söwda hakdaky gürrüňiň düýbünden ýatyrylmagyny zerurlygaöwürmez. Sufýan Söwri: «Bular ýaly alyş-beriş dürs bolsa-da, ony eden Allahyň ýanynda günäkärdir» diýenmiş. Mälige, Ahmet ibn Hanbala we zahyrylaragörä bolsa bular ýaly alyş-beriş batyl bolar.