487 Her kişi öz golastyndakylaryň çopanydyr, ýagny olary bolmalysy ýaly edip goramaga borçludyr.

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 487 Her kişi öz golastyndakylaryň çopanydyr, ýagny olary bolmalysy ýaly edip goramaga borçludyr.

Jemgyýetiň öňündäki borç we ahyrýetdäki sorumlylyk. Juma namazynyň dürs bolmagynyň şertleri we şerti barada fykyhçy alymlaryň jedelleri

 

      عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ:

( كُلُّكُمْ رَاعٍ ، وَكُلُّكُمْ مَسْؤُولٌ عَنْ رَعِيَّتِهِ ، الإمَامُ رَاعٍ وَمَسْؤُولٌ عَنْ رَعِيَّتِهِ ، وَالرَّجُلُ رَاعٍ فِي أَهْلِهِ وَمَسْؤُولٌ عَنْ رَعِيَّتِهِ ، وَالْمَرْأَةُ رَاعِيَةٌ فِي بَيْتِ زَوْجِهَا وَمَسْؤُولَةٌ عَنْ   رَعِيَّتِهَا ، وَالخَادِمُ رَاعٍ فِي مَالِ سَيِّدِهِ وَمَسْؤُولٌ عَنْ رَعِيَّتِهِ ، قَالَ: وَحَسِبْتُ أَنْ قَدْ قَالَ: ( والرَّجُلُ رَاعٍ فِي مَالِ أَبِيهِ وَمَسَؤُولٌ عَنْ رَعِيَّتِهِ ، وَكُلُّكُمْ رَاعٍ وَمَسَؤُولٌ عَنِ رَعِيَّتِهِ ).

 

(Abdullah) ibn Omar (Allah ikisindenhem razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w):«Her biriňiz çopansyňyz (ýagny goluňyzyň astynda näme bar bolsa, ony bolmalysy ýaly edip goramaga borçlusyňyz) we her biriňiz eliňiziň astyndakydan sorumlysyňyz1. Döwlet adamsy bir çopandyr we öz golunyň astyndakylardan sorumlydyr2. Erkek adam öz maşgalasynyň çopanydyr we öz garamagyndakylardan sorumlydyr3. Aýal maşgala öz äriniň öýüniň çopanydyr (ýagny goragçysydyr)4. Hyzmatkär öz hojaýynyna degişli baýlygyň çopanydyr we eliniň astyndakydan sorumlydyr»5 diýendigini eşitdim.

Ibn Omar ýa-da onuň adyndan rowaýat eden ogly Salym ibn Abdullah şeýle diýýär: «Şonuň ýaly-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w):«Ynsan kakasyna degişli baýlygyň çopanydyr we eliniň astyndakydan sorumlydyr6. Her biriňiz çopansyňyz we her biriňiz eliňiziňastyndakydan sorumlysyňyz»7diýendigini çaklaýaryn».

 

1Bu hadysy-şerif Buharynyň kitabynda biri mewsul, beýlekisi-de muallak hadys hökmünde iki ýoldan rowaýat edilip, bu ýerde getirilen rowaýat olaryň mewsul bolanydyr. Buhary ikinji ýoldan beýan eden rowaýatynyň başynda rawylaryň atlaryny sanap geçende,bir ýerde şeýle diýipdir: «Leýs senede şuny hem goşupdyr: «Ýunus şeýle diýdi: «Ruzeýh ibn Hukeýle öz adyndan Ibn Şyhaba bir hat ýazypdy. Şol döwürde menhem Kurajülgesinde Ibn Şyhabyň ýanyndadym. Ruzeýh öz hatynda: «Ýanymdaky işçilere bu ýerde juma namazyny okatmagymy mynasyp görýärmisiňiz?» diýip soraýardy. Ruzeýh Eýle şäheriniň wälisidi (hökümdarydy). Şonuň ýaly-da,ol bu welaýatyň çägindäki bir ýerde ekerançylyk bilen meşgullanýan bir amyldy. Şol ýerde sudanlylardan we beýlekilerden ybarat bir jemagathem bardy. Ibn Şyhap jogap hatyny ýazdy. Ol ýazan hatyny okanda,menhem eşitdim. Ibn Şyhap bu hatynda Ruzeýhe ýanyndakylara juma namazyny okatmagyny emr edýärdi we Ibn Omaryň (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w): «Her biriňiz çopansyňyz we goluňyzyň astyndakylardan sorumlysyňyz... (yzy şu hadysdaky ýaly)diýendigini onuň ogly Salymdan eşidendigini habar berýärdi».

