490 Sahabalara gusul täretini almagyň maslahat berilmegi

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 490 Sahabalara gusul täretini almagyň maslahat berilmegi

وَعَنْهَا رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: كَانَ النَّاسُ مَهَنَةَ أَنْفُسِهِمْ ، وَكَانُوا إذَا رَاحُوا إلَى الجُمُعَةِ رَاحُوا فِى هَيْئَتِهِمْ ، فَقِيلَ  لَهُمْ: (لَوِ اغْتَسَلْتُمْ).

 

 Musulmanlaryň enesi Äşe-Syddyka (r.a) şeýle diýipdir: «Bagtyýar zamanda adamlar öz işleri bilen meşgul bolardylar. Juma namazyna-da iş eşikleri bilen giderdiler. Şol sebäpli olara: «Käşgä ýuwunaýsadyňyz»diýildi»1.

 

1Bu hadysy Buhary bilen Müslim Ýahýa ibn Sagyt Ensarynyň adyndan şol bir ýoldan beýan edipdirler. Müslimiň kitabynda bu hadys has düşnükli beýan edilýär. Şol nusgada şeýle diýilýär: «Adamlar ekerançy bolup, işlerini etjek ýardamçylary-da ýokdy. Şol sebäpli bedenlerinden agyr ys gelerdi. Şol sebäpli olara: «Juma güni ýuwunaýsaňyz» diýildi».