492 Ýene juma namazynyň wagty hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 492 Ýene juma namazynyň wagty hakda

      وَعَنْهُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ إذَا اشْتَدَّ الْبَرْدُ بَكَّرَ  بِالصَّلاَةِ ، وَإذَا اشْتَدَّ الحَرُّ أَبْرَدَ بِالصَّلاَةَ ، يَعْنِي الـجُمُعَةَ .

 

  Enes ibn Mälik (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sowuk güýçlenen zamanlarda namazy ir okadardy, erbet yssy düşende-de,howa salkynlaýança, namazyyza çekerdi»1.

Rawy Enesiň bu ýerde juma namazyny göz öňünde tutandygyny aýdýar2.

 

1Bu hadysy-şerif 321-nji we 322-nji hadyslara meňzeşdir. Şoňa görä-de,rawynyň bu hadysyň soňunda getirýän goşmaçasy, ýagny bu ýerde juma namazynyň göz öňünde tutulýandygy hakdaky belligi ygtybarly däl diýip hasap edilse, onda bu ýerde aýdylanlar öýle namazyna degişli hasap edilip bilner hem-de juma namazyny öýleden öň okamagy saýlap alanlaryň garşysyna delil bolmaz. Mysal üçin, Buhary hadysyň başga bir ýoldan gelen nusgasynda bu goşmaçanyň ýokdugyny belläp geçýär. Buharynyň kitabynda Enesiň (r.a) adyndan beýan edilip, Zebidiniň öz «Tejridine» girizmedik: «Öz wagtynda biz, ýagny sahabalar namazy ir okap, gündiz ukusyny juma namazyndan soňa goýardyk» hadysyny-da,juma namazyny öýleden öň okamagy saýlap alanlar öz hereketlerine delil hökmünde ulanmakçy bolýarlar. Ýöne tebkiriň diňe namaza ir gitmek manysyny aňladýandygy 480-nji hadysyň düşündirişinde beýan edilip, ol juma namazyna garaşyp oturmak üçin,öýleden öň metjide gitmekdir. Şonuň ýaly-da, ol Gün günortadan agan badyna we öýle namazynyň wagty giräýende namaz okamagy hem aňladyp biler. Yssy günlerde namazy howa salkynlaýança yza çekmek barada berlen maslahaty ýerine ýetirmegiň sogabyny gazanmak üçin, sahabalaryň öýle namazyny gündiz ukusyny alanlaryndan soňraokamagy endik edinendikleri sebäpli,Enesiň (r.a) uzakdan gelenleri garaşdyrmazlyk maksady bilen juma namazyny wagty giräýende okadyp, şol sebäpli hem sahabalaryň gündiz ukusyny soňa goýandyklaryny göz öňünde tutan bolmagy hem mümkin. Hatda bu çaklama 480-nji hadysyň delilleri we 491-nji hadysyň kömegi bilen jedelsiz bir hakykata hem öwrülýär. Sebäbi 491-nji hadysda gyşyna tebkir, ýagny namazyň ir, tomsuna bolsa ibraad, ýagny gijikdirilip okalandygyndan söz açylyp, 480-nji hadysa görä, gündiziň başyndan öýle wagtyna çenli aralykda metjide ir barýanlaryň gazanýan sogabynyň derejeme-dereje sanalyp geçilýänligindençen tutsaň, ir ertiriň serginliginde metjide gelen adamlaryň öýläniň yssysyny metjitde garaşyp geçirip, öýleden soňrahowanyň salkynlamagyna garaşmaklary bilen maksat edinilýän ýeňillik hasyl bolmaz. Gaýtam beýle etmegiň jemagata yza bermegi hem mümkin.

2Buhary bu hadysa degişli bolan düşündirişinde: «Rawy Ebu Kelde şeýle diýipdir: «Bir emir bize juma namazyny okadanyndan soň, Enesden (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle namazyny nähili edip okadardy?» diýip sorady. Eneshem (r.a) şu jogaby berdi» diýip rowaýat edýär. Wakanyň gysgaça beýany şeýledir: Hajjaçibn Ýusup Sekafyözüniň Hakem ibn Ebu Akyl atly bir doganoglanyny özüne naýyp(orunbasar) hökmünde Basranyň emiri edip belläpdi. Ol hem Hajjajyň düşünjesine görä hereket edip, jumagüni hutbany ikindi wagtynaçenli uzaldar eken. Bir gün namaz okalyp bolnandan soň, Ýezit Zabbydiýen bir adam onuň beýtmegine garşy çykypdyr. Hakem öz ýanynda oturan Enese (r.a) şu soragy beripdir. Enesiň (r.a) hadysynda agzalýan namazyň juma namazydygy hakyndaky goşmaça bolsa bu wakada juma namazyndan söz açylýandygy sebäpli rawy tarapyndan soňra girizilipdir. Ysmaýylynyň bir rowaýatynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) gyş düşende öýle namazyny ir okadardy, tomus düşende bolsa,howa salkynlaýança,yza çekerdi. Ýöne ikindi namazynyGün ap-ak we tämiz wagty okadardy» diýlipdir. Bu hadysy Beýhaky-da edil şunuň ýaly edip beýan edýär. 324-nji hadysa-da seret. Bu wakada gürrüň juma namazy bilen baglanyşykly bolsa-da, Hakem ibn Ebu Akylyň öýle wagtynyň hökümini soramagy, Enesiňhem (r.a) sowala görä jogap bermegi, bu sahabanyň düşünjesi boýunça,(fykyhçy alymlaryň esasy köplüginiň düşünjesi hem şonuň ýaly) juma we öýle namazlarynyň wagtynyň birdigini hem-de günortadan öň juma namazynyň okalmajakdygyny görkezýär.