Kura jülgesi Şam tarapda we Medinäniň golaýynda ýerleşýän bir ýerdir. Eýle diýilýän ýer bolsa Gyzyl deňziň (Bahry-Ahmer) demirgazygynda Süweýş aýlagynyň garşysyndaky Akaba aýlagynda ýerleşen bir şäher eken. Ol soň-soňlar harap bolup gidipdir.

«Çopan» diýip terjime edilen «raai» sözi haýsydyr bir zada gözegçilik edip, bar yhlasyň bilen goramagy aňladýar. Çopana-da «raai» diýilmegi onuň öz bakýan mallaryny otlatmaga, möjekden goramaga, kesellemezlikleri barada alada etmäge borçly bolany üçindir. Kimiň golastynda adamdan, haýwandan, emläkden näme bar bolsa, buadam şolaryň çopany, golastyndakylarhem onuň elgaramalary bolýarlar. Şonuň üçinhem çopan bolmadyk, bu wezipäni ýerine ýetirişinden Allahü tagalanyň öňünde sorumly bolmadyk bir kişi-de ýokdur.

2Döwletiň wezipesi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlamak, hökümleri ýerine ýetirmek bolup, ol hökümleriň arasynda juma namazyny okatmak hem bardyr. Bu hadysyň Buhary tarapyndan juma namazyndan sözaçýan hadyslaryň arasynda ýerleşdirmeginiň hikmeti-de şondan gelip çykýar.

3Erkek adamyň öz maşgalasynyň çopany bolmagy onuň maşgala agzalary babatda gowy syýasat ýöredip, isle ýaşaýyş üçin zerur zatlara, isle egin-eşige, isle-de gowy gatnaşyga bolan haklaryny gözden salmaly däldiginiaňladýar.

4Aýal maşgalanyň äriniň öňündäki borjy öýüni gowy edip dolandyryp, äri babatda hoşniýetli bolmakdan, äriniň baýlygyny gorap saklamakdan we oňa hyýanat etmekden saklanmakdan ybaratdyr.

5Hyzmatkäriň hojaýynynyň öňündäki borjy onuň baýlygyndan özüne ynanylan zadyň hemmesini goramak, ýerlikli talap edýän hyzmatlaryny kemçiliksiz ýerine ýetirmekdir.

6Kakasynyň baýlygyna oglunyň göz-gulak bolmalydygy şübhesizdir. Ol bu babatdaky borçlaryny ýerine ýetirişi barada Allahü tagalanyň öňünde sorumlydyr.

7Her bir kişi çopan we sorumly bolýan bolsa,maşgalasy, hyzmatkäri bolmadyk adam kimiň çopanydyr we kim üçin jogap berer? Her kim bir tarapdan çopandyr we bir tarapdanhem elgaramadyr. Jemgyýetiň her bir agzasy başgasynyň ýa özüniň, ýa-da baýlygynyň çopanydyr. Öz garamagynda hiç kim bolmasa-da, ol islendik adam, iň bolmanda, öz beden agzalarynyň we duýgularynyň çopanydyr. Bulary aýap saklamak bilen, olary Allahyň razylygyna sebäp boljak işlerde ulanmaga borçludyr we şol wezipesini gowy edip ýerine ýetirmek ýa-da ýetirmezlik babatda sorumlydyr.

Bu hadysy-şerif bilen Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilip, bu kitabagirmedik başga bir hadysy Buhary, şäherlerde bolşy ýaly, obalarda-da juma namazynyň okalmalydygy ýa-da okalmaly däldigi hakynda alymlaryň arasynda ýüze çykan meşhur jedele degip geçmek üçin bu ýerde ýerleşdiripdir. Bu tekstdäki hadysyň ýokarda terjimesi berlen goşmaçasyna görä, Ruzeýh ibn Hukeým amyllyk edýän ýerinde juma namazynyokadyp biljekdigini ýa-da bilmejekdigini Zühriden sorapdyr. Ol hem Ruzeýh bu namazy okatmadyk ýagdaýynda, bu hadysyň hökümi boýunça, sorumlyboljagyny yşarat eden bolup çykýar. Mewsul hadys hökmünde beýan edilen beýleki hadysda-da Ibn Apbas (r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w) Metjidi-Şeribinde okalan juma namazlaryndan soňra bu namazyňokalan ilkinji ýeriBahreýnde ýerleşýän GuwasadakyAbdylkaýs metjididir» diýýär. 49-njy hadysdanhem görnüşine görä, abdylkaýs tiresi yslam dinine ilkibaşda giren bir tire bolup, Allahyň Resulynyň (s.a.w) Beýik zamanasynda,heniz wahyinip durka hiç bir kişiniň öz-özünden bir şerigat emrini toslamajagy ýa-da ýatyrmajagy mälim bolansoň, Buhary bu iki hadysy beýan etmek bilen obada juma namazyny okamaga rugsat beren alymlaryň düşünjesini goldaýandygyny görkezmek isläpdir. Bu iki hadys bilen juma namazy hakdaky şolara meňzeş beýleki hadyslar müjtehit alymlaryň arasynda juma namazy bilen baglanyşykly üç sany möhüm meseläniň örboýuna galmagyna sebäp bolupdyr: 1) Juma namazy nirelerde okalyp bilner?; 2) Juma namazy näçe kişi bilen okalyp bilner?; 3) Juma namazyny okamak üçin döwletiň rugsady şertmidir ýa-da şert dälmidir?

