491 Juma namazynyň okalmaly wagty barada

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 491 Juma namazynyň okalmaly wagty barada

    عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كَانَ يُصَلِّي الـجُمُعَةَ حِينَ تَمِيلُ الشَّمْسُ .

 

Enes (ibn Mälik) (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w) juma namazyny Gün günbatara meýil eden wagty1okatdy»2.

 

1Bu ýerde Günüň günbatara meýil etmegi hakynda aýdylan söz Günüň ortadan agmagy bilen başlanýan öýle wagtyny aňladýar.

2Bu hadysy Ebu Dawut bilen Tirmizi hem «Sünen» atly kitaplarynda ýene Enes ibn Mäligiň (r.a) adyndan beýan edipdirler. Tirmizi bu hadysy «Hasany sahyh» hökmünde häsiýetlendireninden soň: «Şuňa laýyklykda,juma namazynyň wagtynyň, öýle namazynyň wagty ýaly, Gün ortadan agyp, öýle wagty girende başlanýandygy hakda alymlaryň köpüsi bir pikirde bolupdyrlar. Mysal üçin, Şapygynyň, Ahmediň we Yshak ibn Rahuýanyňhem pikirleri şunuň ýaly bolupdyr. Käbirleri juma namazynyň öýleden öňhem okalyp bilinjekdigini aýdypdyrlar. Buhary-daöz kitabyndaöýle wagtynyň juma namazynyň wagtydygy bilen Omaryň, Alynyň, Nugman ibn Beşiriň we Amr ibn Huraýsyň (Allah olardan razy bolsun!) ylalaşandyklaryny beýan edýär.

Ygtybarly hadyslary özlerinde jemleýän alty sany kitabyň («Syhahy sitte») Tirmiziniň kitabyndan beýlekilerinde rowaýat edilmegine görä, Seleme (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikdejuma namazyny okardyk. Yza dolananymyzda diwarlaryň bizi kölegeledip biljek kölegesi bolmazdy» diýipdir. Bu rowaýat, göräýmäge, juma namazynyň öýleden öň okalandygyny görkezýär. Ýöne öýle wagty girmezinden öň juma namazynyň okalmajakdygy bilen ylalaşanlar bu ýerde aýdylany düşündirip: «Öýle bolan badyna namaz okamaga başlanypdyr, diwarlarhem pessejik bolansoňlar, namazdan çykanlarynda özlerine kölegelär ýaly kölege tapmandyrlar. Beýle diýildigi hiç hili kölege tapmandyklaryny aňlatmaýar» diýýärler. Mysal üçin, Selemäniň (r.a) Müslimiň kitabynda beýan edilen başga bir rowaýatynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde juma namazyny Gün ortadan aganyndan soň okardyk. Soňra yzymyza dönenimizde kölegeräk ýer gözlärdik» diýlipdir.

«MüsnediAhmet» kitabynda beýan edilmegine görä, Zubaýr ibn Awwam (r.a): «Biz juma namazyny Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde okardyk. Soňra yzymyza dolananymyzda,galanyň düýplerini synlardyk we basan ýerimizden artyk kölege tapmazdyk» diýipdir. Bu rowaýat alymlaryň esasy köplügine garşy bolanlaryň pikirini tassyklaýar.

Buharynyň, Müslimiň, Nesaýynyň Tirmiziniň kitaplarynda beýan edilen rowaýata görä, Sehl ibn Sagt (r.a) şeýle diýýär: «Aramyzda bir aýal maşgala bardy. Ol bir ýabyň kenaryndaky ekin meýdanynda şugundyr ekerdi. Her juma güni gelende, şugundyrlaryň düýplerini bir golçanyň içine salyp gaýnadardy, soňra üwelen bir owuç arpany-da onuň içine atardy. Şugundyr düýpleri etli süňk görnüşine girerdiler. Juma namazyndan çykyp, onuň ýanyna baryp salam bererdik. Olhem bize ýaňky nahardan bererdi, bizem şugundyry gemrerdik. Şol zenanyň bişiren naharyny iýmek üçin juma gününiň çaltrak gelmegini arzuw eder ýörerdik». Ahmet: «Bu tagam Sehl bilen arkadaşlary üçin guşluk naharynyň ýerini tutardy» diýipdir. Mysal üçin, ýene Sehl ibn Sagt (r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanynda biz juma namazyny okamazdan ne gündiz ukusyny alardyk, ne-de guşluk naharyny iýerdik» diýýär. Ol döwürdäki adata görä, gündiz ukusyny-da guşluk wagty alarlar eken, guşluk naharyny-da şol wagt iýer ekenler. Ýöne alymlaryň esasy köplügi olaryň guşluk tagamy bilen gündiz ukusyny juma günleri öýle wagtynda okalmagy hökman bolan juma namazyndansoňa goýan bolmaklarynyň ahmaldygyna esaslanyp, muny öz pikirleriniň dogrudygyny tassyklaýan bir delil hasaplapdyrlar. «MüsnediAhmet» kitabynda beýan edilişine görä, Abdullah ibn Mesgut (r.a) bir gezek juma namazyny guşluk wagtynda okadyp: «Sizi yssy horlarmyka öýdüp gorkdum» diýipdir. Ýöne bu rowaýatyň zaif (senedi kemçilikli) bolany üçin,jedel edýän tarapagüýçli bir delil bolup bilmez.

