489 Ýene-de gusul täretini hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 489 Ýene-de gusul täretini hakda

    عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: كَانَ النَّاسُ يَنْتَابُونَ الجُمُعَةَ مِنْ مَنَازِلِهِمْ وَالْعَوَالِي ، فَيَأْتُونَ فِي الغُبَارِ فَيُصِيبُهُمُ الْغُبَارُ وَالْعَرَقُ فَيَخْرُجُ مِنْهُمُ الْعَرَقُ ، فَأَتَى رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ إنْسَانٌ مِنْهُمْ وَهْوَ عِنْدِي ، فَقَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (لَوْ أَنَّكُمْ تَطَهَّرْتُمْ لِيَوْمِكُمْ هَذَا).

 

Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanynda adamlar Medinä ýakyn ýerlerdenhem, Awalydanhem juma namazyna nobatlaşyp gelerdiler1. Olar ýüň ýapynjalaryny eginlerine atyp, ala tozan bolup gelerdiler we toz-toprak ornan bedenlerinden deriň ysy gelerdi. Bir gezek Pygamberimiz (s.a.w.) ýanymda oturka, olardan biri (ýa-da birnäçesi) onuň huzuryna geldi. Allahyň Resuly (s.a.w): «Käşgä şu gün bir ýuwunaýsadyňyz!»diýdi»2.

 

178-nji we 328-nji hadyslaryň düşündirişlerinde beýan edilişine görä, Awaly diýip, Medinäniň daşyndaky iň ýakyny iki, iň uzagy alty ýa-da sekiz mil aralykda ýerleşýän birtopar ýere aýdylýar. Medinäniň daşyndaky iki mil, ýagny 8000 ädim uzaklykda ýerleşýän ýerlerden sahabalaryň juma namazyny okamak üçin gelmeklerini käbir alymlar şäherden iki mil uzaklykda ýaşaýanlar üçin juma namazynyň wajyp däldigini aýdýan kufeli alymlaryň pikirini ret etmäge sebäp hasaplasalar-da, hanefi mezhebiniň alymlary bu sahabalaryň juma namazyna nobatlaşyp gelendiklerini göz öňünde tutup, hadysyň ýene öz pikirlerini tassyklaýandygyny aýdýarlar. Olar: «Şäheriň daşynda ýaşaýanlara juma namazy wajyp bolanlygynda, her hepde juma namazyna hemmesi  gelerdi, oňa nobatlaşyp gelmekleri dogry saýylmazdy» diýýärler.

2«Süneni Ebu Dawut»kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä, juma gusulyna,ine, şu hadysda beýan edilen waka sebäp bolupdyr. Juma namazynyň parzdygy: إِذَا نُودِيَ لِلصَّلَاةِ مِنْ يَوْمِ الْجُمُعَةِ فَاسْعَوْا إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ وَذَرُوا الْبَيْعَ  = «Izä nüwdiýe lissaläti min ýewmil-jumugati fesgaw ilä zikrillähi we zerül-beýga» (golaý manysy: «Juma güni juma namazyna çagyrylanda,Allahy zikir etmek üçin metjide haýdaňwe söwdany taşlaň»(«Juma» süresiniň 9-njy aýaty)) aýaty-kerimesi bilen belli edilip, bu aýaty-kerimede-de: «Haýdaň» diýilýändigi üçin, Buhary näçe uzaklykdan bu namaza gidilmelidigini görkezmek maksady bilen açan babynda bu hadysy-şeribi ýerleşdirip, sahabalaryň iki milden başlap, sekiz mile çenli bolan uzaklykdan juma namazyna gidendiklerini düşündirmek isläpdir. Bu hadysyň öňünde-de tabygyndan Ata ibn Ebu Gabahyň bu babatdaky düşünjesi we Enese (r.a) degişli bir rowaýat ýerleşdirilipdir. Buhary bu babyň öňündäki bapda has öň beýan edilen 389-njy hadysy gaýtalamak bilen, ýagmyrly, batgaly günlerde juma namazyna gelmezlige rugsat berilýändigini görkezmek isläpdir.