1) Ymam Mälige görä, metjidiwe bazary bolan her bir obada juma namazyny okamak wajypdyr. Sanlary az bolsa-da, köp bolsa-da, çarwalar (çadyrda ýaşaýanlar) üçin (mysapyr hökmündedikleri sebäpli) juma namazyny okamak parz däldir.

Ymam Şapygy bilen Ymam Ahmede görä, (isle şäher atlandyrylsyn, isle-de oba) haýsy obanyň oturymly ilatynyň arasynda azat we kämillik ýaşyna ýeten kyrk sany erkek adam tapylsa, şolar üçin juma namazyny okamak wajyp bolar. Obadaky öýleriň daşdan, gamyşdan salnan bolmaklary parhetmez. Ýöne öýler bir ýerde ýerleşmelidir. Öýler dagynyk we biri-birlerinden uzakda ýerleşýän bolsalar, juma namazyny okamak dogry bolmaz. Çarwalar babatda aýdylanda bolsa, gyşda, tomusda göçüp-gonup ýören bolsalar, olaryň juma namazyny okamaklary dogry däl. Gyşda we tomusda şol bir ýerde galýan bolsalar, onda bu babatda ymam Şapygydan iki söz gelip ýetipdir. Onuň aýdan birinji sözüne görä, juma namazynyokamakolara wajyp däl. Okasalar-da,namazlary dogry bolmaz. Ymam Mäligiň düşünjesi-de şunuň ýalydyr. Ikinji sözüne görä, juma namazy olara wajypdyr we okamaklary dogrudyr. Ymam Ahmet bilen Dawut Zahyry-da bu pikir bilen ylalaşypdyrlar.

Ymam Ebu Hanifä görä bolsa, juma namazyny diňe köp ilatly şäheriň içinde ýa-da şäheriň daşyndaky namaz okalýan ýerlerde okamak dogry bolup, obalarda bu namazy okamak ýerlikli däldir. Juma namazy haj döwründe Mina dagynda okalyp bilner. Ýöne bu ýagdaýda hajylaryň başynda duran emiriň haj emiri bolmagy ýa-da şol döwletiň bellän bir adamsynyň mukym hökmünde şol ýerde bolmagy şertdir. Ymam Muhammede görä bolsa, Minadajuma namazyny okamak dogry bolmaz. Juma namazynyň Arafatda okalmajakdygy bilen bolsa hemme alymlar ylalaşýarlar.

Soňra hanefi mezhebiniň alymlary we fakyhlaryşäher nokadynyň nähili bolmalydygy barada jedel edipdirler. Ymam Ebu Ýusuba görä, nirede dürli-dürli hünärlere eýe bolan hünärmenler ýaşaýan bolsa we adam ýaşaýyş üçin adatça zerur bolan zatlary tapyp bilýän bolsa, şonuň ýaly-da, şol ýeriň hökümleri ýerine ýetirýän bir häkimi bar bolsa, şol ýer şäherdir. Käbirleri ýaşaýjylarynyň sany on müňe baran, başga birleri on müň esger çykaryp bilen, ýene birleri-de münberi we häkimi bolan ilatly nokadyň şäherdigini aýdypdyrlar. Käbir fykyhçyalymlar iň uly metjidi ýaşaýjylarynyň hemmesini ýerleşdirerden kiçi gelýän, başga birleri-de,bir hünäriň eýesini,ol başga bir hünär bilen meşgul bolmaga mejbur bolmazdan, esasy hünäriniň hasabyna zerur zatlary bilen üpjün edip bilen ilatly nokadaşäher diýmek bilen,şäheriň ululygynyň nähili bolmalydygyny aňladypdyrlar. Ymam Muhammet bolsa munuň ýaly aňlatmalara we çaklamalarazerurlyk görmän, döwletiň şäher diýip atlandyran ýeriniň şäherdigini aýdypdyr. Hatda döwlet bir gullukçysyny bir wezipäni ýerine ýetirmegi üçin bir oba ýollasa, ol oba şäher hasabyna geçip biler. Gullukçy şol ýerde bolan wagtynyň dowamynda juma namazyny okadar. Gullukçy wezipesinden boşadylsa, onda ýene oba manysyna eýe bolar we ol ýerde juma namazy okalmaz.