Tabarany «MugjemiKebir» atly kitabynda Ammar ibn Ýasyryň (r.a) hem, edil Seleme ibn Ekwaýaly: «Juma namazyny okardyk, soňra namazdan çykanymyzda, diwarlaryň bizi kölegeledip biljek kölegesi bolmazdy» diýendigini beýan edýär.

Ibn Majäniň kitabynda Sagt Kurazyň (r.a), ýaňy agzalyp geçilen «MugjemiKebir» atly kitapda-da Bilalyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatlara görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w) beýik zamanasynda kölege nalyň halkasy ýaly bolanda,juma namazynyň azany aýdylar eken. Bu iki rowaýat hem alymlaryň esasy köplügi üçin gowy bir delildir. Sebäbi Bilal (r.a) Metjidi-Nebewiniň, Sagt Kuraz (r.a) hem Kuba metjidiniň azançysy bolup, wagtyň näçedigini kesgitlemäge beýleki sahabalara garanda has mätäçdiler.

Bulardan başga «SüneniEbu Dawut» atly kitapda Allahyň Resulynyň (s.a.w) juma günlerinden beýleki günlerde günortan wagty namaz okamagy gowy görmändigi hakda bir rowaýat barhem bolsa, bu hadys mürsel we zaifdir. Ýöne juma namazynyň wagtynyňöýledigi hakda Enesiň, Sagt Kurazyň we Bilalyň (Allah olardan razy bolsun!) gürrüň beren rowaýatlarynyň hemmesi dürli-dürli ygtybarly ýollardan gelip ýetmekleri bilen birlikde,Pygamberimiziň (s.a.w) beýik zamanasynda käte juma namazynyň has ir okalandygyna degişli munça rowaýaty puja çykarmaýarlar. Hususanhem Allahyň Resulynyň (s.a.w) hutba okanda-da, namaz okanda-da beýleki süreler bilen deňeşdirilende uzyn hasaplanyp biljek Kuran sürelerini okandygy hakdaky ygtybarly rowaýatlara-da bakylsa, günortadan öň okalan juma namazynyň dürs bolup biljekdigi bilen ylalaşýanlary dözümli ýazgarmazlyk gowy bolar. Meselem, Müslimiň öz kitabynda beýan eden rowaýatyna görä, Ümmü Hyşam (r.a) «Kaaaaf. Wel Kuraanil-mejiýdi» («Kaf») süresini Allahyň Resulynyň (s.a.w) her hepde münberde okamagy netijesinde,onuň mübärek agzyndan eşide-eşide ýat tutupdyr. Ibn Majäniňhem Ubaý ibn Kagbyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) juma günleriniň hutbasynda yzygiderli diýen ýaly «Tebärek» («Mülk») süresini ýatdan okar eken. Onuň namazda-da «Juma» we «Münafykyýn» sürelerini «Fatyha» süresinden soňraokalýan zammysürä derek okandygy Müslimiň kitabynda Alynyň, Ebu Hüreýräniň we Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen rowaýatlarda aýdylýar (486-njy hadysa-da seret).

Hutba bilen namaz okamak üçin şunça wagtlap eglenileninden soňhem ýene diwaryň kölegeleriniň uzaman galmagy üçin, elbetde, juma namazyna öýle wagtyndan öň başlamak zerur bolar. Hernäme-de bolsa, juma namazyny okamaga günortadan soň başlamagyň gürrüňsiz gowudygyna we alymlaryň esasy köplügine görä, wajypdygyna şübhe ýokdur. Ýöne Ymam Ahmediň we (Ibn Münziriň beýan etmegine görä) Atadyr Yshak ibn Rahuýanyň aýdyşlary ýaly, juma namazyna ondan biraz öň başlanmagy hem zyýanly hasaplanyp bilinmez. Mysal üçin, Ibn Mesgudyň edişi ýaly, Jabyryň, Sagdyň we Mugawyýanyň (Allah olardan razy bolsun!) juma namazyny öýle wagtyndan öňhem okandyklary bellidir. Ibn Apbasyňhem (r.a) juma namazynyň altynjy sagatda okalmagyny gowy görendigini Mawardybeýan edýär. Müjähit bolsa, juma gününiňhem bir baýram güni bolany üçin, juma namazynyň baýram namazynyň wagtynda okalyp bilinjekdigini aýdypdyr. Mysal üçin, hanbaly mezhebiniň käbir alymlarynyň pikirine görä, juma namazynyň başlangyç wagty baýram namazynyň wagtydyr. Ýöne juma gününiň baýram hasaplanmagy bilen bu günebaýram hökümleriniň hemmesiniň degişlidigini aýdyp bolmaz. Mysal üçin, baýram güni agyz beklemekharamdyr. Juma gününiň agyz beklemekbilen utgaşdyrylmagynda, käbirleriniň pikiriçe, kerahet bar bolsa-da, şol gün tutuljak orazany ýa penşenbe, ýa-da anna günde tutuljak oraza bilen utgaşdyrmak maslahat berlipdir, ýagny juma gününde agyz beklemek düýbünden gadagan edilmändir. Bu mesele barada alymlaryň ählisiniň pikiri birmeňzeşdir.