488 Hepde-de bir gezek gusul täretini almalydygy hakda

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 488 Hepde-de bir gezek gusul täretini almalydygy hakda

     عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِيَ الله عنه قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (نَحْنُ الآخِرُونَ السَّابِقُونَ يَوْمَ الْقِيَامَةِ ، أُوتُوا الْكِتَابَ مِنْ قَبْلِنَا ، وَأُوتِينَاهُ مِنْ بَعْدِهِمْ ، فَهَذَا الْيَوْمُ الَّذِي اخْتَلَفُوا فِيهِ فَهَدَانَا اللَّهُ، فَغَداً لِلْيَهُودِ وَبَعْدَ غَدٍ لِلنَّصَارَى ) . فَسَكَتَ . ثُمَّ قَالَ: حقٌ عَلَى كُلِّ   مُسْلِمٍ ، أَنْ يَغْتَسِلَ فِي كُلِّ سَبْعَةِ أَيَّامٍ يَوْماً ، يَغْسِلُ فِيهِ رَأْسَهُ وَجَسَدَهُ).

 

Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Biz Ähli-Kitap bilen deňeşdireniňde iň soňky gelenler bolup, kyýamat gününde iň öňde durarys. Ilki olara, soňra-da bize kitap berildi. Allahyň olara parz eden güni şu juma günüdi. Olar bolsa bu barada jedele ýüz urdular. Bize bolsa Allahü tagala bu babatda dogry ýoly görkezdi. Ýehudylaryň ybadat günleri şu günüň ertesi, hristianlaryňky-da birigünidir»diýdi we biraz dymanyndan soň: «Her ýedi günde bir gün1 gusul täretini alyp, başyny we bütin bedenini ýuwmak2 kämillik ýaşyna ýeten we juma namazyna gidýän her bir musulmanyň borjudyr»3 diýip, sözüniň üstüni ýetirdi».

 

1Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda: «Bu juma günüdir» diýilýändigine görä, bu günüň juma günüdigi belli bolýar.

2Bu ýerde ýuwulmagy emr edilýän bedeniň bir bölegi bolan kelläniň aýratyn agzalmagyndaky hikmet ony ýörite nygtamak üçindir. Sebäbi şol döwürlerde başyňy ýaglamak, gowy ysly zatlary çalynmak adat bolup, sahabalar ilki bilen kellelerindäki bu ýaglary ýuwup aýranlaryndan soň, üstlerinden suw akydynardylar.

3Arapça metinde diňe: «Her bir musulmanyň...» diýilse-de, bu jümläni: «Kämillik ýaşyna ýeten we juma namazyna gidýän her bir musulmanyň...» diýip şertlendirmek zerur. Buhary: «Zenan, çaga we beýlekiler kibi juma namazyna gitmeýänlere gusul täretini almagyň gerek bolup bolmazlygy» hakynda açan babynda alty sany rowaýaty beýan edipdir. Zebidiniň «Tejridiniň» metininde şolardan diňe gürrüňini edýän şu hadysymyz ýerleşdirilipdir.

Buharynyň: «...we beýlekiler» diýýänleri juma namazyny okamaga borçly bolmadyk mysapyrlar, gullar, tussaglar, hassalar, körler, düşeginden galyp bilmeýänler ýaly adamlardyr. Bu bapda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilýän bir hadysy-şerifde: «Gusul täretini almaga diňe özleri üçin juma namazy wajyp bolanlar borçludyr» diýilýär. Beýhaky hem bu hadysy Ibn Omaryň adyndan ygtybarly hadys hökmünde beýan edipdir. Bu rowaýat gürrüňini edýän hadysymyzdaky: «Her bir musulmanyň...» diýen umumylygy şertlendirişi ýaly, ýene Ibn Omaryň (r.a) adyndan şu mynasybetli beýan edilen: «Her biriňiz juma namazyna geleniňizde,gusul täretini alyp geliň»diýen merfuw hadys hem gusul täretini almaly adamlary juma namazyna gidýänler bilen çäklendirip, oňa gitmeýänleriň beýle etmäge borçly däldiklerini görkezýär. Şonuň ýaly-da: «Kämillik ýaşyna ýeten her bir kişä juma güni gusul täretini almak... wajyp hökmündedir» diýen sözleri özünde jemleýän we Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a) adyndan beýan edilen hadys (bu hadys 475-nji we 479-njy hadyslar hökmünde öň beýan edilipdi) kämillik ýaşyna ýetmediklere gusul täretini almagyň wajyp däldigini görkezýär. Buhary Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen ýene iki sany hadysy hem şu bapda ýerleşdiripdir. Olaryň biri: «Zenanlaryň gije metjide gitmeklerine rugsat beriň» diýen merfuw hadys bolup, 477-nji hadys bilen manydaşdyr. Bu hadysa görä: «Zenanlara gündiz okalýan namazlara we, şoňa laýyklykda, juma namazyna gitmäge rugsat bermäň» diýildigi bolýar. Şonuň üçinhem zenanlaryň juma namazyna gitmejekdikleri üçin, juma gününiň gusul täretini almak hem olar wajyp däl bolup çykýar. Buhary bu hadysy tassyklatmak üçin Ibn Omaryň (r.a) adyndan gürrüň berlen başga bir hadysy hem beýan edýär. Bu hadysda şeýle diýilýär: «Omaryň (r.a) bir aýaly bardy. Ol ertir we ýassy namazlaryny her gün Metjidi-Şerifde jemagat bilen okardy. Ondan: «Omaryň muny islemeýändigini we gabanýandygyny bilip durkaň, näme üçin metjide çykýarsyň?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Maňa beýtmegi gadagan etmäge oňa näme päsgel berýär?» diýip, soraga sorag bilen jogap beripdir. Ilki sorag beren adamhem: «Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Allahyň gullaryna Allahyň metjitlerine gitmäge päsgel bermäň» diýen sözleri oňa beýle etmäge päsgel berýär» diýipdir».

Bu hadysda «gije» sözi bolmasa-da, Buhary onuňhem şol söz bilen baglanyşdyrylmagynyň gowy boljagyny aňlatmak üçin,şondan öňki hadys, ýagny Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen hadys bilen ýanaşyk ýerleşdiripdir. Soňky hadysda gürrüňi edilen zenan hezreti Omaryň (r.a) aýallaryndan biri bolan Atykabinti Zeýt ibn Amr ibn Nufaýldyr. Ol jennetidikleri Pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan buşlanan on adamyň biri bolan Sagyt ibn Zeýdiň (r.a) aýal doganydyr. Ol, äri namaza çykanda, onuň yzyna düşüp giderdi. Hezreti Omar (r.a) oňa: «Meniň beýle bir zady halamaýandygymy bilýänsiň» diýende, ol hem: «Wallahy, sen maňa gadagan edýänçäň, menhem metjide gelmekden ýüz öwürmerin» diýer eken. Ol hem beýle etmäge Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýaňky sözleriniň päsgel berýändigini aýdar eken. Hezreti Omar (r.a) günleriň birinde mihrapda wagty Ebu Luglugyň zäherli hanjaryndan ýaraly bolanda, aýaly Atykanyň hem metjitde bolandygyny aýdýarlar. Ýöne Aýny ýene Ibn Omar bilen baglanyşykly bir hadysa esaslanyp, zenanlaryň gündizhem metjide gidip biljekdikleri hakda many çykaryp: «Pitnäniň ýüze çykmagy üçin amatly wagt bolan gijesine çykmaklaryna rugsat berleninden soň,gündizine-de rugsat alyp bilmekleri hashem bolup biläýjek zatdyr» diýýär.