Jumanyň obada okalmajakdygy babatda ymam Ebu Hanifäniň delili hezreti Alynyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Juma namazy-da, baýram namazy-da şäheriň juma metjidinden başga ýerde okalmaz» diýen hadysy-mürseldir. Bu hadysyňAbdyrrezzakbilen Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitaplarynda doly däl rawylar zynjyry bilen, Ibn Ebu Şeýbäniň kitabynda-da başga bir ýoldan ygtybarly hadys hökmünde beýan edilişi ýaly,ymam Muhammet hem ony Mugaz Ibn Jebeliň we Suraka ibn Mäligiň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan merfuw hadys hökmünde beýan edipdir.

Bu pikir bilen ylalaşmaýanlaryň Ebu Hanifäniň garşysyna getirýän delilleri bolsa, Ebu Hüreýräniň (r.a) Bahreýniň amylywagty hat üsti bilen hezreti Omardan (r.a) rugsat soramagyna jogap hökmünde halifiň: «Nirede bolsaňyzhem juma namazyny okaň» diýmegidir. Omar ibn Abdyleziz hezretleri-de öz emirleriniň birine ýazan hatynda: «Göçüp-gonup ýören çarwalara degişli bolmadyk haýsydyr bir oba babatda aýdylanda bolsa, ol obanyň ilatyna juma namazyny okadar ýaly, bir emir belle» diýipdir.

Olar Buharynyň kitabynda ýerleşdirilip, bu ýerde gürrüňleri edilýän iki hadysda-da, bu düşünjelerini goldap biljek bir many tapýarlar. YmamMälik hem: «Mekge bilen Medinäniň aralygyndaky suwlaryň başlarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) sahabalary juma namazyny okadarlardy» diýipdir. Onuň gürrüňini edýän ýerlerinde bolsa hiçbir şäher ýokdur.

Hanefi mezhebinden bolup, Buharynyň kitabyna tefsir ýazan Aýny çöllerde, sähralarda juma namazyny okamaga rugsat berilmeýändigini göz öňünde tutup,hezreti Omaryň (r.a) ýokardaky: «Nirede bolsaňyzhem» diýen sözlerine: «Haýsy şäherde bolsaňyzhem» diýen manyny berýär. Ol Omar ibn Abdyleziziň pikirini delil hasap etmeýär. Aýny Buharynyň kitabyndaky hadyslaryň hanefi mezhebini tassyklaýandyklaryny aýdypdyr. Sebäbi Eýle diýilýän ýer Gyzyl (Gulzum) deňziň kenaryndaky bir port, ýokarda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen hadysdan getirilen bölekde ady tutulýan Guwasa-daEhsäniň we Katyfyň golaýyndaky abdylkaýs tiresine degişli bir galadyr. Olar aslynda oba-da bolsalar, döwlet tarapyndan bellenilen emirleri bolany üçin,şäher hasap edilipdir. Şäher hasaplanýan oba bolsa eýýäm oba bolman, şäher hökmündedir. Bu tefsirçi Aýnynyň pikiridir.

Taraplaryň biri-birleriniň garşysyna getirýän başga-da delilleri bar. Ýöne olaryň hemmesini agzap geçmek bu düşündirişiň çäginde mümkin däl.

