486 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) juma güni ertir namazynyň rekagatlarynda okan süreleri

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 486 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) juma güni ertir namazynyň rekagatlarynda okan süreleri

 

    عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقْرَأُ فِي الْجُمُعَةِ فِي صَلاَةِ الْفَجْرِ  آلم تَنْزِيلُ  السَّجْدَةَ وَ  هَلْ أَتَى عَلَى الإِنْسَانِ.

 

Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) juma güni ertir           namazynyň birinji rekagatynda: الم * تَنْزِيلُ= «Elf. Läääm. Miýýým. Tenziýlü...»(«Sejde» süresiniň 1-nji aýaty we 2-nji aýatynyň başy), ikinji rekagatynda-da:هَلْ أَتَى عَلَى الْإِنْسَانِ = «Hel etä alel-insäni...»(«Insän» süresiniň 1-nji aýatynyň başy) süreýi-şeriflerini okardy»1.

 

1Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu iki süräni juma günleri ertir namazynda okamagynyň hikmeti, olaryň Adam alaýhyssalamyň ýaradylyşyndan we kyýamatda boljak zatlardan söz açýandyklary bilen baglanyşyklydyr. 478-nji hadysyň düşündirişlerinden mälim bolşuna görä, Adam alaýhyssalamyň juma güni ýaradylyşy ýaly, kyýamat hem juma gününde gopjakdyr.

Bu hadysy Müslim öz kitabynda Abdullah ibn Apbasyň, Ibn Maje öz kitabynda Sagt ibn Ebu Wakgasyň, Ibn Maje bilen Tabarany öz kitaplarynda Ibn Mesgutdyr hezreti Alynyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan şu görnüşde beýan edipdirler. Hatda, Tabaranynyň öz kitabynda Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Muny mydama şeýle ederdi» diýen goşmaça-da bar. Şoňa laýyklykda,bu iki süräniň juma gününiň ertir namazynda okalmagy Şapyga, Ahmede, Yshak ibn Rahuýa, sahabalardan we tabygynlardan köpsanly alymlara görä, mustahapdyr.Namaza gelen jemagatyňaljyramazlygy üçin, içinde sejde aýaty bolan bir süräniň namazlarda okalmagyny ymam Mäligiň mekruwh hasaplandygy «Meduwne» atly kitapda beýan edilýär. Mäliki mezhebiniň käbir alymlary bu ýerdäki rowaýatyňygtybarlydygyna bakyp, daşyňdan okalýan namaz bilen içiňden okalýan namazy biri-birinden tapawutlandyryp, diňe içiňden okalýan namazda içinde sejde aýaty gelýän süräni okamagy mekruwh hasaplamakçy bolsalar-da, «SüneniEbu Dawut» kitabynda beýan edilen bir ygtybarly rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir öýle namazy wagtynda, içinde sejde aýaty bolan bir süräni içinden okap, özlerine sejde etdirendigi Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilişine görä, bu çaklama ýol galmaýar. Mäliki mezhebinden Ebu Bekr ibn Araby: «Ymamyň muny mydama däl-de, köplenç ýagdaýda okamagy we, ýönekeý adamlaryň bu süräni okamagyň parz ýa-da sünnetdigi barada howsala düşmezligi üçin,aralygynda başga süräniň okalmagy gerekdir» diýýär. Şapygy mezhebiniň alymlarynyň esasy köplüginiň pikirine görä, ymam juma gününiň ertir namazynda içinde sejde aýaty bolan «Sejde» süresini okamakçy bolan ýagdaýynda,sejde aýaty gelen ýerde jemagat hem sejde etmelidir. Ymam, sejde etrmegiň mümkin bolmagy üçin, başga bir sejde aýatynyokasa, namazy batyl bolar. Tutuş süräni okamaga wagty ýok bolsa, ol onuň bir bölegini ýa-da, hiç bolmanda, sejde aýatyny okamak bilen çäklener. Ymam birinji rekagatda «Sejde» süresini okamagy unutsa, ikinji rekagatda ony «Insän» süresi bilen birlikde okamak sünnetdir. Ine, bu şapygylaryň pikiridir.

Kufeli alymlara görä bolsa, belli bir süräni ýa-da aýaty belli bir wagt namazyna degişli etmek, meselem, «Sejde» we «Insän» sürelerini her juma güni (göýä beýtmek wajyp ýa-da başgasyny okamak mekruwh ýaly) okamak mekruwhdyr. Ýöne aralygynda başga süreleri-de okamak şerti bilen bu iki aýaty Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden işine boýun egmegiň nyşany hökmünde juma güni sogap gazanmak niýeti bilen okamakda halanmaýan bir zat ýokdur. Bu kufeli alymlaryň pikiridir.

Bu aýdylanlar her juma gününiň ertir namazy hakyndadyr. Eýsem juma bilen baýram namazlarynda okalmagy sünnet bolan süreler haýsylarka? Juma namazlarynda «Gaşiýe» süresi bilen «Juma» süresi, «A’lä» süresi bilen, «Juma» süresi, «Mükäfikuwn» süresi bilen «Juma» süresi, şonuň ýaly-da, baýram namazlarynda «A’lä» süresi bilen «Şems» süresi, «A’lä» süresi bilen «Gaşiýe» süresi, «Kaf» süresi bilen «Kamer» süresi okalýar. Iki baýram namazyna gabat gelen «Juma» namazynda «A’lä»,«Gaşiýe» süreleri okalýar. Bularyň her biri barada «SahyhyMüslimde», «SüneniTirmizide», Tahawynyň kitabynda ygtybarly rowaýatlar bar.