Buhary öz kitabynda Atanyň: «Jämian bir obanyň içindekäň,juma güni namaza çagyrylsa, azany eşidendigiňe, eşitmändigiňe garamazdan, şol namazda bolmak Allahyň siziň üstüňizdäki hakydyr» diýendigini rowaýat edýär. Abdyrrezzagyň Ibn Jüreýjiň adyndan beýan eden rowaýatyna görä, Ibn Jüreýj şeýle diýipdir: «Atadan: «Jämian oba diýeniň nähili oba bolýar?» diýip soradym. Ol: «Jidde ýaly, jemagaty, emiri, kazysy, biri-biri bilen degşiktoparlaýyn öýleri bolan obadyr» diýip jogap berdi. Bu sözlere görä, Ata obany Medine ýaly bir ilatly nokat hökmünde göz öňüne getiren bolup çykýar. Mysal üçin, Kurany-Kerimde Mekge we Taif şäherlerinden söz açylyp:وَقَالُوا لَوْلَا نُزِّلَ هَذَا الْقُرْءانُ عَلَى رَجُلٍ مِنَ الْقَرْيَتَيْنِ عَظِيمٍ                                                                                                                                                                                                                                                                                                                      = «We kaluw lew lä nüzzile häzel-Kuränü alä rejülin minel-karýeteýni azyýmin» (golaý manysy: «We aýtdylar: «Bu Kuran iki şäherden bir beýik adama inderilse bolmazmydy?» («Zuhruf» süresiniň 31-nji aýaty)) diýilýär hem-de şäher sözi «oba» manysyny berýän «kare» sözi bilen aňladylýar. Jämi bolan şäheriň içinde bolanlaryň juma namazyna barmaklarynyň wajypdygyny şübhe astyna alan alym ýok.

Buhary başga bir rowaýatynda: «Enes (r.a) öz galasynda ýaşanda,käte Basranyň juma metjidinde okalýan juma namazyna barardy, käte-de barmazdy. Bu gala Basra şäherinden iki parsah uzaklykda ýerleşýän Zawyýadiýilýän ýerde salnandy» diýýär. Diýmek, Enes (r.a) juma metjidi bolan şäheriň içinde däl-de, daşynda ýaşapdyr weedil Awalydan gelen sahabalar ýaly, alty mil uzaklykdan juma namazyna käte gelip, käte gelmändir.

Şäherden näçe uzaklykda ýaşaýanlar üçin juma namazynyň wajyp boljakdygy hakda alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Olaryň bir toparynyň pikirine görä, juma namazyna gatnaşan ýagdaýynda agşam öýüne dolanyp baryp, maşgalasyna gowuşmaga mümkinçilik berjek uzaklykda ýaşaýan adama juma namazyny metjitde okamak wajypdyr. Mysal üçin, Ebu Hüreýre (r.a): «Juma namazy maşgalasyna gije gowşup biljek adama parzdyr» diýen bir merfuw hadysy gürrüň beripdir. Bu hadysy Tirmizi we Beýhaky beýan etselerhem, onuň zaifdigini hem aýdypdyrlar. Ymam Ahmet ibn Hanbalhem şu hadysy rowaýat edene: «Toba et!» diýipdir. Hernäme-de bolsa, Ebu Hüreýre, Enes, Ibn Omar, Mugawyýa (Allah olardan razy bolsun!) ýaly sahabalar, Nafy, Hasan Basry, Ykryma, Hakem ibn Utaýba, Ybraýym Nahaýy, Ebu Abdyrahman Selemi, Ata ibn Ebu Rebah ýaly tabygynlar, Ewzaýy we Ebu Söwr ýaly metbugynlar munuň bilen ylalaşýarlar.

Alymlaryň ýene bir topary juma namazy üçin aýdylan azany eşiden adama juma namazynyň parz boljakdygyny aýdypdyrlar. Abdullah ibn Omardan (Allah ikisinden razy bolsun!) gelip ýeten ikinji bir pikir hem şunuň ýalydyr. Tirmiziniň beýan etmegine görä, metbugynlaradegişli alymlar Şapygy, Ahmet we Yshak ibn Rahuýa-daşu pikirde bolupdyrlar. Ymam Mälik «SüneniEbu Dawut» kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Juma namazy azany eşidip bilene parzdyr» diýen hadysy delil tutunsa-da, bu hadys rowaýat ylmynyň kanunlary boýunça zaifdir.