2Juma namazynyň dogry okalmagy üçin oňa näçe adamyň gatnaşmalydygy barada-da jedel ýüze çykypdyr. Ymam Şapygy bilen ymam Ahmede görä, juma namazyny okamak üçin akly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten we azat bolan azyndan kyrk sany erkek adamyň bolmagy şertdir. Ymam Ebu Hanife: «Biri ymam, beýlekileri-de jemagat bolmak bilen dörtsany erkek adam bilenhem juma namazy okalyp bilner» diýýär. Ymam Mälik agzalarynyň sany kyrkdan az jemagat bilenhem juma namazyny okap boljakdygy aýdyp, üç ýa-da dört diýip, belli bir sanyň belli edilmeginiň wajyp däldigini nygtapdyr. Ymam Ewzaýy bilen ymam Ebu Ýusup biri ymam, ikisi oňa uýup namaz okaýan kişi bolmak bilen, üç kişiniň-de juma namazyny okap biljekdikleri bilen ylalaşypdyrlar. Şapygy mezhebiniň alymlarynyň biri bolan Ebu Söwr babatda aýdylanda bolsa, ol juma namazyny-da beýleki namazlardan tapawutlandyrmaýar. Adaty bir parz namazynda bir ymam bilen oňa uýup namaz okaýan bir kişiniň jemagaty emele getirişleri ýaly, juma namazyny-da biri hutba okamak şerti bilen iki kişi okap biler. Olaryň biri hutba okanda, beýleki diňlär. Biri ymam bolar, beýleki-de oňa uýar. Bu Ebu Söwrüň pikiridir. Ybraýym Nahaýynyň, zahyry mezhebindäkileriň we Hasan ibn Haýýyň düşünjeleri-de şunuň ýalydyr.

Ýokarda ady tutulan alymlaryň herbiriniň öz salgylanýan delilleri bar. Meselem, ymam Şapygy «SüneniEbu Dawut» kitabynda Abdyrahman ibn Kagp ibn Mälik Ensarynyň adyndan beýan edilen hadysa salgylanýar. Bu hadys 478-nji hadysyň birinji düşündirişinde getirilipdi. Onda Abdyrahman ibn Kagp kakasyndan Esat ibn Zuraranyň (r.a) okadan ilkinji juma namazyny näçe adam bolup okandyklaryny soraýar. Ol hem kyrk adam bolup okandyklaryny aýdýar. Bu hadys Ibn Maje bilen Beýhakynyň «Sünen» atly kitaplarynda-da, Ibn Hybbanyň «Sahyh» atly kitabynda-da, Hakimiň «Müstedrek» atly kitabynda-da bar. Hatda Hakim bu hadys hakda: «Müslimiň şertine görä sahyhdyr» hem diýýär.

Abdullah ibn Mesgudyňhem (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize juma namazyny okatdy. Kyrk kişidik» diýen bir sözi bar. Ýöne bu hadysalaryň ikisinde-de juma namazyny okanlaryň kyrkdygy aýdylýanhem bolsa, ol sanyň şertdigi barada delil ýokdur. Has az sanly adamlar bilen okalan juma namazy dogry bolup,bu iki wakada tötänden kyrk sahaba jemlenen bolup biler. Şonuň ýaly-da, Zühriniňhem: «Allahyň Resuly (s.a.w):«Kuran okatsyn»diýip, Musgapibn Umaýry Medinä ugradanda, olarajuma namazyny okatdy. On iki kişidiler. Şonuň üçin hem Musgap Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinä göçüp barmazyndan öň juma namazyny okadan ilkinji adam bolýar» diýenhem bir sözi bar.

Şapygy mezhebiniň alymlaryndan Müzeni bu san meselesinde ymam Şapygy bilen ylalaşmandyr. Oňa-da deliliň, onuň pikiriçe, hakykatdanhem ynandyrmaýandygy sebäp bolupdyr.

3Ymam Ebu Hanifäniň aýtmagyna görä, döwletiň rugsady bolmazdan okalan juma namazy dürs bolmaz. Ymam Mälige, ymam Şapyga we ymam Ahmede görä bolsa rugsatsyz okamazlyk mustahap bolsa-da, ony rugsatsyz okamakda-da dürs bolmagyna päsgel berýän bar zat ýok. Ýöne ymam Ahmetden gelip ýeten başga bir söze görä, onuň Ebu Hanife bilen ylalaşandygyny Aýnynyň belläp geçişi ýaly, ol ymam Mäligiňhem: «Döwletiň rugsady bolmazdan,biriniň juma namazyny okatmagynarugsat berilmez» diýendigini aýdýar. Şonuň ýaly-da,ymam Şapygynyň ir döwürde aýdan sözleriniň birine salgylanyp: «Diňe döwletiň ýa-da onuň rugsat beren adamsynyň yzynda durup okalan juma namazy dürs bolup biler» diýýär.

Rugsatsyz juma namazynyň okalmajakdygyny aýdanlaryň delili Allahyň Resulynyň (s.a.w) Ibn Majäniň kitabynda Jabyryň (r.a) adyndan beýan edilen hutbasydyr. Bu hutbany Bezzaryňhem Jabyryň (r.a) adyndan beýan edişi ýaly, Tabarany-da «Ewsat» atly kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan şol manydaky bir hadysy rowaýat edipdir. Bu hutbada: «... Birem bilip goýuň, Allah Jelle we AglaHezretleri meniň şu duran ýerimde, şu ýylymyň şu aýyndaky şu günümde size juma namazyny kyýamat gününe çenli parz edendir. Her kim men dirikämhem, menden soňra hem adyl, zalym bir ymamy barka, ony äsgermän, terk etjek bolsa, Allah iki ýakasyny bir ýere getirmesin we oňa degişli hiç bir işi mübärek kylmasyn. Bilip goýuň, beýle eden adam toba edýänçä, oňa ne namaz, ne zekat, ne haj, ne oraza, ne-de başga bir eden haýyrly işiniň sogaby bardyr. Kim toba etse, Allah tobasyny kabul etsin (ýa-da eder)»diýlipdir. Jabyryň (r.a) bu hadysy zaif (rawylar zynjyry kemçilikli) bolmak bilen birlikde, Aýnynyň aýtmagyna görä, Ibn Omaryňhem (r.a) şeýle manydaky bir rowaýatynyň bolany üçin,belli bir güýje eýe bolýar.

Bularyň garşydaşlary bolsa: «Osman (r.a) Medinede daşy gabalgy galanda, şol günki sahabalara we tabygynlarajuma namazyny Aly (r.a) okatdy. Ol döwürde Osman (r.a) ymamdy, ýöne Alynyň (r.a) namazy onuň rugsady bilen okandygyna degişli hiçbir rowaýat ýok» diýýärler. Muňa garamazdan, hanefi mezhebiniň alymlarynyň bu düşünjesini tassyklaýan beýleki alymlardan gelip ýeten rowaýatlarhem az däl. Yrakly fykyhçyalymlardan Ibn Münzir: «Öňden bäri juma namazyny döwlet ýolbaşçysynyň ýa-da onuň emri bilen bellenen adamyň okatmagy däp bolup gelipdir. Olar tapylmasa, halk öýle namazyny okar» diýipdir. Basra şäheriniň ymamy Hasan Basry hem döwletiň haky bolan dört zatdan biriniň juma namazydygyny aýdypdyr. Kufeli fykyhçyalym Habyp ibn Ebu Sabyt bilen Şamdan bolan müjtehit alym Ewzaýy: «Rugsatsyz we hutbasyz juma namazy bolmaz» diýipdir. Bu babatda Ebu Hanifeden öň ýaşap geçen bu beýik müjtehit alymlar ýaly, Muhammet ibn Mesleme Ensary (r.a) bilen Omar Mäligiňhem pikirleri şonuň ýaly bolupdyr.

Ahmet Naimiň terjimesini we düşündirişleriniň şu jildini çapa taýýarlan Kämil Miras bu aýdylanlaryň üstüne şuny goşupdyr: «Juma namazynyň döwletiň rugsady bilen okalmalydygynyň şertdigi barada hanefi mezhebiniň alymlarynyň nukdaýnazary örän dogrudyr. Jabyrdan we Ibn Omardan gelip ýeten hadysy-şeriflerde göz öňünde tutulýan maksat milli bitewiligi üpjün etmekdir. Fykyh kitaplaryndan belli bolşuna görä, juma güni toplanan bir jemagatyň öňünde hutba okamagyň abraý gazanmaga sebäp saýylmagy bilen her bir kişiniň bu abraýy özi gazanjak bolup, münbere tarap dyzamagy we hutba okamaga isleg bildirýänler köp bolup, olaryň arasynda dörejek duşmançylyga sebäp bolmagy örän mümkin zatdyr. Bu dini wezipäniň hiç hili dawa-jenjelsiz ýerine ýetirilmegini diňe döwletiň bellän bir hutbaçysynyň juma namazyny okatmagy bilen üpjün edip bolar.

Merhum terjimeçi bu ýerde bize, hanefilere görä juma namazynyň dürs bolmagynyň şertleri saýylan şäher, jemagat, rugsat şertlerini düşündiripdir. Bu üç şertden başga ýene üç şert hem bar: wagt, hutba, izni-am. Bulara-da 491-nji, 500-nji hadysy-şeriflerde düşündiriş berler».