Üçünji topara görä bolsa juma namazy şäheriň içinde ýaşaýanlara wajyp, şäheriň daşynda ýaşaýanlara bolsa, azan sesini eşitselerhem, eşitmeselerhem wajyp däldir. Ymam Ebu Hanifäniňhem pikiri şunuň ýalydyr. Ymam Ebu Ýusubyňhem şu pikirde bolandygy aýdylsa-da, «Kadyhan» atly kitapda ýazylyşyna görä, ol dokuz mil uzaklykda ýaşaýan adam üçinhem juma namazyna gelmegi parz hasaplapdyr. Başga bir rowaýata görä, ol alymlaryň birinji toparynyň diýenleri bilen ylalaşanmyş, ýagny juma namazyny okan adam namazdan soňraagşama çenli öýüne dolanyp biljek bolsa,şol adama juma namazyny okamagyň gerekdigini aýdypdyr. Ymam Muhammede görä, şäherden bir, ýa-da iki, ýa bolmasa, üç mil uzaklykda ýaşaýan adama juma namazy wajypdyr. Ymam Mälik bilen Leýsiň hem pikirleriniň şunuň ýaly bolandygy rowaýat edilýär.

«Arbazy mysr», ýagny şähere degişli galalar, «Sawary-mysr», ýagny şäheriň töweregindäki obalar, ekerançylyk ýaly ýerler şäher hökmündemidir ýa-da dälmidir? Bu meselä degişli hem köp alymlaryň aýdan pikirleri bar. Bir mil uzaklykdan artygyny üzür saýanlaryň bolandygy bilen bir hatarda,alty mil, on mil ýaly uzak-uzak aralyklaryňhem üzürsaýylmajagyny aýdanlar-dabolupdyr. Aýratynhem Aýnynyň beýan etmegine görä, Mugaz ibn Jebel (r.a) on bäş parsahlyk bir uzaklygy makul bilipdir. Muňa akyl ýetirmek hem kyn. Bu hasap boýunça, dört parsah bir menzil hasaplanýandygyna görä, üç-dört menzil ýerdenhem juma namazyna gelmeli boljak. Şonça uzaklykda ýaşaýan adam her hepdäniň ýarysyny juma namazyna gitmäge, ýarysyny hem öýüne dolanmaga sarp etmeli boljakdy. Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar ýaly görünýär. Ýoluň uzak bolmagyndan başga juma namazyna gitmezlik üçin ýeterlik sebäp saýylan üzürler-de bardyr. 389-njy hadys ýagmyryň şeýle rugsada sebäp bolup biljekdigini görkezýär. Bu pikir bilen bu hadysy gürrüň beren Ibn Apbas (r.a) hem ylalaşyp, Ibn Siriniň, Ahmet ibn Hanbalyň, Yshak ibn Rahuýanyň hem düşünjeleri şunuň ýaly bolupdyr. Käbirleriniň pikirine görä, ýagmyr üzür bolmasa-da, güýçli ýagmyr juma namazyna gelmezlik üçin üzürdir.

Ymam Mälik ýagmyry üzür saýmaýanhem bolsa, ol dostlarynyň biriniň jynazasyna gitmek üçin ýa-da ölüm ýassygynda ýatan hassasy bar adam üçin juma namazyna gitmezlikde üzür bardygyny aýdypdyr. Mysal üçin, Ibn Omar (r.a) hem Sagyt ibn Zeýdiň bir oglunyň hassa ýatandygyny bileninden soň, juma namazyny terk edip, doganoglanyny zyýarat etmek üçin Medinäniň daşyndaky Akyk diýilýän ýere gidipdir. Ata bilen Ewzaýynyňhem düşünjeleri şunuň ýalydyr. Ymam Şapygy ýogaljak bolýan ene-atasynyň başujynda oturan adamyň juma namazyna gitmezligini bagyşlap boljakdygyny aýdypdyr.

Hasan Basry gorky sebäpli juma namazyny terk etmäge rugsat bardygyny aýtsa, ymam Mälik hem hassa adama we hassa bolmadyk ysgynsyz garry bir goja juma namazynyňparz däldigini bildiripdir. Ebu Mijlez sanjysy bolanyň juma namazyna gelmän biljekdigini aýdypdyr.